garlawac
31.05.2024 18:52


Men senden hiç zady göremok gaty,
Öýke-kine menden juda daşda, ýar.
Ýöne ýalňyzlygyň kemsinen wagty,
Göwräm özün gam laýyna taşlaýar.

Men seni unudyp ýörendir öýtme,
Tupanda elenýän ýelken ýaly men.
Derdimi sorama,öýkäňi aýtma,
Öňem heser uran düňle,däli men.

Ýöne käte meniň gözlerime garap,
Seniň bilen diridigime ynan, ýar.
Hemem bolmaz ýaly hallarym harap,
Ýodalary unutma-da,dolan, ýar!

Garaşaryn garaşan deý sähere,
Alnyma ak Günüm dogan sen.
Öwrensoň kalbymy baky bahara,
Dolan sen!

© Dürnabat AŞYROWA.


Gitme, gitseň günüm dogmaz ir säher,
Gitme, gitseň bahar dolanmaz gaýdyp.
Sensiz gama batar Daşoguz şäher,
Sensiz yşgym hakda ýazylmaz aýdym.

Gitseň goşgularym edilmez tankyt,
Bu ellerim asla tutmaz galamy.
Sen meniň göwnüme ýeke tesellim,
Sen—çynym içinde şunça ýalanyň.

Sen gitseň ýalňyz men garabaşyma,
Sensiz meni kynçylykly ýol ezýär.
Ýaş gider, yşk gider (goy gitse gitsin)
Ýöne sen bir gitmäweri poeziýa!

©Aýsapar Emelowa


Mydar edýän ýürek bilen
Müň ýamaly.
Aglasyň gelende aglap bilmeseň
Iň ýamany.
Aýaň, yşka duşmadygy,
Synlap öň ýanany.
Aşyk ýöne ýerden gysmaz
Galamy.
Undup bolýa ähli derdem,
Unutma ýok,
Dert salany.
Bar zat ýazgydyňa görä,
Pozup bilmersiň
Sen ony…
Noldan başlap ýene nola
Getirýän yşkyň jemini.
Bu bir durmuş kadasy
Görüp gelen ýok
Soňuny…
Çaklaýşymdan juda ýeser,
Gör, ony.
Mydama söýüp ýaşadym,
A sen meni?


#Ogulnur Ataýewa/font>
19
63
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.