flowers_
06.07.2024 20:24

Sergeý Ýeseniniň terjime edilen goşgularyndan.

EJEME HAT


Diri gezip ýörmüň, garryja enem?
Menem diri, saňa ýollaýan salam.
Goý, seniň şol garyp külbäň üstüne
Aý şuglasyn saçyp dursun elmydam.


Maňa hat ýazýarlar düşüp howsala,
Meni küýsäp gezýärmişiň gussaly.
Her gün ýola çykýarmyşyň zowzalap,
Egne geýip sary giden possuny.


Agşam düşse mawy gijäň tümünde
Eýmenç düýşler seň beýniňi çokýarmyş.
Kimdir biri meýhananyň jeňinde
Meň ýüregme fin hanjaryn sokýarmyş.


Rahatlan, ezizim, gamlanma, käbäm,
Aýyr serden beýle agyr hyýaly.
Men juda bir köçä zyňylan däl-ä,
Seni görmän ölüp gidäýer ýaly.


Henizlerem öňkim ýaly näzik men,
Hemem arzuw edýän şol bir zat hakda:
Göwnüm - gamdan dynyp, duman içinden
Çykyp basym garyp külbä barmakda.


Bararyn tupany sowulyp gyşyň,
Bahar baglar gülden geýende ak don.
Şonda meni, senden ýeke haýyşym:
Sekiz ýyl öňkiň deý oýarma daňdan.


Uklan arzuwlarmy oýarma serde,
Goý, şonlugna galsyn paşmadyk hyýal.
Juda ir uçradym tükenmez derde,
Ýitirdim, ýadadym, keç boldy ykbal.


Hem öwretme çokunmany, gerek däl,
Ýokdur asla geçen günleň gaýdymy.
Sen ýeke-täk şatlygym sen ýürekde,
Sen ýeke-täk aýdylmadyk aýdymym.


Ýatdan çykar howsalaňy, gussaňy,
Hem delminip bakma saga-sollara.
Egne geýip sary giden possuny,
Meni idäp çykyp durma ýollara.


Terjime eden: Atamyrat Atabaýew.


* * *

Hawa! Tamam boldy, gutardy bary.
Men baky unutdym eziz topragy.
Indi meň depämde kakmaz-la tary
Derekleriň altyn şelpe ýapragy.


Garry itim ölüp gitdi gör, kanda,
Pessejik jaýymam çöküpdir gaýym.
Meni Moskwanyň dar köçesinde
Şum ajala buýran eken Hudaýym.


Şonda-da söýgi kän bu ýerde mende,
Goý, ol köne bolsun, goý, bolsun harap.
Onuň gyzyl täçli gümmezlerinde
Göýä altyn Aziýa ýatyr meýmiräp.


Gije asman Aýy bakanda gülüp,
Wah, kim habar alýar onuň halyndan.
Men gidip barýaryn başymy salyp,
Tanyş meýhanama, tanyş ýolumdan.


Ol näletli ketek - mesgen köplere,
Tä daňa çen dowam edýär güpürdi.
Goşgy okap berýän men jeleplere,
Hem banditler bilen urýan spirdi.


Ýürek bolsa bökýär, gaçýar mejaly,
Başlaýan ýerliksiz sözler aýtmaga:
"Menem bir gutaran edil siz ýaly,
Indi ýol ýok maňa yza gaýtmaga."


Garry itim ölüp gitdi, gör, kanda,
Pessejik jaýymam çöküpdir gaýym...
Meni Moskwanyň dar köçesinde
Şum ajala buýran eken Hudaýym.


Terjime eden: Nury Baýramow.


IT HAKDA AÝDYM


Säher al şapakdan alanda ody,
Ýananynda ak sähranyň gujagy.
Ganjyk ýedi sany güjük guzlady,
Ýedi sany çypar sary güjügi.


Söýdi baryn garalýança ýalançy,
Dili bilen olaň tüýün ýalady.
Ýerde ýatan näzik, ýuka garjagaz
Ýyly garnyň aşagynda eredi.


Agşam towuk bary üýşüp her taýdan
Düzülende nar üstüne kirş deýin.
Güjükler halta gapgaryp öýden
Çykyp gitdi agyr ýüzli hojaýyn.


Ganjyk hojaýynyň yzyndan galman,
Ylgady, duýmady pesi belendi...
Şeýdip uzak salym gyş güni doňman
Duran suwuň tolkunlary elendi.


Hesretden müzzerip, sesin çykarman
Öýe gaýdyp gelýän çagy, gör, indi,
Obanyň üstünde dogan çypar
Aý Güjüklerniň biri bolup göründi.


Bu mawy belende garap gussada
Zaryn sesli uzyn-uzyn uwlady.
Inçejik Aý bolsa assa-assadan
Baýyrlaryň aňyrsynda duwlandy.


Şonda ýöne ýerden - gülki üçin ylla,
Zyňylan daş deýin onuň kastyna,
Ganjygyň gözleri misli bir tylla -
Ýyldyz bolup gaçdy garyň üstüne.


Terjime eden: Gurbannazar Ezizow.

19
91
flowers_
8 Iýul 2024
@smiling_, şu bolşuńy saklap bilseñem bolya
flowers_
8 Iýul 2024
@smiling_, şo akylly bolonyñ üçünem urjakda seni😁
flowers_
8 Iýul 2024
Düzelaýmezmkka bu yerem
flowers_
8 Iýul 2024
@smiling_, gelsem tapyp urarynla seni welin😄
flowers_
8 Iýul 2024
@smiling_, sagbol, aýdanyñ gelsin!
flowers_
8 Iýul 2024
@smiling_, entek çekilenokda o yerlere
flowers_
8 Iýul 2024
Şu gün soñky girişim bolmagy mümkin 🥺
flowers_
8 Iýul 2024
Menem indi mobilniden girip bilmezligim ahmal göçsem:(
flowers_
8 Iýul 2024
@smiling_, ondan dalle keýgim, profilede girip bolonak, postada, başga bir zat boldy, oçislenýa etdim düzeldi
flowers_
8 Iýul 2024
@smiling_, öñ bolonakdy mende
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.