flowers_
08.07.2024 11:48

Atamyrat Atabaýewiň goşgularyndan.

* * *

Seni tapyp, men özümi ýitirdim,
Ömrümiň ýaryna çeken gözlegde.
Men öz belet şäherimde azaşdym,
Azaşdym men seniň gara gözleňde.


Bilemok ýüregňe barýan ýoly men,
Hem tapamok barýan ýoly tünegme.
Adam aljyrarmyş bagty ýatanda,
Aljyrarmyş adam bagty çüwende.


Bu bagtmy ýa betbagtlykmy, kim bilýär?
Ýalňyşýar söýgüden bagtyn agtaran.
Ejizdir öz betbagtlygna ynanan,
Bagtly däldir: “Bagtly men” diýp magtanan.


Söýgüde bagtam ýok, betbagtlygam ýok,
Söýgi diňe salýar ýürege dowul.
Şoň üçinem yşkyň ýoly kötelli,
Şoň üçinem yşkyň kadasy ýowuz.


Gözleri ümezlär yşka düşeniň,
Açyk gözler aýdyň ýoly saýgarmaz.
Yşk bir ýowuz dertdir, bu derde ýolgan
Ýaryň wysalyna ýetmän aýňalmaz.


Men aýňalman, halas boljak bolamok.
Ýokdur yşk derdine ýolugyp ölýän.
Ýüregime täze ýara salsa-da,
Bu sataşan derdim köne dert örän.
***

HORASANYŇ DURNASY.
Gurbannaza Ezizowyň ýadygärligine


Uçup gitdi Horasanyň durnasy,
Bulutly güýz güni uçup gitdiler.
Güýzüň öňki gussasynyň urnasy
Bolup bizden ara açyp gitdiler.


Saralan bu seleň sährany synlap,
Geçip gitdi gök ýüzünden hatarly.
Güýz güni gussadan gutulmak kyn zat,
Adam sähel zada gussa batarmy?


Sähel zada gussa batýar adamzat,
Iň bolmanda görüp durnaň nyzamyn
Durnalaň yzyndan bakýar adamzat,
Syzyp, agyr aýralygyň yzasyn.


Senem bu gün gama batdyň, Garagum,
Seredip, saralan selin, selmäňe,
Durnalaň sesinden syzýar ýüregim,
Wada berýär olar ýene gelmäge.


Gülüp giden saňa dolanar aglap,
Aglap giden ýene aglap dolanar...
Alys menzillere göwnüni baglap,
Güýz gelende uçup gider durnalar.


Bir goja şol durnalara seredip,
Uludan dem aldy, ýuwdup gussasyn.
Olar bolsa uly ile jar edip,
Agzybir bolmagyň beýik nusgasyn,


Uçýar al-asmandan owadan nagyş,
Uçýar al-asmandan bir beýik şygar.
Hem ýatladyp barýar: "Golaýdadyr gyş"
Durnalar daş ýurda edende ylgar.


Şol durnalaň kümüş goşup örmeli
Perin galam edip, ýazylsa şygyr.
Bu mekany şol terk edip ýörmegi
Durnalara kynmy ýa bize agyr?


Parhly mydam gussa batyp ýörmeli,
Parhsyzlarda uly gussa döretmän,
"Ýapyň - diýip - açyk duran törleri"
Çagalaryň gyk-bagyna seretmän,


Bakyp saban atyzlara, pellere,
Bu gamly görnüşe gyýylýan ýaly,
O diýen bat bermän ganat-perlere,
Galdyryp gitdiler dogduk diýary.


Agaçlar yzyndan garap galdylar,
Ýapraklaryn gözýaş kimin düşürip,
Hem başlaryn çala yrap galdylar,
Bu görnüşe adam kimin düşünip,


Hatda seleň selle günebakar-da,
Kellesin meňzedip äpet gapaga,
Honda ýaşyp barýan Güne bakar-da,
Durnany ugradar tylla şapaga.


Durnalaryň bolsa göwni bir ýaly,
Piňine däl özgäň boýun burmasy.
Aýryp ömrümizden tutuş bir ýazy,
Uçup gitdi Horasanyň durnasy...


* * *


O günler şeýle bir tiz geçdi ýa-da
Şeýlemikä bagtly günleň ykbaly?
O günler şeýle bir tiz geçdi göýä
Tüpeňden atylyp çykan ok ýaly.


Köňül - ganatlary gyrylan guş deý,
Uçmaga hiç ýana edenok meýil.
Ol ajaýyp günler şeýle tiz geçdi,
Üstümden garlawaç kölgesi deýin.


Häzir meň şeýle bir sussum pes,
hatda Aglara agy ýok, gülere gülki.
Ýatlamalar galdy o günler hakda,
Ýürek sende galdy, göwräm özümki.


Şol şat günler hasrat bolup bu beýnä
Guýulyp, aklym has goýalan ýaly,
Gezip ýörün bir ajaýyp düýş görüp,
Iň oňat ýerinde oýanan ýaly.

16
64
flowers_
4 Awgust 2024
@lavinya_, 🤗
lavinya_
4 Awgust 2024
Çooook güzel 🖼️:)
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.