https://owrenmeli.app/69253-allanur-aryew.html#comment
garlawac
03.06.2024 12:36
Gijaniñ gözünde ot ýakypdyr aý,
ýyldyzlañ ýüzünde görünýar ünji.
Eger arşda kürsde bar bolsañ Hudaý
sähelçe bolsa-da teselli görsem,
şu pursat şeýlebir zerur ol, çünki,
men häzir däli deý heserläp ýörün.
Bu dünýä oýunmy?!
Soñuny saýman
utanlar akmakdyr, utylan haýran...
A onsañ janymyñ ýangyjyna men,
şu pursat bir teññä çalşmaga taýýar,
agzyma aş gatykladan dünýänem.
Añlajak kim,
duýgularym perişan,
tende ruhym,
kalpda höwes sowapdyr.
Basyp bilmez ýagym boldy arzuwym,
Bar ynamym - umydyma togapka.
Egnimdäki perişdeleñ depderi,
günäm bilen garalandyr,
bilýärin.
Tenim ýerde gördi dowzah ezýetin,
ruhym çeker jebrini o dünýäniñ.
...Boýn almaly ýalñyşlarñy,
başarsañ,
ýaşap, ömrüñ bir gününe degmedik.
Janym ýerde,
ruhym arşda elener:
Ol bagtly bolmak islän betbagt,
Men betbagt, bagtly bolup bilmedik.
Sorag
Pikirleriň aýanlykdan daşdamy,
Ýa-da özümmikäm aňardan ejiz.
Uzakdamy säwlikleriň yzasy,
Ýazgaryp günäsin öterden heniz?!
Bu ykbala gün-ä diýmek gerek däl,
Ýolumyzy özümizdik başgalan.
Gadyrmyza gadyr goýup bilmedik
Ýitirmeklik gorkusyndan daşdakak.
Düşünemok, bu gün bagt dymyp dur -
Birmahalky öz ýanyna çagyran.
Ýa-da söýgi salymyza aslyşyp,
Aýralyga taşladykmy labyryn.
Senem meni mençeräjik söýüpdiň,
Gizlemegiň hajaty ýok sözlemän.
Bu gün seniň gözleriňden agtaryp,
Edilmedik günälermi gözleýän.
...Dogrusy, men hakda arzuwňy gizläp,
Senem öz göwnüňi aldamadyňmy.
Ýa-da soňky gezek jaňymy alman,
Gyzyl düwmä basyp aglamadyňmy?!
Kine...
Gijäň gözi gussa bilen gamaşdy,
umut ýok säheriň şatlyk bererne.
Agtaranym,
düýşlerimde azaşdyň,
kine galdy ýorgudymyň deregne.
(Eger söýgä oýun diýip düşünseň,
irde giçde ýeňiş bolýar aýralyk.)
Bagyşlara bir azajyk üşügmiz,
awara deý gezip ýörkä,
aýňalyp,
sämän pikir bilen özün aklaýar iň we
sensizlik derdiniň melhemi saýyp.
Aý ýüzüne perde çeken bulutlar,
gijäň gussasyna kölgesin çaýyp,
unutjak zatlarmy ýadyma salýar.
Seni bagyşlara sebäp gözleýän,
tapyljagy gümanama ýakynka,
hem gijäni oýarmaga dözmeýän,
senli düýşli hyýallarym ýatyrka.
...Gowy arzuwlarňy, ýitirmän sakla,
teselli bor,
birgün dünýeden irseň,
hem tutaryk gözläp özüňi akla,
eger men şu gije düýşüňe girsem...
24
80