flowers_
26.01.2024 19:52
Hergiz menden özüň hakda sorama,
«Ýatlamok» diýsemem ynanan bolaý.
Gider diýip getirmändim oýuma,
Indi göwnüm tapjak bolmaňam goýaý.

Dagam üýtgeşik bir eden işim ýok,
Seni ýönekeýje söýdüm diýmesem.
Üýtgeşik ýada-da düşüp baraňok,
Ýüregimde ýaşaýansyň ýöne sen.

Söýgi küýsän çagy güller guraýar,
Söýgi göýä üzüm suwly şerbetdir.
Ýoklugyň ýüregmi şeýle gysdyrýar,
A barlygyň barja zatdan erbetdir



Ogulnur ATAÝEWA.
38
49
flowers_
25.01.2024 23:25
Aýdylmadyk sözler.



Seniň ýok wagtyňda seni taryplap,
Gijeler ýatmadym, goşgular goşdum.
Sen maňa mydama bolsaňam ýakyn,
Seniň ýanyňdakam sen maňa daşdyň.

Zöhre ýyldyzy dek alysdyň menden,
Mawy gözýetimden salardyň ýalkym.
Yzarlap, yzarlap, barsamam, ýene
Güýçlenerdi derdim,
Gowşardy erkim.

Ýygralyk boldumy, ýaşlyk boldumy,
Sadalyk boldumy… bir zad-a boldy.
Ýyllar boýy ýüregimde ýer eden
Aýdylmaly sözler aýdylman galdy.

Aýdylmadyk sözler bilen ulalyp,
Aýdylmadyk sözler bilen söýdüm men.
Ahyr olar böwsüp çykdy ýüregmi
Ýasadym olardan ajap aýdym men.

Ol aýdymy diňläp görseň her haçan,
Bagt dumany gaplap alar seriňi.
Aýdylmadyk sözler aýdarlar saňa
Bir ýürek däl, ýüz ýüregiň syryny.

Söýmeseň-de, alabahar gary dek,
Pagyş-para eräp, dişlärsiň barmak.
Meniň üçin ajaýyp bir ýeňişdir
Daş dek bir ýüregiň ereýşin görmek.


Halyl KULYÝEW.
41
135
flowers_
25.01.2024 20:48
Limon: sanlar we maglumatlar


🍋Dünýäde limon ösdürip ýetişdirmekde öňdeligi eýeleýän Hindistanda ýylda 3 million tonna limon hasyly alynýar.

🍋Limon şiresiniň 5 göterimi kislotadyr.
B.e. öňki II asyrda limon ösdürip ýetişdirmek Italiýadan tutuş Ýewropa, soňra 700-nji ýyllarda Eýrana, Yraga, Müsüre, Palestina we Demirgazyk Ýewropa ýaýrapdyr. Adamlara her gün 139 kaloriýa C witamini gerek, bir limondaky C witamini ortaça 22 kaloriýa töweregi.

🍋C, B6, A, E, niasin, tiamin, kalsiý, mis, magniý, demir, fosfor, sink, polat we belok ýaly maddalara baý limon güýçli antioksidant çeşmesi we immun ulgamyny güýçlendiriji miwedir.

🍋Maglumatlara görä, 2003-nji ýylyň 8-nji ýanwarynda «dünýädäki iň agyr limon» hasaba alyndy. Ysraýylyň Kefar Zeitm fermasynda ösdürilip ýetişdirilen miwäniň agramy 5 kilogram 265 gram boldy.

🍋Dünýäde iň köp limon öndürýän 5 ýurt: Hindistan, Meksika, Hytaý, Argentina we Braziliýadyr.

🍋Gadymy döwürde limon gaty seýrek bolany üçin patyşalara sowgat hökmünde berlipdir.

🍋Limon suwy mör-möjekleri daşlaşdyrýar. Miwedir gök önümler kesilenden soňra garalýar. Munuň öňüni almak üçin olary limonly sowuk suwda goýmak maslahat berilýär.

🍋Limon agaçlary her ýyl 600 litr limon suwuny öndürýär. Fewral we mart aýlarynda Fransiýanyň Riwer şäheriniň Menton şäherçesinde her ýyl limon baýramy bellenilýär.

🍋Limonyň kislotaly we süýji görnüşi bar. Kislotaly limon täjirçilik taýdan ösdürilip ýetişdirilýär, süýji limon bolsa bagbanlar tarapyndan ösdürilip ýetişdirilýär.

🍋Limon agajynyň ömri 50 ýyla çenli bolup, ýazda gülleýär, tomusda miwe berip başlaýar, güýzde we gyşda bolsa ýaşyl reňkli miweleri saralýar. Limon miweleri gülläninden 4-12 aý aralygynda bişýär. Limon agajy 3-5 ýyldan soň miwe berip başlaýar.



Kakajan HOJAMUHAMMEDOW.
33
55
flowers_
25.01.2024 09:47
Ruhy iýmitiň zerurlygy.



Pederlerimiz ylym öwrenmekligi ýaşlykda ekilip, garrylykda miwesi ýygnalýan agaja deňäpdirler. Danalarymyz ylmy diňe bir ynsany däl, eýsem, milletleri beýgeldýän beýiklikdigini nygtaýarlar. Islendik ylmyň we bilmiň janydyr ýüregi bolsa kitap hasaplanýar. Ylmy basganjaklara çykmakdan kitabyň zeruryýetdigini ynsanlar indi ençeme asyr bäri göz ýetirip gelýärler. Kitaby özlerine ömürlik hemra edinýän danalarymyzyň durmuş pelsepelerine uýup ýaşamak her birimize peýda getirer. Şu ýerde bu baradaky tymsallaryň birine ýüzlenesim gelýär:

Bir ýetginjek oglan kitaphon ýaşula ýüzlenip:

— Kitaby hiç eliňizden goýaňyzok. Emma şol bir okan kitaplaryňyzy ýene-de gaýtalap okamagyň ähmiýeti näme?- diýip sorapdyr. Şonda ýaşuly:

— Sen näme üçin şu gün garnyňy doýurdyň? Bolmanda düýn hem sen gowuja naharlanypdyr ahyryn?! – diýipdir. Ýetginjek egnini gysyp, iýip-içmizden ýaşap bolmaýandygyny aýdypdyr. Şonda ýaşuly baş atmak bilen:

— Dogry, hut şonuň üçin menem ruhy taýdan ölmezlik üçin her gün kitaplary gaýtalap okaýaryn – diýipdir. 


Mahymjan ÝAGŞYÝEWA.
35
76
flowers_
24.01.2024 23:48
Artyk görünýär.



Öýkeleseň öýkeleşip ýörmeli,
Kölegäňem käte artyk görünýär.
Hiç ýama tutanok göwün diýeniň,
Müň ýama ýapsaňam ýyrtyk görünýär.

Bir-birekden görlüp ýeriň gatysy,
Käte süýtdeş dogan seýrek görünýär.
Bir garynda ýatanymy, hatasy?!
Ara çöp atana baýrak görünýär.

Samanyň astyndan suw goýberýänden,
Ýere bakandan ýer gorkak görünýär.
Dişleri döwse-de gyşyň şatysy,
Goşa ýazy buşlap pyntyk görünýär.

Saglar sagynýança ýeke öýermän,
Oglun iki öýeren tentek görünýär.
Bilbil ýaly saýrap durýanlar käte,
Nadanlaň ýanynda peltek görünýär.

Özünde ýok zady ile satýanlar,
Ýitib-ä gidenok, entek görünýär.
Suwlar akýar, daşlar ga:lýar ýuwulyp,
Agras daşlar misli erkek görünýär.

Agzynda aş gatyklanlar ýumlugyp,
Säher şuwlap geçen ýel dek görünýär.
Dag dag bolýar, ýakynlaşsaň beýgelýär,
Depeler daşlaşsaň ýer dek görünýär.

Togalansa watan üçin kelleler
Bir namysly-arly ser dek görünýär,
Gyňaja baglansa nebir selleler,
Itiň boýnundaky zer dek görünýär.

Gulak ynanmasa eşiden zadyna,
Dünýeden bihabar ker dek görünýär,
Lal bolsaňam, jim bolsaňam günüň ýok,
Üsti gömülmedik gör dek görünýär.

Bugdaý nanyň bolsa bugdaý söz bilen,
Hatarda ýük çekjek ner dek görünýär.
Arkaýyn uklaýar munda az bilen,
Köpe kowalaşsaň har dek görünýär.

Monjuklar gözlensin monjuk bazarda,
Siňe seret, süýtde gan ýok görünýär,
Dilleri saklalyň dişden aňyrda,
Il gözünden düşseň san ýok görünýär.



Sädi SÄDIÝEW.
32
81
flowers_
24.01.2024 19:52
Ýene-de zenanlar hakda…



▪︎Zenanlar özboluşly gözellikleri bilen täsinlikler döredýärler. Ine, zenanlar barada birnäçe täsin maglumatlar:

▪︎Ynamly bolmak akyl taýdan güýçli bolmagyň bir bölegidir. Bu sizi rahatlandyrýar we özüňizi beýleki ýoldaşlaryňyz bilen deňeşdirmegiňize päsgel berýär.

▪︎Işeňňirlik ýa-da bir sebäbe hyzmat etmek güýçli zenanlar üçin örän wajypdyr. Şol sebäpli akyl taýdan güýçli zenanlar çykgytsyz ýagdaýa düşenlerinde gaýga batman, «Näme edip bilerin?» diýip, öz-özünden soraýarlar.

▪︎Durmuşa oňyn garamak elmydama mümkin bolmasa-da, ony akyl taýdan ösdürip pozitiw pikirlenmek arkaly ulanyp bileris. Güýçli zenanlaryň aglabasy çözülmeli meseläniň ýarysyny görüp, şol babatda pozitiw pikirlenmek arkaly islendik meseläni çalt çözüp bilýärler.

▪︎Akyl taýdan güýçli zenanlaryň köpüsi daş-töweregindäki adamlaryň özleri barada aýdylýan gürrüňlerine ähmiýet bermeýärler. Esasan bu zenanlar, ynanýan zatlaryny goldamagy makul bilýärler.

▪︎Güýçli zenanlar gorkulara ýa-da kynçylyklara duçar bolan halatynda-da, olar bilen göreşmegi başarýandyrlar.

«TürkmenGazet»
31
69
flowers_
24.01.2024 16:13
Maýkl Jeksonyň durmuşy barada film.



Dünýä belli aýdymçy Maýkl Jeksonyň durmuşy baradaky film 2025-nji ýylyň 18-nji aprelinde kinoprokatda görkeziler. Bu barada “Variety” žurnaly habar berýär.

“Maýkl” adyndaky kino filmi 22-nji ýanwarda surata düşürilip başlanar. Ady rowaýata öwrülen aýdymçynyň keşbini onuň ýegeni Jaafar Jekson janlandyrar.

Antuan Fukuanyň režissýorlygynda surata düşüriljek bu film meşhur aýdymçynyň muşdaklaryny begendirer. Antuan Fukua “Korol Artur”, “Türgenleşik güni”, “Atyjy”, “Çepbekeý”, “Beýik deňleýji” ýaly filmleriň režissýorlygyny amala aşyrdy."


https://www.atavatan-turkmenistan
33
54
flowers_
20.01.2024 00:26
GEL, HASAPLY BOLALY!


Gel, hasaply bolaly!
Goý, uzaga gitsin täsin duýgular.
Öwrendim men söýgiň kadalaryny,
Eýýäm oňa bolup barýan uýgunam.
Gerek muny duýmagyň.

Gel, hasaply bolaly!
Gijeleri çirim etmän geçirdim:
Seň zaryňy çekip, gaýtalap adyň,
Oňa derek has uly bagt eçil sen.

Geçir sen yşkymy  kalbyň törüne,
Öçür eger şonda söýgi barmasa.
Indi öwezini söýülen günleň,
Söýgi bilen doldurmaga alňasa.

Gel, hasaply bolaly!
Emma şatlygymyz bolsun hasapsyz.
Meniň arzuwlarmy geçir durmuşa,
Hyýalymda bagtly geljek ýasapdym.

Zyýany ýok, zeýren kejirligimden,
Ejizje ýüregim mätäç goraga.
Gel, hasaply bolaly!
Ýöne meniň senden birje haýyşym,
Seni niçik söýýänimi sorama

Altyngözel AMANMÄMMEDOWA.
38
447
flowers_
19.01.2024 20:46
Gadymy grek filosoflaryndan sapaklar.



▪︎BAÝ KIŞI BAÝMYKA?

Diogenden bir baý kişiniň baýlygy hakda sorapdyrlar.
— Bilmedim-ow — diýip, Diogen gümürtik jogap beripdir. “Men onuň pulunyň köpdigini-hä bilýän.”
— Diýmek, ol baý-da onda?!
— Baý bolmak bilen puldarlyk ikisi bir zat däl ahyryn — diýip, Diogen jogap beripdir.
— Hakyky baý özünde bolan zat bilen kaýyl bolup ýören adamdyr. Kim öz ýygnap-ýygşyranyny az görüp, hars urup ýören bolsa, ol hiç zady bolmadyk, ýöne öz güzeranyna kaýyl bolup ýören adamlardan has garypdyr.

****

▪︎KÖŞEŞMEGIŇ IKI TÄRI.

Platondan:
— Betbagtlyga uçran adam nähili köşeşip biler? — diýip sorapdyrlar.
Ol şeýle jogap beripdir:
— Akylly adam başyna düşen betbagtçylygyň gutulgysyzdygyna düşüneni üçin, köşeşýär. Akmak adam bolsa, şol betbagtlygyň uly iliň hem başyndan inenligi hakda pikir edýändigi üçin köşeşýär.

***

▪︎DOGRY HEM GYŞYK ÇYZYK.

Aristotel bir gezek şeýle diýipdir:
— Akylly adam mydama akylly kişiniň pikiri bilen ylalaşar, akmak welin, adatça akylly bilenem, akmak bilenem ylalaşmaz. Bu ýagdaýa esaslanyp, şeýle netije çykarmak bolar: göni çyzyklar özara biri-birine jebis gelerler, gyşyk çyzyklar bolsa biri-biri bilenem, dogry çyzyklar bilenem hiç mahal jebis gelmezler.

***

▪︎AKMAGA AKYLLY TANATMAZ.

Bir akyldar şeýle diýipdir:
— Akylly adam akmagy hemişe tanar, sebäbi ol akyly goýalyşýança, akmagyrak bolup görendir. Ýöne akmak akyllyny hiç mahal tanap bilmez, sebäbi ol ozal akylly bolup gören däldir.



Taýýarlan: Zebo JORAÝEWA.
38
80
flowers_
19.01.2024 13:54
Nauşnikde aýdym diňlemek zyýanlymy?


Nauşnikde uzak wagtlap aýdym diňlemek ukubymyza zeper ýetirip, gulak bilen bagly näsazlyklaryň döremegine getirip biler. «Inwitro» lukmançylyk kompaniýasynyň hünärmenleri munuň gulakda gut dykysynyň emele gelmegine getirip, infeksiýa töwekgelçiligini ýokarlandyryp biljekdigini-de anyklapdyrlar.

Nauşnik ulanylanda erkek adamlaryň eşidiş näsazlyklaryna köp duçar bolýandygyny we bu töwekgelçiligiň ýaşyň ulalmagy bilen ýokarlanýandygyny görkezýär. Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň (BSGG) görkezmelerine laýyklykda, hünärmenler aýdym-sazyň güýçlülik derejesini 85 desibelden geçirmezligi we şeýle güýçlülik derejesinde aýdym-sazy günde 60-80 minutdan köp diňlemezligi maslahat berýärler.



Daýanç BABAÝEW.
38
96