garlawac
21.05.2024 16:53
Läläm, diňe söýgüm galdy terligne
Sowulypdyr ömrümiziň bossany.
Hol bir çakly gara saçym çalardyp
Ýyllar goýup gitdi maňa gussany.

Hawa olar alyp gitdi şatlygym,
Agraslygym galdy ýylgyrma derek.
Men sende görýärin bu gün ýaşlygym,
Belki-de garrasa garrandyr ýürek.

Öňkim deýin arzuwlarym uly däl,
Ownuk arzuwlam bar arka atarlyk.
Ýok, men asla hyýallaryň guly däl,
Bu günki hakykat maňa ýeterlik.

Aýralyk ykbala ýazylandyr başda,
Bakma, läläm ýüregmiziň birligne.
Men indi özüm däl men indi başga,
Dine soýgim galdy saňa terligne.

Baýnazar Goşaýew.
24
66
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.