garlawac
18.05.2024 20:07

Kän zatlaň sygmany üçin öýmüze
Daşaryny öýe salasym gelýär.
Hala çopantelpek, hala jümjüme,
Daşaryny öýe salasym gelýär.

Gülleri, guşlary... ýekänme-ýekän,
Kitaphana, kafe, ýa eşik dükan,
Bolmanda nä otaglarmyz ullakan,
Daşaryny öýe salasym gelýär.

Aýy, ýyldyzlary, gijeligi hem,
Ýap boýdaky alma-igdeligi hem,
Jaýyňyz gelşikli diýmeseler hem,
Daşaryny öýe salasym gelýär.

Kakamjanyň guran ussahanasyn,
Giňişligi, wagtyň ähli sagadyn,
Ýogsa näme, ýeriň-gögüň arasyn...
Daşaryny öýe salasym gelýär.

Bar gowlugy bagş et diýjek Suraýa,
Ähli zady görüp oturan Hudaýa...
Öýmüzi daşaryk çykarasym ýa
Daşaryny öýe salasym gelýär.

Suraý Babanyýazowa.
20
72
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.