garlawac
29.05.2024 18:34
Meni häli-häzirlerem byjyklap,
Senli günleň gujagyna getirýän,
Götermeklik arzuwymdy iň eziz,
Seniň familýaň.
Bir ýazgyda sataşaýsam tötänden,
Kän zatlaryň başyn alyp otyrýan,
Maňa eziz şunça adyň içinden,
Seniň familýaň.
Hemişe şu pursat ýetdi dadyma,
Aýna bakyp goşup gördüm adyma,
Hatda adymdan öň düşýär ýadyma,
Seniň familýaň.
Arzuwlar bir başga, durmuş bir başga,
Göwnüň gökde bolýar, gögele ýaşda,
Soň utduran zadym boldy durmuşda,
Seniň familýaň.
— Ogulnur Ataýewa.
24
181
garlawac
25.05.2024 02:27
“Dost” diýlen söz öňýetene diýilmän,
Diňe çyn dostlara diýilen güni.
Her bir görýän zatlaryna uýulman,
Dine, türkmenlige uýulan güni.
Ähli ýagşy zatlar öňe sürülip,
Ýaramaz zatlardan irilen güni.
Her bir kelläň sygýan ýerne girilmän
Metjit, kitaphana girilen güni.
Bu dünýäden gidensoň däl, bar wagty
Saklananda ene-ataň sarpasy.
Döwre görä dar ýa açyk geýinen
Özüne çekmese gyzlaň “arkasy”
Ýigitler tüýs ýigit çykyp, gyzlaryň
Namysyny baýdak edinen güni.
Gelinler oňuşyp gaýyny bilen
Onuň adyn aýdym edinen güni.
Kirpik, dyrnak hem boteks-gyzlaryň
Durmuşyndan sumat bolsa soňunda.
Münende diňeje hakyny alyp
Taksistlaram akyl satman oňanda.
Parh goýup adamlar türkmen diline-
“Ejjeň” sözün goşman geplenen güni,
Kaddy-kamat diýip agyz beklemän
Haýyr-sogap üçin beklenen güni
Iň soňy-bolsa-da nämeler-näler,
Ynsanyň “Alla” diýp eplenen güni
Düzeler älem…
Baky AMANÝAZOW.
23
101
garlawac
22.05.2024 23:16
***Meniñ söýgim bulut satyn alanyñka döndi: Ne ýüregim galdy, ne söýgim.
***Yşga ýugrulmasa, gözelligiň bir şaýydyr.
***Ýyldyrym bolup gel,sil,tüweleý bolup gel! İň gowusy,özüň bolup gel!
*** Sen ỳüregime urlan hanjardanam beter bolduň. Hanjary sogrup bolỳar.Sen ölemde-de ỳüregimden sogrulmarsyň.
*** Sen ýola çykdygyň, garşyňdan çykan şemal ýüzüňi sypaýar. Men şo ötegçi şemalça-da bolmadym.
*** Akja gar tozgajyklary söýgülimiň ýaňajyklarynda yz goýup gitdi.
***Meni söýmân şunça ýakyp-ýandyrýaň, eger söýen bolsaň dagy külüm ýele sowrular giderdi.
*** Ýazda geler, güýzde geler öýdüp garaşa-garaşa ömrüñ gyşyna ỳetdim.
*** "Henizem gözleriňde ýyldyrym çakýarmy?"diýip ýazypsyň.Hawa,heniz-henizlerem ýyldyrym çakýar,ýöne diňe özümi ýakýar.
*** İkimiz boş lifte münenmizde bir ses geldi:İki adamlyk lifte dört bolup münýâňiz.
*** Biz jandan söýüşdik. Duýdansyz ýagyşda ezile saçlaryň gözümde şekil bolup galypdyr. İndi ýagyş ýagdygy şo saçlar ezilýândir öýdüp gorkýan.
*** "Aýalaryň şeýle gyzgyn." diýýâdiň. Ýüregimiň howry aýamdan çykýar.
*** Aglama, aglama! Ajy ýaşlar gözleriň garasyny solduraýmasyn.
*** Oýmak ýaly ýüreklije guş dünýâni aýlanarmyş. Biz ýüreklerimiziň ululygyndan uçan dâldiris
***O gözele çekinmän bakyp bilýän diňe aýnadyr.
***Yşk-ölmek, direlmekdir.körlük we wepadyr.
***Uzyn boýly diýseň, boýuma guwandym, akylly diýseň, aklyma guwandym. Saňa bolsa düỳpden başga zat gerek ekeni.
***Seni söỳỳänim üçin dara çekjek boldylar. Dar agajy gysga geldi.
***Gel diýdiň–geldim, git diýdiň–gitdim, dur diýdiň–durdum. Indi diňe öl diyerňe garaşyp ýörün.
***Hemmeler: "Söýýâniň gowy gyz" diýýâr."Seni söýýârmi?" diýen bolmady.
Oraz Ýagmyr
,,Yşk damjalary"
dowamy bar
37
246
garlawac
21.05.2024 11:19
Gök eýwana çykdyň ak jaýdan parlap,
Gaşy gylyç, göreçleri okly gyz.
Bakdyň welin, duşaklandy aýagym,
Bu nätdigiň boldy, bokurdakly gyz?
Ulaldyp aýdamok, çykamok çenden,
Ýasalana-a dälsin zybrygyn tokdan?
Ýa-da şu durşuňa indiňmi gökden,
Nirden aldyň bu syraty, şekli gyz ?
Birdem ýalkym atdy çägesow köçe,
Gitdiň. Boşap galdy eýwanyň içi.
Topukdan ýokarda tans edýän saçy,
Sypamaga kim bolarka hakly gyz ?
- O gyz kim?
Diýdiler : ,,Geljekki wraç"
Başym ýaýkap galdym, ýok başga alaç,
Men-ä ir dogulýan, senem juda giç -
Bolýan işe seret, al ýaňakly gyz ?!
Bolsaňam biz üçin näçe elýetmez,
Gumsalt köçe bilen gögümtil atlaz,
Indi, ömür boýy gözümden gitmez
Derek boý, giň maňlaý, giň gursakly gyz!
Berdinazar Hudaýnazarow
29
93
garlawac
20.05.2024 23:38
- Söýýäniň çynyňmy?
- Diýýäniň näme,
Ýeke gün görmesem aňkam aşýa-da,
Bilemok içýänim, iýýänim näme.
- Garaz iýip-içýän bolsaň bolýa-da,
-Iýýän.
Ýöne iýip-içýän zadymyň,
Nirä gidýäninem bilemok, Läle
Ine şeýleräjik başlanýar gürrüň,
Özem näçe sagat etse-de dowam,
Berilýän ýene-de şol öňki sowal,
Eşdilýän ýene-de şol öňki jogap:
- Söýýäniň çynyňmy?
-Çypbakaý çynym.
-Diýýäniň çynyňmy?
-Çypbakaý çynym.
Bu juda myssyjak sorag jogabyň
Ne-hä bir burçy bar, ne-de bir duzy.
Ýaňy gyz ýigide sorag berýärdi,
Indi sorag berýär ýigidiň özi:
- Wepaly bolarmyň?
- Bolaryn, a sen ?
Wepaly bolmaga ant içilýär soň.
Gürrüň gutarýanam bolsa antdan soň,
Ýene-de başlanýar biraz wagtdan soň
- Antyň çynyň gerek?
- Çypbakaý çynym.
Seniňkem çyn gerek ?
- Çypbakaý çynym.
Bu gün ant içmäge geçilýän bolsa,
Ertir antymyz hem tutmansoň derek,
Görýän weli bir-biregiň öňünde,
Borçnama baglanşyp başlasak gerek.
Belki-de, dil haty talap ediler,
Ýa bolmasa ullakan bir şertnama.
Şonda bir-birekden sowaşsalar-da,
Hiç birisi dözmez ony ýyrtmaga...
Kim bilýärmiş, bardy-geldi, birdenkä,
Dogry bolup çyksa bu edýän çenim,
Kagyz çykarýanlar täze borçnama
Almaly bolarlar,
Çypbakaý çynym 🤓
B.Hudaýnazarow
31
133
garlawac
19.05.2024 18:32
,,Melikäm" diýip söýeniňe degmedim,
Maña dünýä başga ýollar ündeýä.
Sähel ünji, gözýaşyma dözmezim,
,,Elýetmezim" diýme maña indi, ýar.
Saña aýdylmadyk sözlem ar alar,
Gursagyma sanjy bolar kineleň.
Ýüregim dymjygar, dünýäm daralar,
Kem-kem başlar gussalarym şineläp
Täsirin ýitirer owadan sözler,
Sonra goşgulamdan göwnüm içmez suw.
Mañlaýyna ýygyrt düşürer ýazlar,
Gursagymda garrap gider sol arzuw.
Gyz göwnüm sähelçe ünsüne mätäç,
Gel, ezizim, ellerimden tut mäkäm❤️...
Ogulnur Pirjikowa.
22
89
garlawac
18.05.2024 20:07
Kän zatlaň sygmany üçin öýmüze
Daşaryny öýe salasym gelýär.
Hala çopantelpek, hala jümjüme,
Daşaryny öýe salasym gelýär.
Gülleri, guşlary... ýekänme-ýekän,
Kitaphana, kafe, ýa eşik dükan,
Bolmanda nä otaglarmyz ullakan,
Daşaryny öýe salasym gelýär.
Aýy, ýyldyzlary, gijeligi hem,
Ýap boýdaky alma-igdeligi hem,
Jaýyňyz gelşikli diýmeseler hem,
Daşaryny öýe salasym gelýär.
Kakamjanyň guran ussahanasyn,
Giňişligi, wagtyň ähli sagadyn,
Ýogsa näme, ýeriň-gögüň arasyn...
Daşaryny öýe salasym gelýär.
Bar gowlugy bagş et diýjek Suraýa,
Ähli zady görüp oturan Hudaýa...
Öýmüzi daşaryk çykarasym ýa
Daşaryny öýe salasym gelýär.
Suraý Babanyýazowa.
20
78
garlawac
18.05.2024 12:57
Aýallar gülmeýär
Elini agzyna goýup kikirdäp ýa-da jakgyldap gülende...
Tapawudy ýok...
Aýallaryñ gülýän wagty ýok.
Çünki... Ýüreginiñ bir parçasy ýigidinde, ýene bir parçasy çagalarynda, galan ýakyn-daş hossarlarynda... Böleklenen ýüregi gaýgy-ünji, endişe, dert-alada, gorky bilen dilim-dilimdir...
Gülýändir öýdersiñ...
Ýüreginiñ özünde galan bölegi gülmäge ýetmez...
Iñ bagtly görünýän pursatynda-da, iñ şadyýan wagtynda-da ýapyşyp galan bir yzasy bardyr aýalyñ içinde...
Gülküsi leblerinde doñar galar...
Ony belentlige göteren enelik hem aýalyñ jezasydyr...
Idin bermeýär...
* * *
Edil hemmeler uklap ýatyrka bölünen ukusy ýaly... Aç görse bokurdagyndan geçmeýän lukmasy ýaly... Biri aglasa hemmelerden öñ oturyp aglamasy ýaly...
Aýalyñ jogapkärçiligidir...
Bu jogapkärçilik hiç gutarmaýar.
* * *
Aýalyñ gülküsi diýenimde "mertebeden" söz açýañ-a...
Mertebesiz erkekleriñ döreden şu ugur-utgasyz günlerinde... Çar ýanymyz gan añkaýarka... Erkekler aýallaryñ söwer ýarlaryny, ýigitlerini, çagalaryny, bäbeklerini öldürýärkä...
Öldürýänler mertebesizleriñ elinden sylag alýarka... Biriñiziñ "eneler aglamasyn" diýip, beýlekiñiziñ "aýallar gülmesin" samahyllap durşuñyzam... barça zatdan köp yzasydyr aýalyñ....
Gülmek ýadyna düşmeýär...
* * *
Haýsy mertebe barada aýdýañ sen?
Hemme zada güýji ýetýän erkeklerde ýok şo...
Ýalan sözlände aýalyñ ýüzi lap-lap gyzýar...
Aýalyñ ary-namysy bar...
Utanýar, uýalýar, ejap edýär...
Yzyña öwrülip seretsene olara: ogurlamagyñ, talamagyñ, urmagyñ, gyrmagyñ, döwmegiñ, zorluk-zulumyñ nämedigini bilýän däldir...
* * *
Mertebesizleriñ dünýäsinde aýalyñ paýyna diñe gynanç düşýär...
Islese elini agzyna goýup kikirdäp gülsün, islese jakgyldap gülsün...
Içindäki ölüm maý bermeýär...
Aýallar gülmeýär...
Bekir JOŞKUN.
"SÖZCÜ" gazeti, 03.08.2014 ý.
18
117