https://owrenmeli.app/69853-ykbaldyr-da-didi.html#comment
garlawac
16.06.2024 09:38
"Ykbaldyr-da" diýdiñ, lowlady ýürek,
"Ykbaldyr-da" diýdiñ, ot aldy dünýäm.
Ýañy on dokuzyň dolan pursaty,
Ykbal diýlen zady nireden bilýäň?
Bar zada günäkär däl ahyr ykbal,
Ýok, men ykbalymdan ýanyp geçjek däl.
Ýa men söýgim düşjek menzilin tapman,
Ýel ugruna gaýyp ýören peşmek däl.
Süýji dideleñden ajy gözýaşy
Süpür,
Ajy gözýaş gül ýüzüñ daglar.
Düşün, diñe munda umydy ýoklar,
Şeýle için tutup perişan aglar.
Wagt lukman,
Belki, köñül düşüşer,
Ýaralary bitip barýan durna dek.
Wah, hawa-da, yşga nädip düşüner,
Sen deý gyzyň jebrin çekip görmedik.
Hojaberdi Çaryýew
18
66