flowers_
25.01.2024 23:25
Aýdylmadyk sözler.



Seniň ýok wagtyňda seni taryplap,
Gijeler ýatmadym, goşgular goşdum.
Sen maňa mydama bolsaňam ýakyn,
Seniň ýanyňdakam sen maňa daşdyň.

Zöhre ýyldyzy dek alysdyň menden,
Mawy gözýetimden salardyň ýalkym.
Yzarlap, yzarlap, barsamam, ýene
Güýçlenerdi derdim,
Gowşardy erkim.

Ýygralyk boldumy, ýaşlyk boldumy,
Sadalyk boldumy… bir zad-a boldy.
Ýyllar boýy ýüregimde ýer eden
Aýdylmaly sözler aýdylman galdy.

Aýdylmadyk sözler bilen ulalyp,
Aýdylmadyk sözler bilen söýdüm men.
Ahyr olar böwsüp çykdy ýüregmi
Ýasadym olardan ajap aýdym men.

Ol aýdymy diňläp görseň her haçan,
Bagt dumany gaplap alar seriňi.
Aýdylmadyk sözler aýdarlar saňa
Bir ýürek däl, ýüz ýüregiň syryny.

Söýmeseň-de, alabahar gary dek,
Pagyş-para eräp, dişlärsiň barmak.
Meniň üçin ajaýyp bir ýeňişdir
Daş dek bir ýüregiň ereýşin görmek.


Halyl KULYÝEW.
41
135
sazsoft
27 Yanwar 2024
«Söýmeseň-de, alabahar gary dek,
Pagyş-para eräp, dişlärsiň barmak.
Meniň üçin ajaýyp bir ýeňişdir,
Daş dek bir ýüregiň ereýşin görmek» 😥💥
manolya
26 Yanwar 2024
@flowers_, 😊 bolýa senem meni gözläýme )) gaty göresiň gelse maile baraý )
manolya
26 Yanwar 2024
@tim_, 😬 boldy başlyk hökman ))
manolya
26 Yanwar 2024
@kppbilmish, @kppbilmish, sen ulanyja 😄 editor ýa tester dälä ))
manolya
26 Yanwar 2024
@flowers_, meňä şu jynym adam bilen oňşanok🤦‍♀️
manolya
26 Yanwar 2024
@flowers_, menem bilýän 😊halabam baramok şony 😬 jynym alanok
manolya
26 Yanwar 2024
@flowers_, aý howa şeýtýäler bir iki sany görip bar😄
manolya
26 Yanwar 2024
Goşgy manyly eken, teswirini ýapypsyň ))
nabat_
26 Yanwar 2024
👍⭐⭐
manolya
26 Yanwar 2024
@flowers_, 😜
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.