flowers_
25.01.2024 20:48
Limon: sanlar we maglumatlar


🍋Dünýäde limon ösdürip ýetişdirmekde öňdeligi eýeleýän Hindistanda ýylda 3 million tonna limon hasyly alynýar.

🍋Limon şiresiniň 5 göterimi kislotadyr.
B.e. öňki II asyrda limon ösdürip ýetişdirmek Italiýadan tutuş Ýewropa, soňra 700-nji ýyllarda Eýrana, Yraga, Müsüre, Palestina we Demirgazyk Ýewropa ýaýrapdyr. Adamlara her gün 139 kaloriýa C witamini gerek, bir limondaky C witamini ortaça 22 kaloriýa töweregi.

🍋C, B6, A, E, niasin, tiamin, kalsiý, mis, magniý, demir, fosfor, sink, polat we belok ýaly maddalara baý limon güýçli antioksidant çeşmesi we immun ulgamyny güýçlendiriji miwedir.

🍋Maglumatlara görä, 2003-nji ýylyň 8-nji ýanwarynda «dünýädäki iň agyr limon» hasaba alyndy. Ysraýylyň Kefar Zeitm fermasynda ösdürilip ýetişdirilen miwäniň agramy 5 kilogram 265 gram boldy.

🍋Dünýäde iň köp limon öndürýän 5 ýurt: Hindistan, Meksika, Hytaý, Argentina we Braziliýadyr.

🍋Gadymy döwürde limon gaty seýrek bolany üçin patyşalara sowgat hökmünde berlipdir.

🍋Limon suwy mör-möjekleri daşlaşdyrýar. Miwedir gök önümler kesilenden soňra garalýar. Munuň öňüni almak üçin olary limonly sowuk suwda goýmak maslahat berilýär.

🍋Limon agaçlary her ýyl 600 litr limon suwuny öndürýär. Fewral we mart aýlarynda Fransiýanyň Riwer şäheriniň Menton şäherçesinde her ýyl limon baýramy bellenilýär.

🍋Limonyň kislotaly we süýji görnüşi bar. Kislotaly limon täjirçilik taýdan ösdürilip ýetişdirilýär, süýji limon bolsa bagbanlar tarapyndan ösdürilip ýetişdirilýär.

🍋Limon agajynyň ömri 50 ýyla çenli bolup, ýazda gülleýär, tomusda miwe berip başlaýar, güýzde we gyşda bolsa ýaşyl reňkli miweleri saralýar. Limon miweleri gülläninden 4-12 aý aralygynda bişýär. Limon agajy 3-5 ýyldan soň miwe berip başlaýar.



Kakajan HOJAMUHAMMEDOW.
33
55
manolya
26 Yanwar 2024
@flowers_, 😊
manolya
26 Yanwar 2024
@flowers_, aý şuna iýdim 🍊 almada iýesim gelenok😐
manolya
26 Yanwar 2024
@flowers_, göz degirdiňä 😒 işdä ýok şu günler ))
manolya
26 Yanwar 2024
@flowers_, 😬bolýa ,şonnada iýýän
manolya
26 Yanwar 2024
Limony dilim- dilim edip iýýän 😋 turşyja mmmm
amanmyradowna_
25 Yanwar 2024
@flowers_, tùýs gerekdà maña😁
amanmyradowna_
25 Yanwar 2024
Men çay demlayinle gowsy. Limonly çaý içeyin😊
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.