garlawac
08.03.2024 13:00
1). "Şemler bir sönenson, hemme aýallaram owadan..."
(Plutarh)
2).On sany agzym, on sany dilim bolsa-da, aýallaryň erkeklerden pul çilmek üçin edýän oýunlaryny sanap ýetişip bilmerin".
(Owidiý)
3). "Gabanjañ aýalyň gahar-gazaba ýugrulan gargyşy adamy guduzlan itden has beter zaýalaýar".
(Uilyam Şekspir)
4). "Aýallaryň gözýaşyndan has çalt kepeýän zat ýok".
(Jon Uebster)
5). "Ar-namysly zenanlaryň köpüsi idelmänson, üstünden barylman ýatan hazynalara meñzeýär".
(Fransua de Laroşfuko)
6). "Zenanlar mydama çakdan aşmaga meýilli, olar erkeklerden ýa has gowy, ýa-da has erbet".
(Žan de Labruýer)
7). "Zenan size ýüregini bermänem görsün, şonda onuñ teninin beýleki ýerlerinden özüñizi hiç haçanam halas edip bilmersiñiz".
(Jon Wanbru)
8). "Erkek bagtly durmuşdan lezzet alýar, aýal bolsa berýän bagtyndan".
(Pyer Şoderlo de Laklo)
9). "Urkaçy jandaryň in uly ýalñyşy adalat duýgusynyň ýoklugydyr".
(Artur Şopengauer)
10). "Zenanlar düşünmek üçin däl-de, söýülmek üçin ýaradylypdyr".
(Oskar Waýld)
11). "Bir zenan öz ýaşytdaş erkeginden hemişe yaş görünýändir".
(Elizabet Barrett Brauning)
12). "Zenan - Hudaýyň ikinji ýalñyşlygydy".
(Fridrih Nişse)
13). "Garakçylar ýa puluñy alar ýa janyñy, aýallar onuñ ikisinem alar".
(Semýuel Batler)
14). "Hakyky ýaşyny aýdan aýala hiç haçan bil baglamañ. Ýaşyny dogry aýdan aýaldan her zada garaşyberin".
(Oskar Waýld)
15). "Otuz ýyllap zenan ruhy bilen gyzyklanandygyma garamazdan häzirki wagta çenli jogabyny tapmadyk bir soragym bar: Aýal näme isleýär?"
(Zigmund Freýd)
16). "Ne gözellik, ne-de dilewarlyk. Käbir aýallar seýkin basyp şeýle bir yöreýärler welin, adamyň aklyny başyndan uçurýarlar".
(Redýard Kipling)
17). "Owadan aýallary hyýaly güýji bolmadyk erkeklere berip görsek näder?"
(Marsel Prust)
18). "Hudaý erkegi ýaradanda onuň ýeterlik derejede ýalñyz däldigini gördi we özüni hasam ýalñyz duýsun diýip oña bir taý ýaratdy".
(Pol Waleri)
19). "Köp zenan suratlandyrylyşy ýaly ýaş däl".
( Maks Birbom)
20). "Kyrk bäşinde owadan aýaldy, soñam uzak wagtlap şeýleligine galaýjak ýalydy".
(Anita Brukner)
21). "Erkek bilen bagtly ýaşajak bolsañ, oña köpräk düşünip azrak söýjek bolmaly. Ayal bilen bagtly ýaşajak bolsañ ony köpräk söýüp düşünmezlige çalyşmaly".
(Elen Roulend)
22). "Zenanlar rewolýusiýanam, rewolýusionerlerem ýigrenýär. Olar yuwaş gylykly, bankda işleýän we nahar wagtyndan gijä galman öýe gelýän erkekleri gowy görýärler".
(Genri Luis Menken)
23). "Aýallar bilen erkekler in bolmanda bir meselede birleşýärler: Olaryň ikisi-de aýallara ynanmaýar".
(Genri Luis Menken)
24). "Zenanlar ençeme asyrlardan bäri erkegi tebigy keşbinden iki esse uly görkezme güýjüne we jadysyna eýe aýna mysalydyr".
(Wirjiniýa Wulf)
25). "Aýallar erkeklerin tersine ilki söýýärler, soñ isleýärler".
(Anri de Monterlan)
26). "Aýal bolup dogulmaýar, aýal bolunýar".
(Simona de Bowuar)
27). "Ayal bilen diñe üç zady etmek mümkin: Ony söýüp bilersiniz, onun zaryny çekip bilersiniz, birem ony edebiýatlaşdyryp bilersiniz".
(Lorens Darrell)
28). "Zenana menden beter bendiwan bardyr öýdemok: munuñ elimde birnäçe delili bar".
(Alan Jeý Lerner)
29). "Sudda ýüzbe-ýüz bolýançañyz bir aýaly hiçem tanap bilmersiñiz".
(Norman Meýler)
30). "Erkeklerin derdi aýallarynkydan has köp. Olar hemme zatdan ötri aýallaryň näzine çydamaly".
(Fransuaza Sagan)
31). "Aýal adamsynyň ýygy-ýygydan atýan ýomaklaryna her sapar gülen bolup oña dönüklik edýär. Aýalyna garap: "Men sensiz nädip oñaryn?" diýýän erkegiñ bireýýäm işi gaýdandyr".
(Žermen Grir)
32). "Menden sorar bolsañ, azgyn heleýi diñlemän. Aşygyna sözlänin suwa, şemala yazmañ".
(Gaý Waleriý Katull)
33). "Aýallaryň hemmesi iru-giç ejelerine meñzeýär. Bu olaryň tragediýasydyr. Hiç bir erkek ejesine meñzemeýär. Bu hem onuñ tragediýasydyr".
(Oskar Waýld)
Toplan we terjime eden: Has TÜRKMEN.
Çeşme: https://kitapcy.ru/news/meshur_yazyjylaryn_we_akyldarlaryn_ayal_gyzlar_hakynda_aydan_sozleri/2020-03-09-10738
36
214
garlawac
06.03.2024 09:33
Ýitirmek, durmuşyň adaglysy meň pikirimçe. Hemmämiz ýitirmek duýgusyny başdan geçirdik ýa-da hökman bir gün başdan geçireris. Ýitirmek ölüm ýaly bir zat. Jebir çekdirýär, emma öldürmeýär. Öldürmeýän jebir ynsany hasam güýçlendirýär.
Käwagt ýitirmegem gowudyr. Ýitiren zatlaryňdan gowy gazanç gazanarsyň. Bu gün bir zatlary ýitiren bolup bilersiň, ýere ýykylan bolup bilersiň, hatda bu wagtlarda wagtal-wagtal ýanyňda barlygyny duýjak birlerine mätäçlik duýup ähli aladalaryň hötdesinden ýeke özüň gelmäge synanyşýanam bolup bilersiň.
Ýitirmek ýaralar, ýadadar. Jepasy kyndyr, ýöne ýitireniňden we ýykylanyňdan soň ýeke özüň aýaga galmagyň lezzedini aýdyp bilmerin. Bu aýdylmaz, başdan geçirilip biliner. Käwagt bir zatlary gazanmak üçinem ýitirmeli bolýarsyň.
Tejribe diýýän zadymyz aňsat gazanylanok. Bişmek üçin biraz ýanmak gerek.
Ynsan käte ýanmagam göze almaly.
Käbir söweşlerde-de, käbirlerini ýitirip ýeňiş gazanylýar.
Bu gün ýitirip, ertesi gün durmuşa ýitiren ýeriňizden dowam ediň. “ Bes etme, durmuş dowam edýär”
Şu sözlemi näme bolsa bolsun, aklyňyza ýazmagyňyzy we erbet ýagdaýyňyzda gaýtalamagyňyzy isleýän. Bu söz sizi ýykylan ýeriňizden galdyrmaz, emma el uzadar size. Näme başdan geçirseňizde unutmarsyňyz, diňe oňa öwrenişersiňiz.
Näçe ýaşyňyzda bolsaňyz boluň, nähili ýaşasaňyz ýaşaň, Albert Camusuň diýişi ýaly: “Ynsan öňde-soňda hemme zada öwrenişýär”
Käte käbirlerine şeýle baglanýarys, baglanan zadymyzyň, barlygyna öwrenişen nämämiz bolsa, ýoklugyny görmek islemeris. Baglanan zadymyz, endik bolany üçin, hamala ondan öň durmuş ýok ýaly, durmuşymyzyň oň bilen bardygyny pikir etjek derejede kör bolarys.
Özümize haksyzlyk ederis. Biz biri bilen bar bolmadyk, biriniň ýoklugy bilen ýok bolar ýaly. Tezer Özlü şeýle diýýär:
“ Herkim herkimsiz ýaşap biler”
Bir ynsanyň durmuşy, başga bir ynsanyň durmuşy bilen manylaşyp biler belki, emma bir ynsanyň durmuşynyň ýeke özi manysyz däldir. Şeýle pikir edip görüň.
Ýoklugyna öwrenişip bilmerin diýen adamlaryňyz bolmadymy? Boldy. Öwrenişmediňizmi onsuzlyga? Öwrenişdiňiz.
Ýykyldyň, turup bilmerin diýdiňiz. Turmadyňyzmy? Turduňyz.
Geçmez diýen ähli agyrylaryňyz bilen immunitet gazandyňyz.
Indi ýitirdim diýip gynanan ol ynsandan öňdäki durmuşyňyzy göz öňüne getirip görüň, örän gowy ýaşaýardyňyz. Ondan soňam ýaşarsyňyz. Käbir jebirlerden gaçyp bilmersiňiz belki. Ýöne ol jebirleriň töwereginde-de gezmersiňiz. Agyryňy çek emma boýun bolma.
Şu sözi özüňize ýygy-ýygydan gaýtalaň:
“Ýykylan bolsam bu ilkinji gezek däl, ýene turaryn”
Hiç wagt birine men sensiz ýaşap bilmerin diýmäň, ýaşarsyňyz.
Size bolan, edilen zatlary unutmarsyňyz belki, emma olar bilen ýaşamaga öwrenişersiňiz.
Ýykylmakdanam gorkmaň, ýykylyň. Ýene aýakda durarsyňyz.
Sözümiň soňunda şuny aýtmak isleýärin:
Kalby owadan bolan, ýitirsede gazanar
34
368
garlawac
06.03.2024 00:58
Başyndan geçirdiň bir kem otuzy
Ýoldaşlaryň ata boldy bireýýäm.
Sen bolsa şol gyzy - şol ajap gyzy,
Soňsuz söýgi bilen henizem söýýäň
Seniň gelinligiň üýtgeşik bir zat,
Meňzemeýär bu görünýän gyzlara.
Gözellikde ýeke özi taý gelýär,
Aşyk-magşuklara - selbinýazlara.
Alym bilen alym ýaly gepleşýär,
Alym diýýär kesesinden syn eden.
Şahyr bilen şahyr ýaly gepleşýär,
Şahyr diýýär kesesinden syn eden.
Käte senin bilen pikir alyşýar,
Atomdan, kosmosdan, medisinadan.
Saňa akyl berýär, sana öwredýär,
Okuwda, durmuşda, garaz, her işde.
Asyl oňa gyz diýmegem dürüs däl,
Gökden inen perişde-le, perişde...
Yöne bir azajyk kemter yeri bar:
Entek şol gelinlik inenok dünýä.
Haçan injegini bilenok hiç kim,
Belki, inen bolsa, ony kim bilýä.
Belki, aramyzda ýaşap ýörendir,
Söýýändir, duýýandyr, göreşýändir ol.
Seniň oňa gezişin dek garaşyp,
Seniň söz gatarňa garaşýandyr ol.
awtor: Halyl Kulyýew
36
99
garlawac
02.03.2024 22:08
Gijelerne uklamaýan düňle men,
Ýüregmiň gussasyn syýa egisýär.
Soňsuz aladalar, soňsuz pikirler
Däli serde iki ýana towusýar...
Ylhamyň atyna garaşlydan men, 🙃
Boroşlydan men!
"Ýitirip öz ýalňyşlarmyň sanyny",
Soňkulara sapak etdim ökünjim.
Bir adam şat bolsa, gör, neneň ýagşy!
Dost öýkesin ýazýan bolsa ötünjim,
Sözlerimi başlap "Bagyşla"-dan men,
Dostlarma özümi bagyşladym men...🥰
Atam diýrdi: "Sabyr bilen ýetilýär
Bu dünýäniň ähli gowulyklarna..."
Gerek bolsa, sabyr käsäm jam bolar,
Ejizlemerinem, howlukmarynam
Pursatyň gelerne garaşmadan men,😌
Boroşlydan men!
Ýönekeý zatlara begenip ýörün,
Öňem köp syndy — diýp — göwün pyýalam.
Özgeleň sözüne çekmän ünsümi,
Gijelerne ak kagyzy syýalap,🤭
Köňlüniň dertlerin taraşladan men,
Boroşlydan men!
Göz ýetirdim ýetip on ýedi ýaşa:
Adam adam bolýan eken ýenjilip.
Soňky döwür ejizlänok ýüregim
Ýeňişlere ýetirýär — diýp — kynçylyk.
Hiç haçan doýmaryn göreşmeden men,✨
Boroşlydan men!
Türkmenistan diýrler meniň ýurduma,
Dünýä tanar.
Sora, kimden sorasaň!
Baş arzuwym: şu mukaddes topragy
Janym, tenim, sözüm bilen gorasam.
Şuňa şek ýetirseň, oňuşmaryn men!💯✨
Lebap welaýaty, Hojambaz etrap,
Bäş şirleň döreden geňeşliginden —
Boroşlydan men!
Sülgün BAZAROWA
35
108
garlawac
01.03.2024 09:55
GAÇYP GIDEN GYZA
Ýylgyrdyň öz böwrüň özüň gyjyklap,
Gyssandyň gunçalan göwnüň açmaga.
Sebäp ýokdy bukjalaryň gujaklap,
Önüp-ösen ojagyňdan gaçmaga.
Gaçdyň gitdiň sorup ýuwdunaryňdan,
Az ýaly öýňüziň tämiz howasy.
Çagalykda diňlän hüwdülerinden
Ýakymlydyr öýtdüň yşkyň owazy.
Aýdym-saza hem zenzelä çolaşyp,
Ýetdiň edýäň arzuwyňa - geregňe.
Şatlan, aldyň bu şatlygy çalyşyp
Ataň-eneň söýgüsiniň deregne.
Diýýäň bu gün «Razy bol» bir diýsemdim,
Ýalaňaç ökünçler örtänok seni.
Gözüň ýaşlap ataň öýün küýsediň,
A olar öýüne eltenok seni.
Örtenerler aglasaň sen, solsaň sen,
Gulagňa däl, ýeter a:gryň ýüregňe.
Bagtly dälsiň! Bagty alan bolsaň sen,
Ataň-eneň söýgüsiniň deregne.
Atajan Annaberdi
41
134
garlawac
01.03.2024 01:42
Ynanarsyň, ynamyň puja çykar, Öwrenşersiň...
Söýersiň, terk edilersiň, Öwrenşersiň...
Etmedigiň gowlyk, dökmedigiň gözyaş, uğruna gitmedigiň duýgy galmaz, degmejek biriniň ýerne goýularsyň, Öwrenşersiň...
İň ýakyn dostuňdan iň agyr zarbany alarsyň, Öwrenşersiň...
Kakaň hem seni ýary yolda goýup gitsede, başgalarnyň seni söýmegne mümkinçilik bermek islärsiň, mundan hem ýene bir zarba alarsyň, Öwrenşersiň...
Bu üytgeşik diýýärsiň, bu gezek beyle bolmaz diýýärsiň, ýöne özüňi ýene agyr ýagdaýda görýärsiň we muňada Öwrenşersiň...
Uzyn sözüň gysgasy: sen ynsansyň, dermany ýok diýen her derdiň bir çäresin taparsyň, onsuz ýaşap bilmerin diýersiň, yöne gül ýalam ýaşarsyň. Sebäp sen ynsansyň, her derde Öwrenşersiň...
Öwrenişmäne mejbur ýaşaýas bu durmuşy... İň köpem bu ýadadýar ynsany...
Sebäp durmuş her zada kaýyl edýär
Miraç Çağrı Aktaş.
36
185