flowers_
27.12.2023 18:15
▪︎Siz dogry aýdýarsyňyz...

― Size 120 ýaşamak nädip başartdy?
― Men hiç haçan hiç kim bilen jedelleşmeýärin.
― Bu diýýäniňiz mümkin däl ahyryn.
― Siz örän dogry aýdýarsyňyz.
*********
▪︎Garaşmak hakda

Şägirdi halypasyndan:
― Ýagdaýyň gowulyga özgermegi üçin köp garaşmalymy? ― diýip sorady.
― Eger garaşmaly bolsa, onda köp garaşmaly bolar ― diýip, halypa jogap berdi.
**********
▪︎Hemme zat gowy bolar

Bir sapar parasatly goja adamlara durmuşyň synaglary hakynda gürrüň berdi. Soňundan bolsa sözüni şeýle jemledi:
― Ahyr soňunda hemme zat ýerbe-ýer bolar.
― Eger barybir hemme zat ýerbe-ýer bolmasa näme? ― diýip, kimdir biri sowal berdi.
― Eger, häzirlikçe, hemme zat ýerbe-ýer däl bolsa, diýmek, sen heniz ahyryna ýetmänsiň ― diýip, dana kişi ýylgyryp jogap berdi.
**********
▪︎Biribaryň gözleginde

Bir gezek baý kişi dananyň ýanyna gelip, şeýle diýdi:
― Eger maňa Allanyň nirededigini görkezseň, müň tylla bereýin.
Şonda dana oňa şeýle jogap berdi:
― Eger maňa Allanyň nirede ýokdugyny görkezseň, saňa diýýäniňden hem üç esse köp tylla bereýin.
**********
▪︎Abadan durmuşyň alamatlary

Özüňiz duýmaýan hem bolsaňyz, şu aşakdaky alamatlar siziň durmuşyňyzyň abadandygyna şaýatlyk edýär:
― siziň ýaşamaga jaýyňyz bar;
― siz şu gün günortanlyk edindiňiz;
― siz ýuka ýürekli;
― siz özgelere erbetlik islemeýärsiňiz.
― siziň arassa agyz suwuňyz bar;
― siz hakda alada edýän adam bar;
― siz bagyşlamagy başarýarsyňyz;
― siziň arassa eşikleriňiz bar;
― size ynanýarlar;
― siz dem alýarsyňyz.
Göräýmäge ownujak ýaly bolup görünýän şu zatlar üçin hoşal boluň, sebäbi olar ýaşaýyşda örän möhümdir.
***********

▪︎Ýürek
― Ýüregiňi päkizelemegi ýatdan çykarma!
― Nädip?
― Rahatlyk bilen.
― Rahatlyk näme?
― Peýdasyz pikirleriň ýokdugy.
************
▪︎Gämi hakda

Gämi suwuň ýüzünde wagty çümmeýär. Ol haçan-da içinde suw bolanda çümýär. Biziň daş-töweregimizde bolup geçýän zatlar şeýle bir wajyp däldir, biziň içimizde bolup geçýänleri has möhümdir.


Toplan: Aknur ROZYÝEWA.
34
101
sazsoft
27 Dekabr 2023
💗
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.