flowers_
25.07.2024 02:16
HAKYKAT.

«Sensiz guşlar saýramaýar»
Aýdymdan

Sensiz guşlaram saýrady,
Güllerem açdy gunçasyn.
Durmuş piňe-de almady,
Söýginin onça-munçasyn.

Aýralyk ajy derman deý,
Söýgiň emi-ýomy boldy.
Seni ýitirip tanadym.
(Beýgeleniň gowy boldy).

Gedem göwnüm,
neden göwnüm,
Saňa togap ediberdi?!
Ýüzüme bir seretdi-de,
Durmuş dowam ediberdi...

Eden uly işimiz ýok,
Kalba köz basdyk diýmeseň...
«Halyň niçik?» diýşenem ýok,
Ezilen ýassyk diýmeseň...

Aglaýanym, dözmeýänim,
«Söýgim aýnamady» diýip,
Ýöne, ýalan sözlemäýin,
«Guşlar saýramady» diýip...

© Aýgül Garaýewa.
30
214
flowers_
2 Awgust 2024
@0908070, biz bar🙂
0908070
31 Iýul 2024
Kim bar
XL-19
28 Iýul 2024
bir hepdede innkop halanan like sany 21 diyyanmi 🙂
flowers_
25 Iýul 2024
@godiva, Salam)
flowers_
25 Iýul 2024
@tsoltanova, indi gowy, agşam ilki işläp soñ işlemedi.
tsoltanova
25 Iýul 2024
Täze wersiýa geçdiñmi@flowers_,
tsoltanova
25 Iýul 2024
Indi barlap görüñ
flowers_
25 Iýul 2024
@smiling_, şu ýerdaki postuña yazdym
flowers_
25 Iýul 2024
@smiling_, agşam postuña ýazdyma bildiriş barmadymy:)
flowers_
25 Iýul 2024
@ATOMIC, mende-de şeýle boldy:)
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.