garlawac
16.06.2024 19:36

Başardy, çünki başarmajagyny bilmeýärdi))

Ýalta, emma akylly bir talybyň hekaýasyny belki eşidensiňiz. Matematikany halamaýan talybymyz ders wagtynda ukydady. Jaň kakyldy we ol oýandy. Tagtada gören meselesini öýe berlen ýumuşdyr diýip pikir edip, depderine göçürýär.


Öýüne geleninden sonra, meseläni uzak wagtlap çözmäge çalyşýar. Başarmaýar, gaýtadan synanyşýar we birnäçe synanyşykdan sonra meseläni çözýär. Derse gelende öýe berlen ýumuşyny mugallymyna görkezip, ony barlamagyny isleýär.


Mugallym haýran galýar, çünki tagta ýazylan mesele matematikanyň taryhynda çözüwi tapylmaýan meselelere mysal hökmünde ýazylypdy. Dersde ýatan talyp ol meseläniň häzire çenli çözülmedigini bilmeýänligi üçin birnäçe gezek ýadawsyz synanyşýar we soňunda çözmegi başarýar.


Talybymyz uly iş başardy, çünki ol işiň "Başarylmajagyny" bilmeýärdi. Galan talyplar meseläniň çözülmeýändigini bilendikleri üçin asla synanyşmadylaram. Üstünligiň syry bu sözlem bilen beyan edilip bilner:

"Başardylar, çünki başarmajaklaryny bilmeýärdiler"

32
254
garlawac
16.06.2024 09:38

"Ykbaldyr-da" diýdiñ, lowlady ýürek,
"Ykbaldyr-da" diýdiñ, ot aldy dünýäm.
Ýañy on dokuzyň dolan pursaty,
Ykbal diýlen zady nireden bilýäň?

Bar zada günäkär däl ahyr ykbal,
Ýok, men ykbalymdan ýanyp geçjek däl.
Ýa men söýgim düşjek menzilin tapman,
Ýel ugruna gaýyp ýören peşmek däl.

Süýji dideleñden ajy gözýaşy
Süpür,
Ajy gözýaş gül ýüzüñ daglar.
Düşün, diñe munda umydy ýoklar,
Şeýle için tutup perişan aglar.

Wagt lukman,
Belki, köñül düşüşer,
Ýaralary bitip barýan durna dek.
Wah, hawa-da, yşga nädip düşüner,
Sen deý gyzyň jebrin çekip görmedik.

Hojaberdi Çaryýew

18
69
garlawac
15.06.2024 14:45

,,Eje, sen ýüregiň saýlan ýigdine
Men bararyn, ýöne talyp bolamsoň"


"Ähli zady taşla, dolan gujagma,
Ejeň seni unudanok, köşegim.
Oba-gara halys sorap goyanok,
(Ýeňlejek-dä bir aýagňy duşasam)

Diýip jaň etmäni ýygjamladypsyň, A
men bolsa per bermeýän kejiriň.
Sen bilýän ahyry gursagmy ýaryp,
Arzuwlarymyň maňa berýän ejirin.

Arman bolup siňip galsam gujagňa,
Yeri, ondan ýagşymyşmy ol onsaň?
Eje, sen ýüregiň saýlan ýigdine
Men bararyn, ýöne talyp bolamsoň.

"Diýenme däl diýip aýak depip dur"
Diýip hergiz gaharlanma gyzyňa.
Arzuwmy kül edip, ähdimden dänip,
Ellerim boş gaýdyp bilmen yzyma.

Ogulnur ATAYEWA

23
162
garlawac
14.06.2024 08:14

Özüňize ynanyň!

Bethowen. Saz mugallymy oňa kompozitor hökmünde ondan hiç hili umyt ýoklugyny aýdypdy...

Roden. Yzagalak okuwçy eken, sungat mekdebiniň synaglaryndan üç gezek ýykylypdyr, kakasy bolsa ogluny tentek hasaplaýar eken.

Karuzo. Mugallymy onda owaz ýok, ol hiç haçan hem aýdym aýdyp bilmez diýip hasap edipdir.

Tomas Edison. Mugallymlary ol barada nämedir bir zat öwrenip bilerden ol juda akmak diýer ekenler. Ýerleşen ilkinji iki işinde onuňky hiç ugruna bolmandyr, ikisinden hem onuň önjeýli däldigi üçin işden boşadylan eken.

Genri Ford. Başlan biznesi 5 gezek şowsuz bolupdy...

Albert Eýnşteýn. 4 ýaşa çenli gürlemändir. Mekdepde ýaramaz okapdyr. Ata-enesi hem, mugallymlar hem ol akyl taýdan ösmedikdir öýdüp pikir edipdirler. Ony mekdepden çykarypdyrlar. Soňra bolsa ol Sýurihdäki politehniki mekdebiň synaglaryndan ýykylypdyr

Uolt Disneý. Fantaziýasynyň we täzeçillik ideýasynyň ýoklugy üçin, gazetden işden kowlan eken. Şondan soň hem onuň başyna baran bizneslerinde tozan gezegi köp bolupdy...

Merlin Monro. Prodýuser oňa oýnap bilmeýänligini, şeýle-de özüne çekijiligi ýoklugyny aýdypdy...

Bitlz. Ses ýazgysy studiýasy «owazyň ýaramazlygy»sebäpli, bu topardan ýüz dönderipdir...

Harrison Ford. Ýokary wezipeli adamlaryň biri aktýorlyk hünäriniň onuň üçin däldigini we munuň bilen çynlakaý meşgullanmak hakda pikir hem etmezligini ýaňzydypdyr...

Terjime eden: Orazmyrat Myradow

SIZEM ÜNS BERDIŇIZMI HEMME MEŞHURLARYŇ BAŞLANGYJY ŞOWSUZLYKDAN BAŞLANANDYGYNA...

Esasy zat näme bilýäňizmi: Öz şahsyýetiňiziň ajaýyplygyny özüňiz ykrar edýän bolsaňyz, özgelere ylalaşaýmakdan başga zat galmaýar.
(Wadim Zeland)

28
312
garlawac
13.06.2024 16:48

Barybir, sen meni söýmän bilmersiň,
Ýaz ýaly ýazylar kinedir-öýkäň.
Köşeşer gyz göwnüň,
Düşüşer göwnüň,
Hem maňa ýene-de düşüner göwnüň,
Bilmersiň,
sen meni bilmersiň söýmän!

Sen nämäniň aryn alýarsyň menden,
Zerurlygy näme meni örtemäň?
Ýa ýalbaryp başym egeýinmi men,
Bagrym ezeýinmi,
Taýýar eger sen
Söýýän bolsaň peselende mertebäm!

Meň söýgimden başga etmişim näme!?
Ýaramady saňa yşgyň nämesi?!
Boýnum burup bakaýynmy?
Taýyn men
ÝA delmuryp gama bataýynmy men,
Gussa bolsa yşgyň subutnamasy!

Diýseň, ynjyk bolýar söýende gyzlar,
Gyzlar gyrpa bolýar, uçranda yşga.
Haýyş edýän, dymma!
Näme diýseň diý
Maňa şirin-şeker sözlerden başga!

Sygmasa kalbyňa kinedir-öýkäň,
Gygyryp bilersiň söýemok diýip.
Ýöne sen bilmersiň,
söýmän bilmersiň,
Çünki bir bakyşda köýdürip-köýüp,
Bir bakyşda şahyr eden dilbersiň!

— Nobatguly Rejebow.

25
64
garlawac
09.06.2024 14:37


Göwnün tapjak bolup, geçegçi günleň,
Ýalan dünýäň ýanan umydyn dörme.
Men seni söýmedim görmegiň üçin,
Gerek däl, artykmaç bezenip ýörme.

Gijäň gara saçyn daranda, ak Aý,
Yşk kölüňde ýüzsem, bolup men guwwas.
Men seni söýmedim gözleriň üçin,
Kirpikleň kürek bor, gollarma kuwwat.

Sözleriň söýgime bakylyk berer,
Kalbymda düşlände, yşkyň durnasy.
Men seni söýmedim sözleriň üçin,
Söýgiňdendir günleň gülüp durmasy.

...Men seni söýmedim görmegiň üçin,
Men seni söýmedim gözleriň üçin,
Men seni söýmedim sözleriň üçin,
Söýdüm DIŇE SENI söýenim üçin!
Söýdüm DIŇE MENI söýmegiň üçin!


Nury SAKÇYÝEW

22
106
garlawac
08.06.2024 18:43


Garaş maňa, men gelmerin.
Wysaldan soň aýralyk bar.
Dogruçyl hoş sözler bilen,
Söýgimizi aldadyk ýar.

Dünýä sygmaýan gursagma,
Dar eşigim giň bolup dur.
Menden daşlaşyp öýkelän,
Sabrym kalpda güýmenip dur.

Suwda ýanan, otda myžžyk
Pikirlere saraldym men.
Umyt keseline uçrap,
Dertlemänkäm sagaldym men.

Ýyllar günleri kowalap,
Juda ýaş etdi ömrümi.
...Aňlanymda düşünmedim,
Göwnüne deglen göwnüme.

Ýok, biz ahyr gowuşarys.
Hijran guranda gapanyn,
Seni ýagty ýollardan däl,
Aýdyň tümlükden taparyn.

Şonda göripler görüpler,
Ýagşy dileg eder bize.
(Berlende nä ýeke ömür,
Besdir, şolam ýeter bize).

Duşanmyzda bir-birege,
Gam-guwanç geýmin geýerin.
Ömür uzak, wagt haýaldyr
Maňa garaşma, gelerin!

© Nury SAKÇYÝEW
30
97
garlawac
03.06.2024 12:36


Gijaniñ gözünde ot ýakypdyr aý,
ýyldyzlañ ýüzünde görünýar ünji.
Eger arşda kürsde bar bolsañ Hudaý
sähelçe bolsa-da teselli görsem,
şu pursat şeýlebir zerur ol, çünki,
men häzir däli deý heserläp ýörün.

Bu dünýä oýunmy?!
Soñuny saýman
utanlar akmakdyr, utylan haýran...
A onsañ janymyñ ýangyjyna men,
şu pursat bir teññä çalşmaga taýýar,
agzyma aş gatykladan dünýänem.

Añlajak kim,
duýgularym perişan,
tende ruhym,
kalpda höwes sowapdyr.
Basyp bilmez ýagym boldy arzuwym,
Bar ynamym - umydyma togapka.

Egnimdäki perişdeleñ depderi,
günäm bilen garalandyr,
bilýärin.
Tenim ýerde gördi dowzah ezýetin,
ruhym çeker jebrini o dünýäniñ.

...Boýn almaly ýalñyşlarñy,
başarsañ,
ýaşap, ömrüñ bir gününe degmedik.
Janym ýerde,
ruhym arşda elener:
Ol bagtly bolmak islän betbagt,
Men betbagt, bagtly bolup bilmedik.



Sorag

Pikirleriň aýanlykdan daşdamy,
Ýa-da özümmikäm aňardan ejiz.
Uzakdamy säwlikleriň yzasy,
Ýazgaryp günäsin öterden heniz?!

Bu ykbala gün-ä diýmek gerek däl,
Ýolumyzy özümizdik başgalan.
Gadyrmyza gadyr goýup bilmedik
Ýitirmeklik gorkusyndan daşdakak.

Düşünemok, bu gün bagt dymyp dur -
Birmahalky öz ýanyna çagyran.
Ýa-da söýgi salymyza aslyşyp,
Aýralyga taşladykmy labyryn.

Senem meni mençeräjik söýüpdiň,
Gizlemegiň hajaty ýok sözlemän.
Bu gün seniň gözleriňden agtaryp,
Edilmedik günälermi gözleýän.

...Dogrusy, men hakda arzuwňy gizläp,
Senem öz göwnüňi aldamadyňmy.
Ýa-da soňky gezek jaňymy alman,
Gyzyl düwmä basyp aglamadyňmy?!


Kine...

Gijäň gözi gussa bilen gamaşdy,
umut ýok säheriň şatlyk bererne.
Agtaranym,
düýşlerimde azaşdyň,
kine galdy ýorgudymyň deregne.

(Eger söýgä oýun diýip düşünseň,
irde giçde ýeňiş bolýar aýralyk.)
Bagyşlara bir azajyk üşügmiz,
awara deý gezip ýörkä,
aýňalyp,
sämän pikir bilen özün aklaýar iň we
sensizlik derdiniň melhemi saýyp.
Aý ýüzüne perde çeken bulutlar,
gijäň gussasyna kölgesin çaýyp,
unutjak zatlarmy ýadyma salýar.

Seni bagyşlara sebäp gözleýän,
tapyljagy gümanama ýakynka,
hem gijäni oýarmaga dözmeýän,
senli düýşli hyýallarym ýatyrka.

...Gowy arzuwlarňy, ýitirmän sakla,
teselli bor,
birgün dünýeden irseň,
hem tutaryk gözläp özüňi akla,
eger men şu gije düýşüňe girsem...
24
80
garlawac
01.06.2024 13:45

Kakamjanyň tümmegi
Çöküpsiň-le ne beýle
Geçen ýylam beýikdiň
Gelip gidemde seýle

Kän gatýaň diýýänsiň
Diý göwnüme zat alman,
Meni dertden boşadýar
Toprak bolan adamlar

Her bir tümmek bir dünýe
Her birinde ýakym bar
Bu ýer seýilgähim meň
Aýlanmaga hakym bar

Kän gelmäge borçly men
Kakam ýatyr assynda, 😞
Geldim ähli nalamy
Ýüregimden asdymda

Salam berip kakama
Bir içimi dökeýin,
Meň gymmatly tümmegim
Ejaza ber öpeýin 😥
0
97
garlawac
31.05.2024 18:52


Men senden hiç zady göremok gaty,
Öýke-kine menden juda daşda, ýar.
Ýöne ýalňyzlygyň kemsinen wagty,
Göwräm özün gam laýyna taşlaýar.

Men seni unudyp ýörendir öýtme,
Tupanda elenýän ýelken ýaly men.
Derdimi sorama,öýkäňi aýtma,
Öňem heser uran düňle,däli men.

Ýöne käte meniň gözlerime garap,
Seniň bilen diridigime ynan, ýar.
Hemem bolmaz ýaly hallarym harap,
Ýodalary unutma-da,dolan, ýar!

Garaşaryn garaşan deý sähere,
Alnyma ak Günüm dogan sen.
Öwrensoň kalbymy baky bahara,
Dolan sen!

© Dürnabat AŞYROWA.


Gitme, gitseň günüm dogmaz ir säher,
Gitme, gitseň bahar dolanmaz gaýdyp.
Sensiz gama batar Daşoguz şäher,
Sensiz yşgym hakda ýazylmaz aýdym.

Gitseň goşgularym edilmez tankyt,
Bu ellerim asla tutmaz galamy.
Sen meniň göwnüme ýeke tesellim,
Sen—çynym içinde şunça ýalanyň.

Sen gitseň ýalňyz men garabaşyma,
Sensiz meni kynçylykly ýol ezýär.
Ýaş gider, yşk gider (goy gitse gitsin)
Ýöne sen bir gitmäweri poeziýa!

©Aýsapar Emelowa


Mydar edýän ýürek bilen
Müň ýamaly.
Aglasyň gelende aglap bilmeseň
Iň ýamany.
Aýaň, yşka duşmadygy,
Synlap öň ýanany.
Aşyk ýöne ýerden gysmaz
Galamy.
Undup bolýa ähli derdem,
Unutma ýok,
Dert salany.
Bar zat ýazgydyňa görä,
Pozup bilmersiň
Sen ony…
Noldan başlap ýene nola
Getirýän yşkyň jemini.
Bu bir durmuş kadasy
Görüp gelen ýok
Soňuny…
Çaklaýşymdan juda ýeser,
Gör, ony.
Mydama söýüp ýaşadym,
A sen meni?


#Ogulnur Ataýewa/font>
19
64