garlawac
24.03.2024 07:28
Ikimizi duşurypdyr bu ykbal,

Birmeňzeş şäherde, meňzeş köçede.

Sen-ä bir ojagyň ýetişen ogly,

Menem bir maşgalaň gyzy ýekeje.


Sen örän az sözli, şeýle bir agras,

Menem çalt öýkelek, näzik göwünli.

Bilmedim, ozaldan birmi ýolumyz?!

Bolduk bir-birege aşa göwünli.


Göwünmi, ýürekmi, bilemok anyk,

Düşünerden duýgularym horaşan.

Gözleriňe baksam özümi görýän,

Ýa sen meň bagtymmy uzak garaşan

Garaşylan ýyllar bagt bolup gelsin,

Günler dowam etsin şeýle rejede.

Şükürim bihasap saňa duşanma,

Birmeňzeş şäherde, meňzeş köçede.


Nurgözel Ýazberdiýewa
29
109
möjek_daýy🐺
24 Mart 2024
@geldiyevna, olam bolar gowsy shuvagt aydayynda
möjek_daýy🐺
24 Mart 2024
@pilot✈, goshdum imo girip gorda ozin
möjek_daýy🐺
24 Mart 2024
@geldiyevna, olama bolar welin adynyzam aydaymalydynyzda
möjek_daýy🐺
24 Mart 2024
@geldiyevna, 👍, sizin adynyz namedi
möjek_daýy🐺
24 Mart 2024
@geldiyevna, gowy ady bar ekenlay men ziomymyn😌
möjek_daýy🐺
24 Mart 2024
@geldiyevna, men ozidir oytdumlay adyny bilemoga garlawajyn
möjek_daýy🐺
24 Mart 2024
❤️❤️❤️
möjek_daýy🐺
24 Mart 2024
Oziniz yazdynyzmy
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.