garlawac
14.06.2024 08:14

Özüňize ynanyň!

Bethowen. Saz mugallymy oňa kompozitor hökmünde ondan hiç hili umyt ýoklugyny aýdypdy...

Roden. Yzagalak okuwçy eken, sungat mekdebiniň synaglaryndan üç gezek ýykylypdyr, kakasy bolsa ogluny tentek hasaplaýar eken.

Karuzo. Mugallymy onda owaz ýok, ol hiç haçan hem aýdym aýdyp bilmez diýip hasap edipdir.

Tomas Edison. Mugallymlary ol barada nämedir bir zat öwrenip bilerden ol juda akmak diýer ekenler. Ýerleşen ilkinji iki işinde onuňky hiç ugruna bolmandyr, ikisinden hem onuň önjeýli däldigi üçin işden boşadylan eken.

Genri Ford. Başlan biznesi 5 gezek şowsuz bolupdy...

Albert Eýnşteýn. 4 ýaşa çenli gürlemändir. Mekdepde ýaramaz okapdyr. Ata-enesi hem, mugallymlar hem ol akyl taýdan ösmedikdir öýdüp pikir edipdirler. Ony mekdepden çykarypdyrlar. Soňra bolsa ol Sýurihdäki politehniki mekdebiň synaglaryndan ýykylypdyr

Uolt Disneý. Fantaziýasynyň we täzeçillik ideýasynyň ýoklugy üçin, gazetden işden kowlan eken. Şondan soň hem onuň başyna baran bizneslerinde tozan gezegi köp bolupdy...

Merlin Monro. Prodýuser oňa oýnap bilmeýänligini, şeýle-de özüne çekijiligi ýoklugyny aýdypdy...

Bitlz. Ses ýazgysy studiýasy «owazyň ýaramazlygy»sebäpli, bu topardan ýüz dönderipdir...

Harrison Ford. Ýokary wezipeli adamlaryň biri aktýorlyk hünäriniň onuň üçin däldigini we munuň bilen çynlakaý meşgullanmak hakda pikir hem etmezligini ýaňzydypdyr...

Terjime eden: Orazmyrat Myradow

SIZEM ÜNS BERDIŇIZMI HEMME MEŞHURLARYŇ BAŞLANGYJY ŞOWSUZLYKDAN BAŞLANANDYGYNA...

Esasy zat näme bilýäňizmi: Öz şahsyýetiňiziň ajaýyplygyny özüňiz ykrar edýän bolsaňyz, özgelere ylalaşaýmakdan başga zat galmaýar.
(Wadim Zeland)

28
291
maral
15 Awgust 2024
Beyazit Öztürk "r" harpy aýdyp bilenok eken, emma ol muña garamazdan, birnäçe gepleşikleri alyp barýar
gonk
23 Iýun 2024
👍👍👍
tmyigit76
14 Iýun 2024
Aslynda Eýnşteýn okuwçy döwri o diýen erbet okamandyr. Tersine göreldeli okuwçy eken. Muňa onun ejesiniň ýazan hatlary subut edýär. Bu ýalňyşlyk Germaniýa bilen Şweýsariýanyň mekdeplerindäki baha sistemasynyň biri birine ters bolmagy bn dörän zat.
ayymsha
14 Iýun 2024
@geldiyevna, tuweleme gaty gowy
ayymsha
14 Iýun 2024
@geldiyevna, bilyan ucurumdygynyzy yone nacenji yylyn ucurymy 😁
ayymsha
14 Iýun 2024
@geldiyevna, Yazyan teswirlerinizden Sizi gownacyk goryanda
ayymsha
14 Iýun 2024
@geldiyevna, 😁 seylemi onda bolya, nacenji yyl siz
ayymsha
14 Iýun 2024
@garlawac, Bolya 😊
ayymsha
14 Iýun 2024
@geldiyevna, Way size dis basdym oydyan 🤦‍♀️
ayymsha
14 Iýun 2024
@geldiyevna, Gowy menem Allaha ṣükür
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.