https://owrenmeli.app/63122-watanma-ek-etirse-oumaryn-men.html#comment
garlawac
02.03.2024 22:08
Gijelerne uklamaýan düňle men,
Ýüregmiň gussasyn syýa egisýär.
Soňsuz aladalar, soňsuz pikirler
Däli serde iki ýana towusýar...
Ylhamyň atyna garaşlydan men, 🙃
Boroşlydan men!
"Ýitirip öz ýalňyşlarmyň sanyny",
Soňkulara sapak etdim ökünjim.
Bir adam şat bolsa, gör, neneň ýagşy!
Dost öýkesin ýazýan bolsa ötünjim,
Sözlerimi başlap "Bagyşla"-dan men,
Dostlarma özümi bagyşladym men...🥰
Atam diýrdi: "Sabyr bilen ýetilýär
Bu dünýäniň ähli gowulyklarna..."
Gerek bolsa, sabyr käsäm jam bolar,
Ejizlemerinem, howlukmarynam
Pursatyň gelerne garaşmadan men,😌
Boroşlydan men!
Ýönekeý zatlara begenip ýörün,
Öňem köp syndy — diýp — göwün pyýalam.
Özgeleň sözüne çekmän ünsümi,
Gijelerne ak kagyzy syýalap,🤭
Köňlüniň dertlerin taraşladan men,
Boroşlydan men!
Göz ýetirdim ýetip on ýedi ýaşa:
Adam adam bolýan eken ýenjilip.
Soňky döwür ejizlänok ýüregim
Ýeňişlere ýetirýär — diýp — kynçylyk.
Hiç haçan doýmaryn göreşmeden men,✨
Boroşlydan men!
Türkmenistan diýrler meniň ýurduma,
Dünýä tanar.
Sora, kimden sorasaň!
Baş arzuwym: şu mukaddes topragy
Janym, tenim, sözüm bilen gorasam.
Şuňa şek ýetirseň, oňuşmaryn men!💯✨
Lebap welaýaty, Hojambaz etrap,
Bäş şirleň döreden geňeşliginden —
Boroşlydan men!
Sülgün BAZAROWA
35
108