garlawac
12.03.2024 06:11
Men nä bu ykbaly diläp aldymmy?!

Dilenip alnany bormy derdiňem.

Men gussamyň nämedigni soradym,

Bagtly bolmak hakda gürrüň berdiler.


Kalbymdaky aýdylmadyk aýdymy

Çem gelene aýtmakçydym, dözmedim.

Ýalňyşlygym — goşgy ýazýan gyzdanam

Filosofiýa gözledim.


Bigäne günleriň ötdügi bolsun,

Köňlüm içre mährabymdyň syndygym.

Sen bilýäňmi, bu dünýäniň ýüzünde

(Tirkişmyrat ady bilen tanalyp),

Martin bolup ýaşamagyň kyndygyn.


Men nä bu ykbaly diläp aldymmy?!

Dilenip alnany bormy derdiňem.

Men gussamyň nämedigni soradym,

Bagtly bolmak hakda gürrüň berdiler.


Tirkişmyrat NURÝAGDYÝEW
34
141
gerceknazar
12 Mart 2024
Al mendenem bir ýürejik. Şular ýaly gowy goşgylary paýlaşyp duruň.
alma___
12 Mart 2024
Gowy gaşgy 👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.