garlawac
06.03.2024 09:33


Ýitirmek, durmuşyň adaglysy meň pikirimçe. Hemmämiz ýitirmek duýgusyny başdan geçirdik ýa-da hökman bir gün başdan geçireris. Ýitirmek ölüm ýaly bir zat. Jebir çekdirýär, emma öldürmeýär. Öldürmeýän jebir ynsany hasam güýçlendirýär.

Käwagt ýitirmegem gowudyr. Ýitiren zatlaryňdan gowy gazanç gazanarsyň. Bu gün bir zatlary ýitiren bolup bilersiň, ýere ýykylan bolup bilersiň, hatda bu wagtlarda wagtal-wagtal ýanyňda barlygyny duýjak birlerine mätäçlik duýup ähli aladalaryň hötdesinden ýeke özüň gelmäge synanyşýanam bolup bilersiň.

Ýitirmek ýaralar, ýadadar. Jepasy kyndyr, ýöne ýitireniňden we ýykylanyňdan soň ýeke özüň aýaga galmagyň lezzedini aýdyp bilmerin. Bu aýdylmaz, başdan geçirilip biliner. Käwagt bir zatlary gazanmak üçinem ýitirmeli bolýarsyň.

Tejribe diýýän zadymyz aňsat gazanylanok. Bişmek üçin biraz ýanmak gerek.

Ynsan käte ýanmagam göze almaly.
Käbir söweşlerde-de, käbirlerini ýitirip ýeňiş gazanylýar.
Bu gün ýitirip, ertesi gün durmuşa ýitiren ýeriňizden dowam ediň. “ Bes etme, durmuş dowam edýär”
Şu sözlemi näme bolsa bolsun, aklyňyza ýazmagyňyzy we erbet ýagdaýyňyzda gaýtalamagyňyzy isleýän. Bu söz sizi ýykylan ýeriňizden galdyrmaz, emma el uzadar size. Näme başdan geçirseňizde unutmarsyňyz, diňe oňa öwrenişersiňiz.

Näçe ýaşyňyzda bolsaňyz boluň, nähili ýaşasaňyz ýaşaň, Albert Camusuň diýişi ýaly: “Ynsan öňde-soňda hemme zada öwrenişýär”

Käte käbirlerine şeýle baglanýarys, baglanan zadymyzyň, barlygyna öwrenişen nämämiz bolsa, ýoklugyny görmek islemeris. Baglanan zadymyz, endik bolany üçin, hamala ondan öň durmuş ýok ýaly, durmuşymyzyň oň bilen bardygyny pikir etjek derejede kör bolarys.

Özümize haksyzlyk ederis. Biz biri bilen bar bolmadyk, biriniň ýoklugy bilen ýok bolar ýaly. Tezer Özlü şeýle diýýär:
“ Herkim herkimsiz ýaşap biler”

Bir ynsanyň durmuşy, başga bir ynsanyň durmuşy bilen manylaşyp biler belki, emma bir ynsanyň durmuşynyň ýeke özi manysyz däldir. Şeýle pikir edip görüň.
Ýoklugyna öwrenişip bilmerin diýen adamlaryňyz bolmadymy? Boldy. Öwrenişmediňizmi onsuzlyga? Öwrenişdiňiz.

Ýykyldyň, turup bilmerin diýdiňiz. Turmadyňyzmy? Turduňyz.

Geçmez diýen ähli agyrylaryňyz bilen immunitet gazandyňyz.

Indi ýitirdim diýip gynanan ol ynsandan öňdäki durmuşyňyzy göz öňüne getirip görüň, örän gowy ýaşaýardyňyz. Ondan soňam ýaşarsyňyz. Käbir jebirlerden gaçyp bilmersiňiz belki. Ýöne ol jebirleriň töwereginde-de gezmersiňiz. Agyryňy çek emma boýun bolma.

Şu sözi özüňize ýygy-ýygydan gaýtalaň:
“Ýykylan bolsam bu ilkinji gezek däl, ýene turaryn”


Hiç wagt birine men sensiz ýaşap bilmerin diýmäň, ýaşarsyňyz.
Size bolan, edilen zatlary unutmarsyňyz belki, emma olar bilen ýaşamaga öwrenişersiňiz.
Ýykylmakdanam gorkmaň, ýykylyň. Ýene aýakda durarsyňyz.

Sözümiň soňunda şuny aýtmak isleýärin:

Kalby owadan bolan, ýitirsede gazanar
34
368
jugalyan
27 Mart 2024
@sazsoft, bu dogrudy aslynda
ylham_gurbanaly
18 Mart 2024
Şonsuz ýaşamak ýa-da şonsuz ölmek. O zatlar islege bagly. Ýaşamak bilen yaşamagyň, ölmek bilen ölmegiň tapawudy köpdür...
flowers_
8 Mart 2024
@garlawac, biografiýada häli gowy goşgy okapdym, bulutlar äkitdimi ýa ýagşa ezildimi)
sazsoft
7 Mart 2024
Ýöne ýalňyşam däl, içimizdäki hemme zat: arzuw-umytlar, maksatlar, duýgular we ş.m. ölensoň, biz ýaşamaýas, diňe diri bolýas. Ýaşaman diri gezmek bilen ölmegiň arasynda tapawudam ýok. Diýmek, biz iki gezek ölýän ekenik. Emma aslynda, biz jaýlanýançak 1 däl, birnäçe gezek ölüp-direlýäs (Has dogrusy, direlmäge mümkinçiligimiz bar)... 🥺
sazsoft
7 Mart 2024
@garlawac, Bu haýsy meşhuryň sözüdigin-ä bilemok. Ýöne Adolfyň bir sözi ýadymda: "Men söýgiden urşy gowy görýän, uruşda biz diňe bir gezek ölýäs, söýgide her gün" :))
sazsoft
7 Mart 2024
"Hiç wagt birine «men sensiz ýaşap bilmerin» diýmäň, ýaşarsyňyz". Elbetde, ölmän gezeris, emma ýaşamarys. Ýaşamak bilen ölmän gezmegiň arasynda Ýer bilen Gök ýaly tapawut bar. Men 30 ýyl bäri ölmän gezip ýörün, emma ýaşadym diýsem, ýalançy bolaryn 🥺
gul_je
6 Mart 2024
Howa yitiryan belki ol gowlugadyr🙃
alma___
6 Mart 2024
Durmyş dowam edýàr gòzýaşyñ sùpùr. Ýeriñ ùsti bilen gideli òñe.(Kerim aga)
💫Umudum
6 Mart 2024
Gowy sozler bar😇👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.