flowers_
25.01.2024 09:47
Ruhy iýmitiň zerurlygy.



Pederlerimiz ylym öwrenmekligi ýaşlykda ekilip, garrylykda miwesi ýygnalýan agaja deňäpdirler. Danalarymyz ylmy diňe bir ynsany däl, eýsem, milletleri beýgeldýän beýiklikdigini nygtaýarlar. Islendik ylmyň we bilmiň janydyr ýüregi bolsa kitap hasaplanýar. Ylmy basganjaklara çykmakdan kitabyň zeruryýetdigini ynsanlar indi ençeme asyr bäri göz ýetirip gelýärler. Kitaby özlerine ömürlik hemra edinýän danalarymyzyň durmuş pelsepelerine uýup ýaşamak her birimize peýda getirer. Şu ýerde bu baradaky tymsallaryň birine ýüzlenesim gelýär:

Bir ýetginjek oglan kitaphon ýaşula ýüzlenip:

— Kitaby hiç eliňizden goýaňyzok. Emma şol bir okan kitaplaryňyzy ýene-de gaýtalap okamagyň ähmiýeti näme?- diýip sorapdyr. Şonda ýaşuly:

— Sen näme üçin şu gün garnyňy doýurdyň? Bolmanda düýn hem sen gowuja naharlanypdyr ahyryn?! – diýipdir. Ýetginjek egnini gysyp, iýip-içmizden ýaşap bolmaýandygyny aýdypdyr. Şonda ýaşuly baş atmak bilen:

— Dogry, hut şonuň üçin menem ruhy taýdan ölmezlik üçin her gün kitaplary gaýtalap okaýaryn – diýipdir. 


Mahymjan ÝAGŞYÝEWA.
35
76
medik_
25 Yanwar 2024
@flowers_, hawa yazdym
tmyigit76
25 Yanwar 2024
@guwanch00, Gaýtalamak - ylymyň enesidir diýilýämi...
guwanch00
25 Yanwar 2024
Adam her sapar şol bir kitaby gaytalap okanda ona has oñat duşunyar. Gayta gayta okamak gerek.
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.