flowers_
29.12.2023 13:58
▪︎"Eger-de hozy birnäçe minut howurpeçde saklasaň, ony döwüp daşyny arassalamak aňsatlaşar.

▪︎Mikrotolkunly peç näçe seresaply ulanylsa-da, onuň iç ýüzünde ýuwup aýrylmagy örän kyn bolan ýagyň yzlary galýar. Mikrotolkunly pejiň içine bir käse suw goýup, birnäçe minut işlediň. Iç ýüzündäki ýelmeşen ýaglaryň, hapalaryň köp bölegi gopar we ony aýyrmak aňsatlaşar. Eger-de käsedäki suwa limon suwuny ýa-da sirke goşsaňyz, onda ýagy we hapany aýyrmak has-da aňsatlaşar.

▪︎Ýer almasyny gaýnadanyňyzda suwa 2-3 diş sarymsak atsaňyz, onuň tagamy has-da süýji bolýar. Ýer almasyny oliwiýe işdäaçary üçin gaýnadýan bolsaňyz, suwa bir çemçe sirke goşuň. Şonda ýer almasynyň reňki garalmaz.

▪︎Çybynyň çakan ýeriniň gijemezligi üçin ol ýere plaster, skoç ýa-da adaty izolenta ýelmemeli. Eger çybyn çakan ýerine kislorodyň gelmeginiň öňüni alsak gijilewük azalar. Bu mesele ýüze çykanda aspirin ulanmak has hem netijelidir. Tabletkany owradyp çybyn çakan ýere sepsek gijilewük azalar. Çybyn çakan ýere diş pastasyny çalsak hem netije öňkülerden kem bolmaz.

▪︎Eger çorbanyň duzy gereginden artyk goşulan bolsa, onda oňa arassalan ýer almasyny ýa-da az kem tüwi atyp ýene-de 15 minut gaýnadyň.

▪︎Gaýnan ýumurtgany seresaplylyk bilen ikä bölmek isleseňiz, pyçagy sowuk suw bilen ýuwuň.

▪︎Ýanýodanyň arasyndan çykýan haşal otlary aýyrmak üçin olaryň üstüne sirke sepiň.

▪︎Mürepbe gaýnadanyňyzda poslamaýan polat gapda gaýnadyň, demir çemçe mürepbäniň reňkini üýtgetme ähtimallygy bolandygy üçin ony hökman agaç çemçede bulamaly.

▪︎Boş germetik gaplary köp duranda içinde ýakymsyz ys döremez ýaly oňa azrak duz ýa-da soda atmaly.

▪︎Eger-de poslamaýan polatdan ýa-da hromdan ýasalan bir zady ýalpyldatjak bolsaňyz, onda olary bir damja ösümlik ýagy damdyrylan esgi bilen süpüriň.

▪︎Ýumurtganyň täzeligini barlamak üçin ony sowuk suwly gaba salmaly. Ýumurtga suwuň düýbüne çökse, onda ol täzedir.

▪︎Hemme sitrus miweleri, awokadony, erigi, şetdalyny, garalyny, banany, armydy, pomidory, sogany, sarymsagy, ýer almasyny sowadyjyda saklamak maslahat berilmeýär. Sebäbi olar pes temperaturada tagamyny we ysyny ýitirýär. Sowadyjyda almany, islendik miwäni, kelemi, käşiri, hyýary, kömelegi, üzümi we salat otyny saklap bolýar.

▪︎Kümüşi arassalamak üçin adaty sodany ulanyp bilersiňiz. Arassalamak isleýän kümşiňizi alýumin folga kagyzyna dolap, bir gaba salmaly. Üstüne soda we duz garylan gaýnag suwy (50 gram sodany we 3 çaý çemçesi duzy 1 litr gaýnag suw bilen garmaly) guýmaly. Birnäçe minutdan soňra geçen himiki reaksiýanyň netijesinde kümşiňizi ýüzündäki hapalaryň aýrylandygyny görersiňiz.


Taýýarlan: Babageldi Kurbanow
32
96
flowers_
28.12.2023 23:54
"Kalbym agyrsyny duýaňda ynjap
Ýatman aladamy edýärdiň niçe?!
Tümlükde galamda şamçyrag bolup
Maňa ýagty saçan sen dälmi,eje?!
Barym diýsem barlyk kem gelýän ýaly
Gülüm diýsem Güneş dogjak dek gije!
Söýgiň Aýy,Güni yza dönderer
Ýürekdäki urgym sen dälmi,eje?!
Çagalygym bolsa senem ýaş bolsaň
(Geçmiş üçin birje çekäýsek bije..)
Ne men çaga,arman,ne günler öňki
Ýene geçen geçmiş geläýse,eje?!
Baýlyk däl,şöhrat däl meniň dilegim
Ol ne jübüt dileg täk ol,ýekeje
Perzentleň gözüniň garasy bolup
Kakam bilen goşa garraýsaň eje?!
Öwezowa Bilbil"
31
38
flowers_
28.12.2023 11:55
•Söýgüniň bir sagady ömre barabardyr.
#O.Balzak

•Söýgi göz bilen däl-de, ýürek bilen seredýär.
Söýgi ─ tebigatdan asyllylyk berilmedik adama hem ony bagyş edip bilýär.
#W.Şekspir

•Söýgüniň salan ýarasy öldürmeýär, ýöne hiç wagt ýitmeýär.
#J.Baýron

•Söýgi ─ bu erkek kişi bilen zenanyň arasyndaky birek-birege bagty köp bermek ýaryşydyr.
#Stendal

•Söýgi, edil pul ýaly, öýde gowy saklanýar.
#W.Goddes

•Är-aýalyň arasyndaky söýgi adamzat nesliniň dowamly bolmagyny üpjün edýär, dostluk söýgüsi ony berkidýär, azgyn söýgi ony ýumuýar we ýok edýär.
#F.Bekon

•Söýgi kämil kalplarda ösmek üçin, iň owadan göz öňüne getirmelerde ýaşamak üçin Asmandan berilýän sowgatdyr.
#Gelwesiý

•Söýgi biziň kalbymyzyň iň gowy ýüze çykmasydyr.
#L.Tolstoý

•Söýgi hakynda akylly sözleri aýdýan kişiniň söýgüsi ýürekden däldir.
#Ž.Sand

•Ýigrenje öwrülen söýgi bilen hiç bir  hyjuw deňleşip bilmez.
#W.Kongriw

•Kimden çekinýän bolsaň, ony söýüp bilmersiň. Senden çekinýän-de seni söýüp bilmez.
#Siseron

•Söýgi durmuşyň köküdir.
Biz söýgi üçin dogulýandyrys.
#N.Berdýaýew

•Söýgüniň syrly duýgularyny başdan geçirýän adam şöhlesi bilen däl-de, hakykatyň hut özi bilen duşuşýar.
#Sokrat


Toplan: Gülnara BABANIÝAZOWA.
36
64
flowers_
28.12.2023 11:14

Täze ýyl golaýlaberse, biziň her birimiz öz ýakyn dost-ýarlarymyza, dogan-garyndaşlarymyza, mähriban ynsanlara iň süýji arzuw-isleglerimizi, ýürek sözlerimizi aýtmaga howlugýarys. Şeýle bolansoň, biz ýörite Täze ýyl «SMS»-lerini taýýarlap, size ýetirmegi makul bildik. Bu «SMS»-ler siziň ýakyn hossarlaryňyz üçin garaşylmadyk sowgat bolar.


«Ähli reňkleriň bir ýere jemlenip, owadan älemgoşary emele getirişi ýaly, garşy aljak her bir günüňiz, sagadyňyz hem siziň dünýäňize täze reňk çaýyp, köňül asmanyňyzda täsin bir älemgoşary döretsin! Täze ýyl ähli umyt-arzuwlaryňyza öwüşgin bersin!».


* * *


«Ýaşyl öwsüp duran gozadan ap-ak pagtanyň lowurdap çykyşy ýaly, siziň gyzgyn ýüregiňizden çykan ak arzuwlaryňyz, tämiz islegleriňiz hem dünýäňize aklyk bolup ornasyn. Täze ýyl ähli arzuw-islegleriňiziň hasyl bolmagyna ýol açsyn!».


* * *


«Aýazbabanyň haltasyndaky ähli sowgatlaryň siziňki bolmagyny däl-de, size şatlyk paýlaýan Aýazbabanyň tämiz ýüregi ýaly ýürekli, päkize kalply ynsanlaryň daş-töweregiňizi gurşap almagyny arzuw edýärin. Täze ýyl size täze dostlary, ýakymly tanyşlyklary sowgat etsin!».


* * *


«Ak ertirlere uzan ýollaryňyz ýolyşyksyz, bagt ýagmyrynyň astynda elleriňiz saýawansyz, ýolmak islän elwan gülleriňiz tikensiz bolsun! Täze ýylyňyz gutly bolsun!».


* * *


«Her ýylyň ak garly gyşda tamamlanyp, ýene-de şol ak nura beslenen gyşda başlanýandygyna üns berdiňizmi?! Ak arzuwlar bilen başlanjak Täze ýyl siziň tämiz ýürek arzuwlaryňyzy hasyl etmän tamamlanmasyn. Täze ýylyňyz düşümli bolsun!».


* * *


«Ýekeje şänikden bir uly daragt döreýär. Kalbyňyzda dörän ýekeje umyt hem siziň uly bagtyň eýesi bolmagyňyza sebäp bolsun!».


* * *


«Gülmek» sözi «gül» sözünden dörän bolmaly, ýürekden gülen ynsanyň güllere çalym etmegi-de, megerem, şondan bolsa gerek. Hemişe güler ýüzüňizde gülki gülleri açylyp, ýüreklere şatlyk uçgunjyklaryny paýlap dursun!».


* * *


«Täze ýyl feýerwerkleriniň garaňky, tüm gijäni ýagtyldyp, asmana bezeg berşi ýaly, ýüregiňizde beslän umyt-arzuwlaryňyz hem köňülleriňize yşyk saçyp, ömrüňizi ýagtylyga beslesin! Täze ýyl ykballaryňyza nur bolup siňsin!».


Goçmyrat ORAZBERDIÝEW

48
241
flowers_
27.12.2023 22:18
Aýyň ýaňagyndan dişläpdir biri,

Megerem şol pursat alma saýandyr.

Ýa- da bir mahallar söýüp bir gyzy,

Ýüreginde belki arman galandyr.

 

Aýyň ýaňagyndan dişläpdir biri,

Şu gün bir azajyk gaçypdyr gelşik.

Ýa soňky günlerde idelmändir şol,

Daşyndan undulan top ýaly ýemşik.

 

Ýüzünden müň ýoda barýar ýaňaga,

Käsi kerwen geçen ýol ýaly çatak.

Ýa gije ýassykda gyşyk uklapdyr,

Dünýäni duýmandyr,

Ýa şol has ýatak…

 

Garaz ýaňaklary dişlenen ýaly,

Şu gije görnüşi üýtgäpdir aýyň.

Ýogsa syýadan deý çogup ýatyr ol,

Söýülmäge mynasyp ol, bitaý ol.

 

Megerem şeýledir, bilýän däldiris,

Ony deňän bolýas bagtly birine.

Aýyň ýaňagyndan dişläpdir biri,

Hyjuwlarna çydam etmän,iribem.


”SIREN GIJESI” GOSHGULAR TOPLUMY OGULJENNET BASHIMOWA.
34
59
flowers_
27.12.2023 18:15
▪︎Siz dogry aýdýarsyňyz...

― Size 120 ýaşamak nädip başartdy?
― Men hiç haçan hiç kim bilen jedelleşmeýärin.
― Bu diýýäniňiz mümkin däl ahyryn.
― Siz örän dogry aýdýarsyňyz.
*********
▪︎Garaşmak hakda

Şägirdi halypasyndan:
― Ýagdaýyň gowulyga özgermegi üçin köp garaşmalymy? ― diýip sorady.
― Eger garaşmaly bolsa, onda köp garaşmaly bolar ― diýip, halypa jogap berdi.
**********
▪︎Hemme zat gowy bolar

Bir sapar parasatly goja adamlara durmuşyň synaglary hakynda gürrüň berdi. Soňundan bolsa sözüni şeýle jemledi:
― Ahyr soňunda hemme zat ýerbe-ýer bolar.
― Eger barybir hemme zat ýerbe-ýer bolmasa näme? ― diýip, kimdir biri sowal berdi.
― Eger, häzirlikçe, hemme zat ýerbe-ýer däl bolsa, diýmek, sen heniz ahyryna ýetmänsiň ― diýip, dana kişi ýylgyryp jogap berdi.
**********
▪︎Biribaryň gözleginde

Bir gezek baý kişi dananyň ýanyna gelip, şeýle diýdi:
― Eger maňa Allanyň nirededigini görkezseň, müň tylla bereýin.
Şonda dana oňa şeýle jogap berdi:
― Eger maňa Allanyň nirede ýokdugyny görkezseň, saňa diýýäniňden hem üç esse köp tylla bereýin.
**********
▪︎Abadan durmuşyň alamatlary

Özüňiz duýmaýan hem bolsaňyz, şu aşakdaky alamatlar siziň durmuşyňyzyň abadandygyna şaýatlyk edýär:
― siziň ýaşamaga jaýyňyz bar;
― siz şu gün günortanlyk edindiňiz;
― siz ýuka ýürekli;
― siz özgelere erbetlik islemeýärsiňiz.
― siziň arassa agyz suwuňyz bar;
― siz hakda alada edýän adam bar;
― siz bagyşlamagy başarýarsyňyz;
― siziň arassa eşikleriňiz bar;
― size ynanýarlar;
― siz dem alýarsyňyz.
Göräýmäge ownujak ýaly bolup görünýän şu zatlar üçin hoşal boluň, sebäbi olar ýaşaýyşda örän möhümdir.
***********

▪︎Ýürek
― Ýüregiňi päkizelemegi ýatdan çykarma!
― Nädip?
― Rahatlyk bilen.
― Rahatlyk näme?
― Peýdasyz pikirleriň ýokdugy.
************
▪︎Gämi hakda

Gämi suwuň ýüzünde wagty çümmeýär. Ol haçan-da içinde suw bolanda çümýär. Biziň daş-töweregimizde bolup geçýän zatlar şeýle bir wajyp däldir, biziň içimizde bolup geçýänleri has möhümdir.


Toplan: Aknur ROZYÝEWA.
34
101
flowers_
27.12.2023 13:17
"Şahyr Kerim Hally hakynda anyk faktlardan düzülen degişmejikler
Awtory: Kerim Hallyýew


Eger-de şol gün Rejissýura sapagynda meniñ 2-lik almazlyk üçin ýazan bigelşik setirlerime mugallym höweslendirmek üçin 5-lik goýmadyk bolsady munça bigelşik setirlerem döremezdi…(garaz kelläñizi agyrtmazdym diýjek bolýan))

*****
Ýolda-yzda duşanyñyzda ýanymda telefonym ýok bolsa ýa-da bolubam zarýady ýok bolsa goşgy aýdyp bermegimi haýyş edip meni kyn günde goýmañ!

Bellik: Men hiç bir goşgymy, hat-da ýeke bendini hem ýatdan bilemok))
****

Goşgudaky ady agzalýan, taryp edilýän gözeller meniñ ýönekeýje hyýaly gahrymanlarymdyr. Hiç haçanam söýgüli gyzym hakda owadan söz ýa-da goşgy ýazyp görmedim. (ýöne ýazmaly bolar))

*****

Ejemiñ “Seni adam edip bilmedimdä…” diýen ökünji meniñ gulagymda galypdyr… Men ony ilkinji nobatda şol arzuwyna ýetiräýmeli…)
*****

Men gowy goşgy ýazyp bilýän däldirin belki… Şonuñ üçinem bu käri taşlamagy maña birnäçe adamlar maslahat berdi… Bilýäñizmi näme üçin bu geplere seretmezden ýene-de ýazyp ýörün? Jogaby ýönekeýje: “Ýaz, senden bir zat çykar” diýip goldaw berýänler olardan köpräk…"
31
87
flowers_
26.12.2023 23:39
Rugsat berseň dünýäm, kalbyň töründen,
Müdümilik öýdüm bolup galaýyn.
Gowsy seň kalbyňa öň aýdylmadyk,
Bir ajaýyp aýdym bolup dolaýyn, läläm dolaýyn.

Senem şol aýdyma düz şeýle mukam,
Sesi zaryn bolsun, kalby pyganly.
Çal özüňem läläm çal kinelikäm,
Dertlerim unudup söýerim ýaly, söýerim ýaly.
35
104
flowers_
26.12.2023 17:23
"Berimiň gökden ýol ýasaýandygyna" ynanýan adamlar, nämüçün gökden kelemenläp aşak gaýtmagyň ýowuzdygyna ynanmaýarkalar?

***
Işdämenlik bilen mäşewe iýip otyrkaň, bir gaty zat dişiňi gyjyndyryp gider. Adamlar-a oňa "dälije mäş" diýýär. Durmuş hem näçe owadan, lezzetli, tagamly bolsa-da, onuñam "dälije mäşi" gyt däl.

***
Iň bärkisi, ýekeje döwüm çörek hem açyk howada gatansoň, heňlemek diýen zady bilmeýär. Adam hem zähmetde bekänsoň, kynçylyk duýmaýar.

***
Hernäçe çekinilse-de, çäksiz hormat goýulsa-da, Hudaýa "Siz" diýilip ýüzlenilenok.

***
Seniň ajaýyp diýip ykrar eden zatlaryňa göwünleri ýetmän, düşündiriş beriberseler, hiç darykmaň. Gözelligiň manysyna düşünmeýän gyzlar reňk-beýleki çalynyp, hatda Hudaýyň sungatyny hem "işleýärler" ahyry.

***
Birbada hemmäniň göwnini awlamak asla mümkin däldir. Hatda Gün hem birbada bütin dünýäni ýagtyldyp bilenok ahyry.

***
Ýaşamak üçin ýürekden ygtybarly ýer ýokdyr.

***
Sen näçe sypaýysyrasaň hem, sözüňi kesä çekejek, ondan kem tapjak bardyr. Süýji üzümdenem, ajy çakyr ýasaýarlar ahyry.

***
Iň bärkisi dört setirlik goşguda-da kapyýalaryň ählisi sazlaşyp gitmän, hökman bir setiri üýtgeýändir. Bu durmuşda-da şeýle, hemme güniň sazlaşykly, akgynly gitmegi mümkin däl.

***
Ýürek saçaga meňzeş diýýärler, hakykatdan-da şeýle, ýürek saçak ýaly mukaddes. Saçagy harlamak ony boş goýmak näçe gabahat bolsa,
bu ýürek babatda şeýledir. Dogry, olaryň arasynda ýekeje tapawut bar. Gije saçak kakmak günä hasaplanýar. Ýüregi kakmak, ony ak kagyzyň ýüzüne kakmak üçin bolsa ümsüm gijelerden gowy wagyt, ýok bolsa gerek.


Kakamyrat Rejepow.
36
85
flowers_
25.12.2023 23:58
"Bu maý öňkilerden üýtgeşik geldi"
#Seýitmyrat Geldiýew.




Bu gyş öňkülerden üýtgeşik geldi,
Guşlaram uçmady günorta sary.
Baglaryň ýapragy terligine durup,
Göterdi lebinde ap-akja gary.

Sowuk däl, mymyjak şemal oýnady
Leýlisaçlaň darap duran saçlaryn.
Hut şu gyşda - şu owadan gyşymda,
Men ýene-de ýanyp ýazyp başladym.

Güýzüň agraslygy siňdi bu gyşa,
Ýazyň beýhuş eden yşky çetredi.
Ýaryň tomus dolan gujagyndaka,
Hem tenim, hem ruhum, beýnim titredi.

Düýrmegim berildi joşguna, duýga,
Olar ne köşeşdi, ne-de peseldi.
Hawa, söýgi dolan oglan dünýäme,
Bu gyş öňkülerden üýtgeşik geldi.
35
237