garlawac
18.05.2024 12:57
Aýallar gülmeýär


Elini agzyna goýup kikirdäp ýa-da jakgyldap gülende...
Tapawudy ýok...
Aýallaryñ gülýän wagty ýok.
Çünki... Ýüreginiñ bir parçasy ýigidinde, ýene bir parçasy çagalarynda, galan ýakyn-daş hossarlarynda... Böleklenen ýüregi gaýgy-ünji, endişe, dert-alada, gorky bilen dilim-dilimdir...
Gülýändir öýdersiñ...
Ýüreginiñ özünde galan bölegi gülmäge ýetmez...
Iñ bagtly görünýän pursatynda-da, iñ şadyýan wagtynda-da ýapyşyp galan bir yzasy bardyr aýalyñ içinde...
Gülküsi leblerinde doñar galar...
Ony belentlige göteren enelik hem aýalyñ jezasydyr...
Idin bermeýär...

* * *

Edil hemmeler uklap ýatyrka bölünen ukusy ýaly... Aç görse bokurdagyndan geçmeýän lukmasy ýaly... Biri aglasa hemmelerden öñ oturyp aglamasy ýaly...
Aýalyñ jogapkärçiligidir...
Bu jogapkärçilik hiç gutarmaýar.

* * *

Aýalyñ gülküsi diýenimde "mertebeden" söz açýañ-a...
Mertebesiz erkekleriñ döreden şu ugur-utgasyz günlerinde... Çar ýanymyz gan añkaýarka... Erkekler aýallaryñ söwer ýarlaryny, ýigitlerini, çagalaryny, bäbeklerini öldürýärkä...
Öldürýänler mertebesizleriñ elinden sylag alýarka... Biriñiziñ "eneler aglamasyn" diýip, beýlekiñiziñ "aýallar gülmesin" samahyllap durşuñyzam... barça zatdan köp yzasydyr aýalyñ....
Gülmek ýadyna düşmeýär...

* * *

Haýsy mertebe barada aýdýañ sen?
Hemme zada güýji ýetýän erkeklerde ýok şo...
Ýalan sözlände aýalyñ ýüzi lap-lap gyzýar...
Aýalyñ ary-namysy bar...
Utanýar, uýalýar, ejap edýär...
Yzyña öwrülip seretsene olara: ogurlamagyñ, talamagyñ, urmagyñ, gyrmagyñ, döwmegiñ, zorluk-zulumyñ nämedigini bilýän däldir...

* * *

Mertebesizleriñ dünýäsinde aýalyñ paýyna diñe gynanç düşýär...
Islese elini agzyna goýup kikirdäp gülsün, islese jakgyldap gülsün...
Içindäki ölüm maý bermeýär...
Aýallar gülmeýär...

Bekir JOŞKUN.

"SÖZCÜ" gazeti, 03.08.2014 ý.
18
117
zina
19 May 2024
Üýtgeşik postlar goyyañ malades💜
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.