flowers_
26.12.2023 17:23
"Berimiň gökden ýol ýasaýandygyna" ynanýan adamlar, nämüçün gökden kelemenläp aşak gaýtmagyň ýowuzdygyna ynanmaýarkalar?

***
Işdämenlik bilen mäşewe iýip otyrkaň, bir gaty zat dişiňi gyjyndyryp gider. Adamlar-a oňa "dälije mäş" diýýär. Durmuş hem näçe owadan, lezzetli, tagamly bolsa-da, onuñam "dälije mäşi" gyt däl.

***
Iň bärkisi, ýekeje döwüm çörek hem açyk howada gatansoň, heňlemek diýen zady bilmeýär. Adam hem zähmetde bekänsoň, kynçylyk duýmaýar.

***
Hernäçe çekinilse-de, çäksiz hormat goýulsa-da, Hudaýa "Siz" diýilip ýüzlenilenok.

***
Seniň ajaýyp diýip ykrar eden zatlaryňa göwünleri ýetmän, düşündiriş beriberseler, hiç darykmaň. Gözelligiň manysyna düşünmeýän gyzlar reňk-beýleki çalynyp, hatda Hudaýyň sungatyny hem "işleýärler" ahyry.

***
Birbada hemmäniň göwnini awlamak asla mümkin däldir. Hatda Gün hem birbada bütin dünýäni ýagtyldyp bilenok ahyry.

***
Ýaşamak üçin ýürekden ygtybarly ýer ýokdyr.

***
Sen näçe sypaýysyrasaň hem, sözüňi kesä çekejek, ondan kem tapjak bardyr. Süýji üzümdenem, ajy çakyr ýasaýarlar ahyry.

***
Iň bärkisi dört setirlik goşguda-da kapyýalaryň ählisi sazlaşyp gitmän, hökman bir setiri üýtgeýändir. Bu durmuşda-da şeýle, hemme güniň sazlaşykly, akgynly gitmegi mümkin däl.

***
Ýürek saçaga meňzeş diýýärler, hakykatdan-da şeýle, ýürek saçak ýaly mukaddes. Saçagy harlamak ony boş goýmak näçe gabahat bolsa,
bu ýürek babatda şeýledir. Dogry, olaryň arasynda ýekeje tapawut bar. Gije saçak kakmak günä hasaplanýar. Ýüregi kakmak, ony ak kagyzyň ýüzüne kakmak üçin bolsa ümsüm gijelerden gowy wagyt, ýok bolsa gerek.


Kakamyrat Rejepow.
36
85
yasyl
26 Dekabr 2023
@flowers_, gowy post goyupsunyz
yasyl
26 Dekabr 2023
Salamm!
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.