flowers_
20.01.2024 00:26
GEL, HASAPLY BOLALY!


Gel, hasaply bolaly!
Goý, uzaga gitsin täsin duýgular.
Öwrendim men söýgiň kadalaryny,
Eýýäm oňa bolup barýan uýgunam.
Gerek muny duýmagyň.

Gel, hasaply bolaly!
Gijeleri çirim etmän geçirdim:
Seň zaryňy çekip, gaýtalap adyň,
Oňa derek has uly bagt eçil sen.

Geçir sen yşkymy  kalbyň törüne,
Öçür eger şonda söýgi barmasa.
Indi öwezini söýülen günleň,
Söýgi bilen doldurmaga alňasa.

Gel, hasaply bolaly!
Emma şatlygymyz bolsun hasapsyz.
Meniň arzuwlarmy geçir durmuşa,
Hyýalymda bagtly geljek ýasapdym.

Zyýany ýok, zeýren kejirligimden,
Ejizje ýüregim mätäç goraga.
Gel, hasaply bolaly!
Ýöne meniň senden birje haýyşym,
Seni niçik söýýänimi sorama

Altyngözel AMANMÄMMEDOWA.
38
447
manolya
23 Yanwar 2024
@flowers_, gowy gowy 😁
tmyigit76
23 Yanwar 2024
@flowers_, salam barmysynyz
manolya
23 Yanwar 2024
@flowers_, oňatmyň 🙃
ATOMIC
23 Yanwar 2024
@flowers_, salam, gowmy:)
Tayler
20 Yanwar 2024
Hasapsyz zat ýok
tsoltanova
20 Yanwar 2024
@flowers_, 3 günlik derejeleriñiz aldym, soñ ýene dowam etse düýpleýin çäklendirilme beriler.
tsoltanova
20 Yanwar 2024
@flowers_, şu aşakdaky gürrüñleñ başga sosial ýerlerde et gaýrat etde
tsoltanova
20 Yanwar 2024
Sagboluñ sylagyñyz uly derejede görkezdiñiz, @Kmg gurt, @flowers_,
tsoltanova
20 Yanwar 2024
@Kmg gurt, post üm baradamy?
tsoltanova
20 Yanwar 2024
Indi derejeli agzalañ derejesin aýyrjak
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.