flowers_
19.01.2024 20:46
Gadymy grek filosoflaryndan sapaklar.



▪︎BAÝ KIŞI BAÝMYKA?

Diogenden bir baý kişiniň baýlygy hakda sorapdyrlar.
— Bilmedim-ow — diýip, Diogen gümürtik jogap beripdir. “Men onuň pulunyň köpdigini-hä bilýän.”
— Diýmek, ol baý-da onda?!
— Baý bolmak bilen puldarlyk ikisi bir zat däl ahyryn — diýip, Diogen jogap beripdir.
— Hakyky baý özünde bolan zat bilen kaýyl bolup ýören adamdyr. Kim öz ýygnap-ýygşyranyny az görüp, hars urup ýören bolsa, ol hiç zady bolmadyk, ýöne öz güzeranyna kaýyl bolup ýören adamlardan has garypdyr.

****

▪︎KÖŞEŞMEGIŇ IKI TÄRI.

Platondan:
— Betbagtlyga uçran adam nähili köşeşip biler? — diýip sorapdyrlar.
Ol şeýle jogap beripdir:
— Akylly adam başyna düşen betbagtçylygyň gutulgysyzdygyna düşüneni üçin, köşeşýär. Akmak adam bolsa, şol betbagtlygyň uly iliň hem başyndan inenligi hakda pikir edýändigi üçin köşeşýär.

***

▪︎DOGRY HEM GYŞYK ÇYZYK.

Aristotel bir gezek şeýle diýipdir:
— Akylly adam mydama akylly kişiniň pikiri bilen ylalaşar, akmak welin, adatça akylly bilenem, akmak bilenem ylalaşmaz. Bu ýagdaýa esaslanyp, şeýle netije çykarmak bolar: göni çyzyklar özara biri-birine jebis gelerler, gyşyk çyzyklar bolsa biri-biri bilenem, dogry çyzyklar bilenem hiç mahal jebis gelmezler.

***

▪︎AKMAGA AKYLLY TANATMAZ.

Bir akyldar şeýle diýipdir:
— Akylly adam akmagy hemişe tanar, sebäbi ol akyly goýalyşýança, akmagyrak bolup görendir. Ýöne akmak akyllyny hiç mahal tanap bilmez, sebäbi ol ozal akylly bolup gören däldir.



Taýýarlan: Zebo JORAÝEWA.
38
80
tmyigit76
19 Yanwar 2024
Soňky aýdylan 💯 dogry 👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.