flowers_
04.08.2024 21:27

Göwnüm tapmak kyn düşer.


Meň göwnümi tapmak saňa kyn düşer,
Ýagyş bolsaň, göwnüm gary höweslär.
Saňa daş zat maňa has ýakyn düşer,
Sen gin bolsaň, göwnüm dary höweslär.

Düşünmeseň goşgularmyň heňine,
Nädip ýetjek,men göwnümiň deňine?!
Sen asuda ýanýaň yşgyň şemiňe,
Meniň göwnüm ataş-nary höweslär...

Gin bolsa-da bu dünýänin çygyry,
Neçün alnymyzda ýyllan ýygyry?!
Erteki sen,
a men göwnüm şygyry...
Hemem akyp ýatan many höweslär...

Kyn düşse-de diýip "Men nä Leýlimi?"
Jahekleýän, saňa bolan meýlimi.
Sen küýsärsiň şol baglaryň seýlini,
Meniň göwnüm belent dagy höweslär...

Ýakynlaşyp bilmän,
bilmän höwrüge,
Diýýäň "Ne kyn, gep düşürmek göwnüňe?!"
Sen gidiber...
ýöne, gelme, öwrülip!
Göwün, meger, ýalňyz çagy höweslär...

@ Aýgül Garaýewa.

16
46
flowers_
4 Awgust 2024
@tim_, bolarla, hökman bolar)
flowers_
4 Awgust 2024
@awesome, Salam Bägül:)
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.