garlawac
25.05.2024 02:27
“Dost” diýlen söz öňýetene diýilmän,
Diňe çyn dostlara diýilen güni.
Her bir görýän zatlaryna uýulman,
Dine, türkmenlige uýulan güni.
Ähli ýagşy zatlar öňe sürülip,
Ýaramaz zatlardan irilen güni.
Her bir kelläň sygýan ýerne girilmän
Metjit, kitaphana girilen güni.
Bu dünýäden gidensoň däl, bar wagty
Saklananda ene-ataň sarpasy.
Döwre görä dar ýa açyk geýinen
Özüne çekmese gyzlaň “arkasy”
Ýigitler tüýs ýigit çykyp, gyzlaryň
Namysyny baýdak edinen güni.
Gelinler oňuşyp gaýyny bilen
Onuň adyn aýdym edinen güni.
Kirpik, dyrnak hem boteks-gyzlaryň
Durmuşyndan sumat bolsa soňunda.
Münende diňeje hakyny alyp
Taksistlaram akyl satman oňanda.
Parh goýup adamlar türkmen diline-
“Ejjeň” sözün goşman geplenen güni,
Kaddy-kamat diýip agyz beklemän
Haýyr-sogap üçin beklenen güni
Iň soňy-bolsa-da nämeler-näler,
Ynsanyň “Alla” diýp eplenen güni
Düzeler älem…

Baky AMANÝAZOW.
23
101
melhem
25 May 2024
🤍
ylham_gurbanaly
25 May 2024
Diýmek düzelmeýär)
kalayev
25 May 2024
👍👍👍
milana
25 May 2024
Pozup, achdym, yene sho bir zat, gaytam bildirlishler yitdi hemmesi 🤦🏻‍♀️
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.