garlawac
22.05.2024 23:16
***Meniñ söýgim bulut satyn alanyñka döndi: Ne ýüregim galdy, ne söýgim.

***Yşga ýugrulmasa, gözelligiň bir şaýydyr.

***Ýyldyrym bolup gel,sil,tüweleý bolup gel! İň gowusy,özüň bolup gel!

*** Sen ỳüregime urlan hanjardanam beter bolduň. Hanjary sogrup bolỳar.Sen ölemde-de ỳüregimden sogrulmarsyň.

*** Sen ýola çykdygyň, garşyňdan çykan şemal ýüzüňi sypaýar. Men şo ötegçi şemalça-da bolmadym.

*** Akja gar tozgajyklary söýgülimiň ýaňajyklarynda yz goýup gitdi.

***Meni söýmân şunça ýakyp-ýandyrýaň, eger söýen bolsaň dagy külüm ýele sowrular giderdi.

*** Ýazda geler, güýzde geler öýdüp garaşa-garaşa ömrüñ gyşyna ỳetdim.

*** "Henizem gözleriňde ýyldyrym çakýarmy?"diýip ýazypsyň.Hawa,heniz-henizlerem ýyldyrym çakýar,ýöne diňe özümi ýakýar.

*** İkimiz boş lifte münenmizde bir ses geldi:İki adamlyk lifte dört bolup münýâňiz.

*** Biz jandan söýüşdik. Duýdansyz ýagyşda ezile saçlaryň gözümde şekil bolup galypdyr. İndi ýagyş ýagdygy şo saçlar ezilýândir öýdüp gorkýan.

*** "Aýalaryň şeýle gyzgyn." diýýâdiň. Ýüregimiň howry aýamdan çykýar.

*** Aglama, aglama! Ajy ýaşlar gözleriň garasyny solduraýmasyn.

*** Oýmak ýaly ýüreklije guş dünýâni aýlanarmyş. Biz ýüreklerimiziň ululygyndan uçan dâldiris

***O gözele çekinmän bakyp bilýän diňe aýnadyr.

***Yşk-ölmek, direlmekdir.körlük we wepadyr.

***Uzyn boýly diýseň, boýuma guwandym, akylly diýseň, aklyma guwandym. Saňa bolsa düỳpden başga zat gerek ekeni.

***Seni söỳỳänim üçin dara çekjek boldylar. Dar agajy gysga geldi.

***Gel diýdiň–geldim, git diýdiň–gitdim, dur diýdiň–durdum. Indi diňe öl diyerňe garaşyp ýörün.

***Hemmeler: "Söýýâniň gowy gyz" diýýâr."Seni söýýârmi?" diýen bolmady.


Oraz Ýagmyr
,,Yşk damjalary"
dowamy bar
37
243
olia
18 Iýun 2024
@Bitter, bu sozun yuregimi aglatdy shuwagt😫
Bitter
23 May 2024
Bir pikire gelp bilenmize begennim)
Bitter
23 May 2024
Kasga bar derdin soygi bolsa..
runia
23 May 2024
Ana'nyñ häsýeti ýuwaş bilinýä (has nežny). Norma Jeane ýaly entek hiçkim hem bolubilenok.
Emirhan_
23 May 2024
@garlawac, halki yada asaky postda.
Emirhan_
23 May 2024
@garlawac, asaky postunda sorag berdim, kyn gormeseñiz jogap yazayyn hanym..))
Emirhan_
23 May 2024
@garlawac, kinony goremok yone Monronyñ durmusda basdan gecirenlerni gysgaça okapdym, hakykatdanam tragediya...
olia
23 May 2024
Блондинка)
Emirhan_
23 May 2024
@garlawac, howwa, yone meñi emelidir😊
Deyzi_
23 May 2024
👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.