https://owrenmeli.app/69506-paradoks.html#comment
garlawac
08.06.2024 18:43
Garaş maňa, men gelmerin.
Wysaldan soň aýralyk bar.
Dogruçyl hoş sözler bilen,
Söýgimizi aldadyk ýar.
Dünýä sygmaýan gursagma,
Dar eşigim giň bolup dur.
Menden daşlaşyp öýkelän,
Sabrym kalpda güýmenip dur.
Suwda ýanan, otda myžžyk
Pikirlere saraldym men.
Umyt keseline uçrap,
Dertlemänkäm sagaldym men.
Ýyllar günleri kowalap,
Juda ýaş etdi ömrümi.
...Aňlanymda düşünmedim,
Göwnüne deglen göwnüme.
Ýok, biz ahyr gowuşarys.
Hijran guranda gapanyn,
Seni ýagty ýollardan däl,
Aýdyň tümlükden taparyn.
Şonda göripler görüpler,
Ýagşy dileg eder bize.
(Berlende nä ýeke ömür,
Besdir, şolam ýeter bize).
Duşanmyzda bir-birege,
Gam-guwanç geýmin geýerin.
Ömür uzak, wagt haýaldyr
Maňa garaşma, gelerin!
© Nury SAKÇYÝEW
30
95