flowers_
04.08.2024 21:27
Göwnüm tapmak kyn düşer.
Meň göwnümi tapmak saňa kyn düşer,
Ýagyş bolsaň, göwnüm gary höweslär.
Saňa daş zat maňa has ýakyn düşer,
Sen gin bolsaň, göwnüm dary höweslär.
Düşünmeseň goşgularmyň heňine,
Nädip ýetjek,men göwnümiň deňine?!
Sen asuda ýanýaň yşgyň şemiňe,
Meniň göwnüm ataş-nary höweslär...
Gin bolsa-da bu dünýänin çygyry,
Neçün alnymyzda ýyllan ýygyry?!
Erteki sen,
a men göwnüm şygyry...
Hemem akyp ýatan many höweslär...
Kyn düşse-de diýip "Men nä Leýlimi?"
Jahekleýän, saňa bolan meýlimi.
Sen küýsärsiň şol baglaryň seýlini,
Meniň göwnüm belent dagy höweslär...
Ýakynlaşyp bilmän,
bilmän höwrüge,
Diýýäň "Ne kyn, gep düşürmek göwnüňe?!"
Sen gidiber...
ýöne, gelme, öwrülip!
Göwün, meger, ýalňyz çagy höweslär...
@ Aýgül Garaýewa.
16
52
flowers_
02.08.2024 22:16
Aşyga hat.
Awtory: Gülşirin HANOWA.
Bar zatda gara bagtym,
Garpyz ýardym, ak çykdy.
(Halk döredijiliginden)
Alma atdym, nar geldi,
Köýnek biçdim, dar geldi.
Kölge düşdi üstüme,
Öýe girdim, ýar geldi.
Yşk çolaşdy kelebe,
Döndüm galdym Seneme.
Barabilmen, Garybym,
Habar ýetdi eneme.
Baý göwni zerde galdy,
Magşugyň derde galdy.
Getirsinler ýüregmi,
Duşuşyk ýerde galdy.
Süýji-süýji sözleme,
Syrly-syrly gözleme.
Buýra saç, kelte ýigit,
Söýýäniňi gizleme.
Müň ýokluk bir bar bolmaz,
Haky söýen har bolmaz.
Özüň beýle gynama,
Menden saňa ýar bolmaz.
Agzym süýjüdeý diýdim,
Nabat tapdym, zäk çykdy.
«Bar zatda gara bagtym,
Garpyz ýardym ak çykdy».
15
187
flowers_
25.07.2024 20:03
◆Durmuşy danalyklar.
1. Iň uly päsgelçilik – Gorky;
Iň howply adam – Ýalançy;
Iň ähtiýalan duýgy – Göriplik;
Iň gözel hereket – Bagyşlamak;
Iň gowy gorag – Ýylgyryş.
2. Adamlar başga ýere göçüp gitseler bagtly bolarys öýdýärler. Emma soň olar nirä göçselerem ýanlary bilen özlerinem alyp gaýdandyklaryna göz ýetirýärler.
3. Bagt – bu posa ýalydyr. Ondan lezzet almak üçin ony kimdir biri bilen paýlaşmaly.
4. Özleriniň däl-de siziň halyňyzyň harap wagtynda ýanyňyza gelýänleriň gadryny biliň!
5. Gözüňizi açmaga çalyşýanlaryň agzyny ýumdurmaň!
6. Özlerine kömek etmeýän adamlara ýardam berjek bolmagyň hiç hili manysy ýokdur. Eger-de adamyň özi basgançakdan ýokaryk galmak islemese, ony ýokaryk galmaga mejbur etmek mümkin däldir.
7. Her kes ýalňyşýar. Ýalňyşyny mynasyplar boýun alýar. Edermenler ötünç soraýar. Gaýratly gatnaşmagyny dowam edýär.
8. Nämedir bir zady üýtgetmek isleýän bolsaň, batyrgaý bol! Eger-de nämedir bir zady üýtgedip bolmajak bolsa sabyrly bol! Haçan batyrlygyň, haçan bolsa sabyrlylygyň gerekdigini bilmek üçinem dana bol!
9. Eger-de kimdir biri saňa çukur gazýan bolsa – päsgel berme! Gazyp bolanyndan soň, onuň çukuryny özüňe serhowuz edinersiň. Eger-de seniň süňkleriňi ýuwýan (gybatyňy edýän) bolsalar – minnetdar bol! Soň süňkleriňde artroz emele gelmez. Eger-de seniň ýeňsäňden tüýkürýän bolsalar – buýsan! Diýmek sen öňde barýansyň. Eger-de nähak göwnüňe degseler – öýkeleme, ar aljak bolma! Seret, seniň deregiňe durmuş nädip ar alýar!
10. Eger-de sen haçanam bolsa hakykatdan-da bagtly bolan bolsaň, şol pursatda eden işiňe jinnek ýalam ökünme!
11. Kimdir birinden ötünç soramak seniňkiň-ä nädogrudygyny, onuňkyňam dogrudygyny aňlatmaýar. Bu diňe seniň üçin araňyzdaky gatnaşyklaryň şahsy men-menligiňden gymmatlydygyny aňladýar.
12. Adamlar iki topara bölünýärler. Birinjileri otaga girip: “Oh-how, men kimleri görýän!” diýip, begenýärler. Ikinjiler: “Ine-de men!” diýip, habar berýärler.
13. Durmuşda iň kyn zat – haýsy köprüden-ä geçmelidigini, haýsynam otlamaldygyny kesgitlemek.
14. Häzirki döwürde şerapsyz şatlanmagy, neşesiz arzuw etmegi hem-de internetsiz söhbet etmegi öwreniň!
15. Fridrih Nişse: “Men özüme ýalan sözländiklerine gynanmaýaryn. Men indi özümi aldana ynanyp bilmejekdigime gynanýaryn!” diýipdir.
16. Öz ýüregiň nirede ýaşaýandygyny anyklamak üçin, arzuwa çümeniňde aňyň nirelerde gezýändigine üns ber!
17. Edil bütin şäheri diňe swetoforyň ýaşyl yşygynda kesip geçip bolmaýşy ýaly, bütin ömrüňe-de kimdir biri bilen sögüşmän, dawalaşman ýaşap bolmaýar.
18. Adamlara “ýok” diýmäni başarmaly. Ýogsa olaryň barha bihaýalaşmak häsiýeti bar.
19. Özüňi deňeşdirmäge borçly ýekeje adamyň – bu hem seniň geçmişdäki özüň! Onsoňam, sen diňe şu wagtky özüňden gowy bolmaga borçlusyň!
20. Özüňi erbet duýan ýerleriňe dolanyp barma! Haýyşyňy bir gezek ret edenlere soň ýüz tutma! Özüňi ynjydanlaram ikilenç golaýyňa getirme!
21. Adamyň zannynda üç sany altyna gaplaýmaly häsiýet bar: sabyr, çeniňi bilmek duýgusy we dymmagy başarmak. Adatça, durmuşda bu häsiýetleri adama akyldan, zehinden hem-de owadanlykdan has gowy ýardam berýärler.
22. Kimdir biri bilen hiç haçan pul üçin, çagalaryň hatyrasyna ýa-da dözmezçilikden ýaşama! Çünki, pul ýüregiňe düşer, çagalar ulalar, haýpygelme bolsa ýigrenje öwrüler.
23. Kimdir birinden iň gowy ar alyş – onsuzam oňup bilýändigiňi görkezmekdir!
24. Gowy adamlar size bagt getirer, erbet adamlar size tejribe berer, has ýaman adamlar size sapak berer, aňrybaşy ajaýyp adamlar bolsa size ajaýyp ýatlamalary peşgeş bererler.
25. Genri Wan Deýk şeýle diýipdir: “Özüňizde bar bolan zehini ulanyň. Çünki, diňe beýlekilerden gowy saýrap bilýän guşlar tokaýda saýrasady, onda tokaýda juda tukat ümsümlik höküm sürerdi”.
Dürli internet maglumatlaryndan alnyp, taýýarlandy
Çeşme:Islenen.ru
18
266
flowers_
25.07.2024 02:16
HAKYKAT.
«Sensiz guşlar saýramaýar»
Aýdymdan
Sensiz guşlaram saýrady,
Güllerem açdy gunçasyn.
Durmuş piňe-de almady,
Söýginin onça-munçasyn.
Aýralyk ajy derman deý,
Söýgiň emi-ýomy boldy.
Seni ýitirip tanadym.
(Beýgeleniň gowy boldy).
Gedem göwnüm,
neden göwnüm,
Saňa togap ediberdi?!
Ýüzüme bir seretdi-de,
Durmuş dowam ediberdi...
Eden uly işimiz ýok,
Kalba köz basdyk diýmeseň...
«Halyň niçik?» diýşenem ýok,
Ezilen ýassyk diýmeseň...
Aglaýanym, dözmeýänim,
«Söýgim aýnamady» diýip,
Ýöne, ýalan sözlemäýin,
«Guşlar saýramady» diýip...
© Aýgül Garaýewa.
31
224
flowers_
08.07.2024 11:48
Atamyrat Atabaýewiň goşgularyndan.
* * *
Seni tapyp, men özümi ýitirdim,
Ömrümiň ýaryna çeken gözlegde.
Men öz belet şäherimde azaşdym,
Azaşdym men seniň gara gözleňde.
Bilemok ýüregňe barýan ýoly men,
Hem tapamok barýan ýoly tünegme.
Adam aljyrarmyş bagty ýatanda,
Aljyrarmyş adam bagty çüwende.
Bu bagtmy ýa betbagtlykmy, kim bilýär?
Ýalňyşýar söýgüden bagtyn agtaran.
Ejizdir öz betbagtlygna ynanan,
Bagtly däldir: “Bagtly men” diýp magtanan.
Söýgüde bagtam ýok, betbagtlygam ýok,
Söýgi diňe salýar ýürege dowul.
Şoň üçinem yşkyň ýoly kötelli,
Şoň üçinem yşkyň kadasy ýowuz.
Gözleri ümezlär yşka düşeniň,
Açyk gözler aýdyň ýoly saýgarmaz.
Yşk bir ýowuz dertdir, bu derde ýolgan
Ýaryň wysalyna ýetmän aýňalmaz.
Men aýňalman, halas boljak bolamok.
Ýokdur yşk derdine ýolugyp ölýän.
Ýüregime täze ýara salsa-da,
Bu sataşan derdim köne dert örän.
***
HORASANYŇ DURNASY.
Gurbannaza Ezizowyň ýadygärligine
Uçup gitdi Horasanyň durnasy,
Bulutly güýz güni uçup gitdiler.
Güýzüň öňki gussasynyň urnasy
Bolup bizden ara açyp gitdiler.
Saralan bu seleň sährany synlap,
Geçip gitdi gök ýüzünden hatarly.
Güýz güni gussadan gutulmak kyn zat,
Adam sähel zada gussa batarmy?
Sähel zada gussa batýar adamzat,
Iň bolmanda görüp durnaň nyzamyn
Durnalaň yzyndan bakýar adamzat,
Syzyp, agyr aýralygyň yzasyn.
Senem bu gün gama batdyň, Garagum,
Seredip, saralan selin, selmäňe,
Durnalaň sesinden syzýar ýüregim,
Wada berýär olar ýene gelmäge.
Gülüp giden saňa dolanar aglap,
Aglap giden ýene aglap dolanar...
Alys menzillere göwnüni baglap,
Güýz gelende uçup gider durnalar.
Bir goja şol durnalara seredip,
Uludan dem aldy, ýuwdup gussasyn.
Olar bolsa uly ile jar edip,
Agzybir bolmagyň beýik nusgasyn,
Uçýar al-asmandan owadan nagyş,
Uçýar al-asmandan bir beýik şygar.
Hem ýatladyp barýar: "Golaýdadyr gyş"
Durnalar daş ýurda edende ylgar.
Şol durnalaň kümüş goşup örmeli
Perin galam edip, ýazylsa şygyr.
Bu mekany şol terk edip ýörmegi
Durnalara kynmy ýa bize agyr?
Parhly mydam gussa batyp ýörmeli,
Parhsyzlarda uly gussa döretmän,
"Ýapyň - diýip - açyk duran törleri"
Çagalaryň gyk-bagyna seretmän,
Bakyp saban atyzlara, pellere,
Bu gamly görnüşe gyýylýan ýaly,
O diýen bat bermän ganat-perlere,
Galdyryp gitdiler dogduk diýary.
Agaçlar yzyndan garap galdylar,
Ýapraklaryn gözýaş kimin düşürip,
Hem başlaryn çala yrap galdylar,
Bu görnüşe adam kimin düşünip,
Hatda seleň selle günebakar-da,
Kellesin meňzedip äpet gapaga,
Honda ýaşyp barýan Güne bakar-da,
Durnany ugradar tylla şapaga.
Durnalaryň bolsa göwni bir ýaly,
Piňine däl özgäň boýun burmasy.
Aýryp ömrümizden tutuş bir ýazy,
Uçup gitdi Horasanyň durnasy...
* * *
O günler şeýle bir tiz geçdi ýa-da
Şeýlemikä bagtly günleň ykbaly?
O günler şeýle bir tiz geçdi göýä
Tüpeňden atylyp çykan ok ýaly.
Köňül - ganatlary gyrylan guş deý,
Uçmaga hiç ýana edenok meýil.
Ol ajaýyp günler şeýle tiz geçdi,
Üstümden garlawaç kölgesi deýin.
Häzir meň şeýle bir sussum pes,
hatda Aglara agy ýok, gülere gülki.
Ýatlamalar galdy o günler hakda,
Ýürek sende galdy, göwräm özümki.
Şol şat günler hasrat bolup bu beýnä
Guýulyp, aklym has goýalan ýaly,
Gezip ýörün bir ajaýyp düýş görüp,
Iň oňat ýerinde oýanan ýaly.
16
73
flowers_
06.07.2024 20:24
Sergeý Ýeseniniň terjime edilen goşgularyndan.
EJEME HAT
Diri gezip ýörmüň, garryja enem?
Menem diri, saňa ýollaýan salam.
Goý, seniň şol garyp külbäň üstüne
Aý şuglasyn saçyp dursun elmydam.
Maňa hat ýazýarlar düşüp howsala,
Meni küýsäp gezýärmişiň gussaly.
Her gün ýola çykýarmyşyň zowzalap,
Egne geýip sary giden possuny.
Agşam düşse mawy gijäň tümünde
Eýmenç düýşler seň beýniňi çokýarmyş.
Kimdir biri meýhananyň jeňinde
Meň ýüregme fin hanjaryn sokýarmyş.
Rahatlan, ezizim, gamlanma, käbäm,
Aýyr serden beýle agyr hyýaly.
Men juda bir köçä zyňylan däl-ä,
Seni görmän ölüp gidäýer ýaly.
Henizlerem öňkim ýaly näzik men,
Hemem arzuw edýän şol bir zat hakda:
Göwnüm - gamdan dynyp, duman içinden
Çykyp basym garyp külbä barmakda.
Bararyn tupany sowulyp gyşyň,
Bahar baglar gülden geýende ak don.
Şonda meni, senden ýeke haýyşym:
Sekiz ýyl öňkiň deý oýarma daňdan.
Uklan arzuwlarmy oýarma serde,
Goý, şonlugna galsyn paşmadyk hyýal.
Juda ir uçradym tükenmez derde,
Ýitirdim, ýadadym, keç boldy ykbal.
Hem öwretme çokunmany, gerek däl,
Ýokdur asla geçen günleň gaýdymy.
Sen ýeke-täk şatlygym sen ýürekde,
Sen ýeke-täk aýdylmadyk aýdymym.
Ýatdan çykar howsalaňy, gussaňy,
Hem delminip bakma saga-sollara.
Egne geýip sary giden possuny,
Meni idäp çykyp durma ýollara.
Terjime eden: Atamyrat Atabaýew.
* * *
Hawa! Tamam boldy, gutardy bary.
Men baky unutdym eziz topragy.
Indi meň depämde kakmaz-la tary
Derekleriň altyn şelpe ýapragy.
Garry itim ölüp gitdi gör, kanda,
Pessejik jaýymam çöküpdir gaýym.
Meni Moskwanyň dar köçesinde
Şum ajala buýran eken Hudaýym.
Şonda-da söýgi kän bu ýerde mende,
Goý, ol köne bolsun, goý, bolsun harap.
Onuň gyzyl täçli gümmezlerinde
Göýä altyn Aziýa ýatyr meýmiräp.
Gije asman Aýy bakanda gülüp,
Wah, kim habar alýar onuň halyndan.
Men gidip barýaryn başymy salyp,
Tanyş meýhanama, tanyş ýolumdan.
Ol näletli ketek - mesgen köplere,
Tä daňa çen dowam edýär güpürdi.
Goşgy okap berýän men jeleplere,
Hem banditler bilen urýan spirdi.
Ýürek bolsa bökýär, gaçýar mejaly,
Başlaýan ýerliksiz sözler aýtmaga:
"Menem bir gutaran edil siz ýaly,
Indi ýol ýok maňa yza gaýtmaga."
Garry itim ölüp gitdi, gör, kanda,
Pessejik jaýymam çöküpdir gaýym...
Meni Moskwanyň dar köçesinde
Şum ajala buýran eken Hudaýym.
Terjime eden: Nury Baýramow.
IT HAKDA AÝDYM
Säher al şapakdan alanda ody,
Ýananynda ak sähranyň gujagy.
Ganjyk ýedi sany güjük guzlady,
Ýedi sany çypar sary güjügi.
Söýdi baryn garalýança ýalançy,
Dili bilen olaň tüýün ýalady.
Ýerde ýatan näzik, ýuka garjagaz
Ýyly garnyň aşagynda eredi.
Agşam towuk bary üýşüp her taýdan
Düzülende nar üstüne kirş deýin.
Güjükler halta gapgaryp öýden
Çykyp gitdi agyr ýüzli hojaýyn.
Ganjyk hojaýynyň yzyndan galman,
Ylgady, duýmady pesi belendi...
Şeýdip uzak salym gyş güni doňman
Duran suwuň tolkunlary elendi.
Hesretden müzzerip, sesin çykarman
Öýe gaýdyp gelýän çagy, gör, indi,
Obanyň üstünde dogan çypar
Aý Güjüklerniň biri bolup göründi.
Bu mawy belende garap gussada
Zaryn sesli uzyn-uzyn uwlady.
Inçejik Aý bolsa assa-assadan
Baýyrlaryň aňyrsynda duwlandy.
Şonda ýöne ýerden - gülki üçin ylla,
Zyňylan daş deýin onuň kastyna,
Ganjygyň gözleri misli bir tylla -
Ýyldyz bolup gaçdy garyň üstüne.
Terjime eden: Gurbannazar Ezizow.
19
92
flowers_
03.07.2024 15:19
Fýodor Mihaýlowiç Dostoýewskiýden 33 sitata
Bildiriş:
Durmuşyň, söýginiň we bagtyň manysy hakda beýik ýazyjy we akyldar.
1. Durmuşy durmuşyň manysyndan has gowy görmeli.
2. Erkinlik, özüňizi çäklendirmek däl-de, özüňizi dolandyrmak barada.
3. Hemme zatdan geçmek howply bir çyzyk bar; sebäbi bir gezek geçensoň, yza gaýdyp bolmaz.
4. Bagt bagtda däl, diňe üstünlikde bolýar.
5. Hiç kim ilkinji ädimini ätmez, sebäbi her kim özara däl diýip pikir edýär.
6. Rus halky görgülerinden lezzet alýan ýaly.
7. Durmuş maksatsyz dem alýar.
8. Başga biri meniň nähili derejede ejir çekýändigimi bilmez, sebäbi ol men däl.
9. Biziň her birimiz wepaly. Birine ýa-da birine.
10. Kitap okamagy bes etmek pikirlenmegi bes etmegi aňladýar.
11. Rahatlykda bagt ýok;
12. Hakyky söýýän ýürekde gabanjaňlyk söýgini öldürýär, ýa-da söýgi gabanjaňlygy öldürýär.
13. Aşyk bolmak söýmek diýmek däldir. Aşyk bolup, ýigrenip bilersiňiz.
14. Adamy ýok etmek üçin gaty az zat gerek: diňe edýän işiniň hiç kime peýdasyzdygyna ynandyrmaly.
15. heartüregi we akly bolmadyk samsyk, ýüreksiz akly samsyk ýaly betbagt. Köne hakykat.
16. Eserleri üstünlik gazanyp bilmedik ýazyjy aňsatlyk bilen tankytçy bolýar: edil ejiz we tagamsyz şerap ýaly ajaýyp sirke öwrülip bilýär.
17. Ol akylly adam, ýöne akylly hereket etmek üçin diňe akyl ýeterlik däl.
18. Maksadyňyza tarap ýola düşseňiz we size üýrýän her ite daş zyňmak üçin ýolda durup başlasaňyz, maksadyňyza asla ýetip bilmersiňiz.
19. Ruslar aglamaly bolanda köplenç gülýärler.
20. Gün şöhlesiniň adamyň şöhlesine näme edip biljekdigi geň galdyryjy!
21. goodagşylyk etmek isleýän adam, elleri daňylsa-da köp zat edip biler.
22. Ynsan gudrat ýaly Hudaýy kän gözlemeýär.
23. Gözellik dünýäni halas eder.
24. Hakykatdanam, adamlar käwagt adamyň “zalym” zalymlygy hakda gürleýärler, ýöne bu haýwanlara gaty adalatsyz we kemsidiji: haýwan hiç wagt adam ýaly zalym bolup bilmez, çeper, çeperçilik taýdan zalym bolup bilmez.
25. Uly adamlar, hatda iň kyn meselede-de çaganyň gaty möhüm maslahat berip biljekdigini bilenoklar.
26. Mekdeplerdäki çagalar rehimsiz adamlar: aýratynlykda olar Hudaýyň perişdeleri, ýöne bilelikde, esasanam mekdeplerde olar köplenç rehimsiz.
27. memoryadyňyzy nägilelik bilen ýapmaň, ýogsam owadan pursatlara ýer galmaz.
28. Aldawçylar dogruçyl adamlary gowy görýärler.
29. Gysga kwartirada hatda pikirlerimiň hem gysykdygyny gördüm.
30. Özüm bilen gürleşýän ýaly, iň bolmanda bir adam bilen hemme zat hakda gürleşmek isleýärin.
31. Gujaklamagy bilýän adam gowy adam.
32. Dostum, dymmagyň gowy, howpsuz we owadandygyny ýatdan çykarma.
33. Öz-özüňi ýok etmek kanuny we öz-özüňi goramak kanuny adamzada deň derejede güýçlidir.
19
313