◆Durmuşy danalyklar.
1. Iň uly päsgelçilik – Gorky;
Iň howply adam – Ýalançy;
Iň ähtiýalan duýgy – Göriplik;
Iň gözel hereket – Bagyşlamak;
Iň gowy gorag – Ýylgyryş.
2. Adamlar başga ýere göçüp gitseler bagtly bolarys öýdýärler. Emma soň olar nirä göçselerem ýanlary bilen özlerinem alyp gaýdandyklaryna göz ýetirýärler.
3. Bagt – bu posa ýalydyr. Ondan lezzet almak üçin ony kimdir biri bilen paýlaşmaly.
4. Özleriniň däl-de siziň halyňyzyň harap wagtynda ýanyňyza gelýänleriň gadryny biliň!
5. Gözüňizi açmaga çalyşýanlaryň agzyny ýumdurmaň!
6. Özlerine kömek etmeýän adamlara ýardam berjek bolmagyň hiç hili manysy ýokdur. Eger-de adamyň özi basgançakdan ýokaryk galmak islemese, ony ýokaryk galmaga mejbur etmek mümkin däldir.
7. Her kes ýalňyşýar. Ýalňyşyny mynasyplar boýun alýar. Edermenler ötünç soraýar. Gaýratly gatnaşmagyny dowam edýär.
8. Nämedir bir zady üýtgetmek isleýän bolsaň, batyrgaý bol! Eger-de nämedir bir zady üýtgedip bolmajak bolsa sabyrly bol! Haçan batyrlygyň, haçan bolsa sabyrlylygyň gerekdigini bilmek üçinem dana bol!
9. Eger-de kimdir biri saňa çukur gazýan bolsa – päsgel berme! Gazyp bolanyndan soň, onuň çukuryny özüňe serhowuz edinersiň. Eger-de seniň süňkleriňi ýuwýan (gybatyňy edýän) bolsalar – minnetdar bol! Soň süňkleriňde artroz emele gelmez. Eger-de seniň ýeňsäňden tüýkürýän bolsalar – buýsan! Diýmek sen öňde barýansyň. Eger-de nähak göwnüňe degseler – öýkeleme, ar aljak bolma! Seret, seniň deregiňe durmuş nädip ar alýar!
10. Eger-de sen haçanam bolsa hakykatdan-da bagtly bolan bolsaň, şol pursatda eden işiňe jinnek ýalam ökünme!
11. Kimdir birinden ötünç soramak seniňkiň-ä nädogrudygyny, onuňkyňam dogrudygyny aňlatmaýar. Bu diňe seniň üçin araňyzdaky gatnaşyklaryň şahsy men-menligiňden gymmatlydygyny aňladýar.
12. Adamlar iki topara bölünýärler. Birinjileri otaga girip: “Oh-how, men kimleri görýän!” diýip, begenýärler. Ikinjiler: “Ine-de men!” diýip, habar berýärler.
13. Durmuşda iň kyn zat – haýsy köprüden-ä geçmelidigini, haýsynam otlamaldygyny kesgitlemek.
14. Häzirki döwürde şerapsyz şatlanmagy, neşesiz arzuw etmegi hem-de internetsiz söhbet etmegi öwreniň!
15. Fridrih Nişse: “Men özüme ýalan sözländiklerine gynanmaýaryn. Men indi özümi aldana ynanyp bilmejekdigime gynanýaryn!” diýipdir.
16. Öz ýüregiň nirede ýaşaýandygyny anyklamak üçin, arzuwa çümeniňde aňyň nirelerde gezýändigine üns ber!
17. Edil bütin şäheri diňe swetoforyň ýaşyl yşygynda kesip geçip bolmaýşy ýaly, bütin ömrüňe-de kimdir biri bilen sögüşmän, dawalaşman ýaşap bolmaýar.
18. Adamlara “ýok” diýmäni başarmaly. Ýogsa olaryň barha bihaýalaşmak häsiýeti bar.
19. Özüňi deňeşdirmäge borçly ýekeje adamyň – bu hem seniň geçmişdäki özüň! Onsoňam, sen diňe şu wagtky özüňden gowy bolmaga borçlusyň!
20. Özüňi erbet duýan ýerleriňe dolanyp barma! Haýyşyňy bir gezek ret edenlere soň ýüz tutma! Özüňi ynjydanlaram ikilenç golaýyňa getirme!
21. Adamyň zannynda üç sany altyna gaplaýmaly häsiýet bar: sabyr, çeniňi bilmek duýgusy we dymmagy başarmak. Adatça, durmuşda bu häsiýetleri adama akyldan, zehinden hem-de owadanlykdan has gowy ýardam berýärler.
22. Kimdir biri bilen hiç haçan pul üçin, çagalaryň hatyrasyna ýa-da dözmezçilikden ýaşama! Çünki, pul ýüregiňe düşer, çagalar ulalar, haýpygelme bolsa ýigrenje öwrüler.
23. Kimdir birinden iň gowy ar alyş – onsuzam oňup bilýändigiňi görkezmekdir!
24. Gowy adamlar size bagt getirer, erbet adamlar size tejribe berer, has ýaman adamlar size sapak berer, aňrybaşy ajaýyp adamlar bolsa size ajaýyp ýatlamalary peşgeş bererler.
25. Genri Wan Deýk şeýle diýipdir: “Özüňizde bar bolan zehini ulanyň. Çünki, diňe beýlekilerden gowy saýrap bilýän guşlar tokaýda saýrasady, onda tokaýda juda tukat ümsümlik höküm sürerdi”.
Dürli internet maglumatlaryndan alnyp, taýýarlandy
Çeşme:Islenen.ru