garlawac
08.03.2024 13:00
1). "Şemler bir sönenson, hemme aýallaram owadan..."
(Plutarh)


2).On sany agzym, on sany dilim bolsa-da, aýallaryň erkeklerden pul çilmek üçin edýän oýunlaryny sanap ýetişip bilmerin".
(Owidiý)


3). "Gabanjañ aýalyň gahar-gazaba ýugrulan gargyşy adamy guduzlan itden has beter zaýalaýar".
(Uilyam Şekspir)


4). "Aýallaryň gözýaşyndan has çalt kepeýän zat ýok".
(Jon Uebster)


5). "Ar-namysly zenanlaryň köpüsi idelmänson, üstünden barylman ýatan hazynalara meñzeýär".
(Fransua de Laroşfuko)


6). "Zenanlar mydama çakdan aşmaga meýilli, olar erkeklerden ýa has gowy, ýa-da has erbet".
(Žan de Labruýer)


7). "Zenan size ýüregini bermänem görsün, şonda onuñ teninin beýleki ýerlerinden özüñizi hiç haçanam halas edip bilmersiñiz".
(Jon Wanbru)


8). "Erkek bagtly durmuşdan lezzet alýar, aýal bolsa berýän bagtyndan".
(Pyer Şoderlo de Laklo)


9). "Urkaçy jandaryň in uly ýalñyşy adalat duýgusynyň ýoklugydyr".
(Artur Şopengauer)


10). "Zenanlar düşünmek üçin däl-de, söýülmek üçin ýaradylypdyr".
(Oskar Waýld)


11). "Bir zenan öz ýaşytdaş erkeginden hemişe yaş görünýändir".
(Elizabet Barrett Brauning)


12). "Zenan - Hudaýyň ikinji ýalñyşlygydy".
(Fridrih Nişse)


13). "Garakçylar ýa puluñy alar ýa janyñy, aýallar onuñ ikisinem alar".
(Semýuel Batler)


14). "Hakyky ýaşyny aýdan aýala hiç haçan bil baglamañ. Ýaşyny dogry aýdan aýaldan her zada garaşyberin".
(Oskar Waýld)


15). "Otuz ýyllap zenan ruhy bilen gyzyklanandygyma garamazdan häzirki wagta çenli jogabyny tapmadyk bir soragym bar: Aýal näme isleýär?"
(Zigmund Freýd)


16). "Ne gözellik, ne-de dilewarlyk. Käbir aýallar seýkin basyp şeýle bir yöreýärler welin, adamyň aklyny başyndan uçurýarlar".
(Redýard Kipling)


17). "Owadan aýallary hyýaly güýji bolmadyk erkeklere berip görsek näder?"
(Marsel Prust)


18). "Hudaý erkegi ýaradanda onuň ýeterlik derejede ýalñyz däldigini gördi we özüni hasam ýalñyz duýsun diýip oña bir taý ýaratdy".
(Pol Waleri)


19). "Köp zenan suratlandyrylyşy ýaly ýaş däl".
( Maks Birbom)


20). "Kyrk bäşinde owadan aýaldy, soñam uzak wagtlap şeýleligine galaýjak ýalydy".
(Anita Brukner)


21). "Erkek bilen bagtly ýaşajak bolsañ, oña köpräk düşünip azrak söýjek bolmaly. Ayal bilen bagtly ýaşajak bolsañ ony köpräk söýüp düşünmezlige çalyşmaly".
(Elen Roulend)


22). "Zenanlar rewolýusiýanam, rewolýusionerlerem ýigrenýär. Olar yuwaş gylykly, bankda işleýän we nahar wagtyndan gijä galman öýe gelýän erkekleri gowy görýärler".
(Genri Luis Menken)


23). "Aýallar bilen erkekler in bolmanda bir meselede birleşýärler: Olaryň ikisi-de aýallara ynanmaýar".
(Genri Luis Menken)


24). "Zenanlar ençeme asyrlardan bäri erkegi tebigy keşbinden iki esse uly görkezme güýjüne we jadysyna eýe aýna mysalydyr".
(Wirjiniýa Wulf)


25). "Aýallar erkeklerin tersine ilki söýýärler, soñ isleýärler".
(Anri de Monterlan)


26). "Aýal bolup dogulmaýar, aýal bolunýar".
(Simona de Bowuar)


27). "Ayal bilen diñe üç zady etmek mümkin: Ony söýüp bilersiniz, onun zaryny çekip bilersiniz, birem ony edebiýatlaşdyryp bilersiniz".
(Lorens Darrell)


28). "Zenana menden beter bendiwan bardyr öýdemok: munuñ elimde birnäçe delili bar".
(Alan Jeý Lerner)


29). "Sudda ýüzbe-ýüz bolýançañyz bir aýaly hiçem tanap bilmersiñiz".
(Norman Meýler)


30). "Erkeklerin derdi aýallarynkydan has köp. Olar hemme zatdan ötri aýallaryň näzine çydamaly".
(Fransuaza Sagan)


31). "Aýal adamsynyň ýygy-ýygydan atýan ýomaklaryna her sapar gülen bolup oña dönüklik edýär. Aýalyna garap: "Men sensiz nädip oñaryn?" diýýän erkegiñ bireýýäm işi gaýdandyr".
(Žermen Grir)


32). "Menden sorar bolsañ, azgyn heleýi diñlemän. Aşygyna sözlänin suwa, şemala yazmañ".
(Gaý Waleriý Katull)


33). "Aýallaryň hemmesi iru-giç ejelerine meñzeýär. Bu olaryň tragediýasydyr. Hiç bir erkek ejesine meñzemeýär. Bu hem onuñ tragediýasydyr".
(Oskar Waýld)


Toplan we terjime eden: Has TÜRKMEN.
Çeşme: https://kitapcy.ru/news/meshur_yazyjylaryn_we_akyldarlaryn_ayal_gyzlar_hakynda_aydan_sozleri/2020-03-09-10738
36
214
Myhman Myhman
9 Mart 2024
Uytgesik postlar goyyañ 👍
Myhman Myhman
9 Mart 2024
Mandarin sen kim
mandarin
9 Mart 2024
@geldiyevna, bayba cykdajy yene sana dusya😂🤣
mandarin
8 Mart 2024
@geldiyevna, cagalaryna gutladymy ya mollumlarny gutladymy😃😁
mandarin
8 Mart 2024
@orhideya_, okey😊
mandarin
8 Mart 2024
@orhideya_, bayramnz bn gutlayan sizem 😊
mandarin
8 Mart 2024
Garlawac bayramynz gutly bolsyn
mandarin
8 Mart 2024
@orhideya_, salam bayramynz bn gutlayan
mandarin
8 Mart 2024
@geldiyevna, salam genje bayramnz bn gutlayan
ideallider
8 Mart 2024
@orhideya_, hoşgördük. Howwa. Men hem başgalarda begenýärdim🙂👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.