flowers_
05.03.2024 06:08

Mekdebi kim oýlap tapypdyr?!





Mekdep — biziñ ikinji öýümiz. Eýsem, mekdebi kim oýlap tapdyka?! Bar bolan maglumatlara görä, ilkinji mekdepler gadymy Müsür döwletleriniň döräp başlan ýyllarynda ýüze çykyp ugrapdyr. Ol mekdeplerde döwlete hyzmat etmeli kätipler we hasapçylar taýýarlanylypdyr.

Häzirki döwürde hereket edýän ählumumy bilim ulgamy ilkinji gezek Wizantiya döwletinde, takmynan, 425-nji ýylda ýola goýlupdyr. Bu ulgam harby maksatlar üçin ulanylypdyr. Irki döwürlerde mekdeplerde bar bolan synplar dürli ýaşdaky okuwçylardan düzülipdir. Bir dersiň dowamynda ululy-kiçili çagalar dürli dersleri özleşdiripdirler. Käbirleri şol bir dersiň dowamynda matematikanyň inçe syrlaryny öwrense, beýlekileri himiýany ýa-a edebiýaty özleşdiripdirler.

Çeh pedagogy Ýan Amos Komenskiy (1592-1670 ý.) ilkinji bolup täze synp-sagat ulgamyny ýola goýupdyr. Ol ulgama görä, birmeňzeş ýaşly okuwçylar üçin ýörite topar düzülipdir, ýagny bir synpda birmeňzeş ýaşly okuwçylar  okapdyr. Olarda bir dersiň dowamlylygy 45 minutdan ybarat bolup, dersler umumy meýilnama esasynda alnyp barylypdyr. Okuwçylar 45 minudyň dowamynda öňki ýaly dürli dersleri däl-de, bir dersi özleşdirmäge başlapdyrlar. Ulgamyň bu görnüşi özüniň gowy netijelerini bermegi, onuň biziň günlerimize çenli dowam etmegine getiripdir.  Komenskiniñ pikirine görä, bilim ulgamynyň esasy wezipesi okuwçylaryñ özbaşdak pikirlenmek ukybyny ösdürmekden ybaratdyr.



Oguljeren TÄŞLIÝEWA.
31
46
flowers_
04.03.2024 23:32

EDA BILEN...

Eda bilen ýöräp gelýäň diýýärsiň,
Diýýäň, ýere degenok-la dabanyň.
Gara ýer injikden aslyşýar, nätjek,
Üstümde-de asman dur-a abanyp.
Ýene penjireden synlapsyň meni,
Diýýäň, her ädimiň oýlanyp basýaň.
Nätjek, ýogsa, tebil tapjak gara ýer,
hem depämden süýşüp gitjek gök asman.





Şirinjemal Ýegelekowa.
29
28
flowers_
04.03.2024 19:11

Saz diň­le­me­giň peý­da­sy.





Ru­hy taý­dan nä­hi­li ýag­daý­da bol­sa­gam, aý­dym we saz he­mi­şe bi­ze ýa­kyn. Saz ada­ma şeý­le bir tä­sir ed­ýär we­lin, gy­na­nan pur­sa­dy­myz be­gen­di­rip, şat­lyk­ly wag­ty­myz gam-gus­sa ba­ty­ryp bil­ýär. Alym­la­ryň ge­çi­ren bar­lag­la­ry­na gö­rä, ha­la­ýan aý­dym-sa­zy­ňy diň­le­mek beý­ni­dä­ki «oňyn ener­gi­ýa­ny we duý­gu­la­ry» ýü­ze çy­kar­ýar. Şol wagt ada­myň şäh­di açy­lyp, iş­jeň­li­gi art­ýar. Gaý­gy-ala­da­la­ry ýat­dan çy­kyp, özü­ni ra­hat duý­ýar. Ga­dym dö­wür­ler­de saz diň­le­mek ar­ka­ly ke­sel­le­ri be­jer­mek usu­ly­nyň ula­ny­lan­dy­gy ba­ra­da hem eşi­den bol­sa­ňyz ge­rek. Boş wag­ty­ňyz özü­ňi­ziň ha­la­ýan saz­la­ry­ňy­zy ýa-da aý­dym­la­ry­ňy­zy bir ýe­re jem­läp, al­bom dö­re­diň! Gaý­gy­la­nan ýa ga­har­la­nan ma­ha­ly­ňyz ýa-da ýa­daw ha­la­ty­ňyz üm­süm­lik ýe­re ge­çip, şol saz­la­ry diň­läň!
Sa­zyň ada­ma tä­si­ri­ni şeý­le­räk be­ýan edip bo­lar:
Aňy kö­şeş­dir­ýär.
Ýü­re­gi gi­ňeld­ýär.
Agy­ry­ny ýe­ňil­leş­dir­ýär.
Ga­ha­ry pe­seld­ýär we kö­şeş­dir­ýär.
Im­mu­ni­te­ti güýç­len­dir­ýär.
Iş­dä­ňi açýar.
Go­wy zat­lar hakynda pi­kir et­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär.
Ün­sü­ňi bir ýe­re jem­le­ýär.
Ýat­keş­li­gi güýç­len­dir­ýär.

Di­ňe saz ýa-da aý­dym diň­le­mek bi­len çäk­len­män, eý­sem, sa­za go­şu­lyp aý­dy­ma hiň­len­me­giň ýa-da ba­şar­dy­gyň­dan hö­wes ed­ýän saz gu­ra­ly­ňy çal­ma­gyň hem sag­lyk üçin köp peý­da­sy bar. Edil maşk edi­len­dä­ki ýa­ly, aý­dy­ma hiň­le­ni­len­de ýa-da saz çal­nan­da en­dor­fin gor­mon­la­ry bö­lü­nip çyk­ýar. Be­den­dä­ki agy­ry­la­ry aýy­ry­jy bu gor­mon özü­ňi ra­hat we bagt­ly duý­ma­ga kö­mek ed­ýär. Şeý­le hem özü­ňi ele al­ma­ga ýar­dam edip, stre­si we ýal­ňyz­lyk duý­gu­sy­ny pe­seld­ýär.
Bi­ler­men­ler ata-ene­le­re ça­ga­la­ry­nyň ki­çi­lik­den saz çal­ma­gy öw­ren­me­gi­ni hö­wes­len­dir­me­gi mas­la­hat ber­ýär­ler. Aý­dym-saz ça­ga­nyň ze­hi­ni­ni açyp, özü­ne bo­lan yna­my güýç­len­dir­ýär. Saz çal­ýan ça­ga­lar özü­ni ba­şar­jaň alyp ba­ryp, okuw ders­le­rin­de üs­tün­lik ga­zan­ýar­lar. Saz çal­mak ma­te­ma­tiki ha­sap­la­ma­lar ýa­ly ýa­dy güýç­len­di­rip, ça­ga­la­ryň gö­zel­lik­le­ri duý­mak uky­by­ny ös­dür­ýär.
35
42
flowers_
04.03.2024 15:58

Emeli aň köne golýazmany okamaga kömek etdi.





Alymlar emeli aňyň kömegi bilen miladynyň 79-njy ýylynda Wezuwiý wulkanynyň atylmagy sebäpli agyr zeper ýeten gadymy golýazmalarda 2000-den gowrak harplary kesgitlemegi başardylar. Bu barada “The Guardian” neşiri habar berýär.
Gadymy golýazmalar Rimiň gadymy Gerkulanum şäherinde ýerleşýän we 1800-den gowrak golýazmany öz içine alýan kitaphanada saklanypdyr. Wezuwiý atylanda bu ýer wulkan palçygynyň we külüň aşagynda gömülipdir. Kitaphanadaky köp sanly golýazmalar ýanyp, ýok bolupdyr. Diňe birnäçe ýanan papirus şu güne çenli saklanyp galypdyr we dürli ýurtlaryň hünärmenleri birnäçe ýyl bäri olary okamagyň üstünde işleýärler.
2023-nji ýylyň oktýabr aýynda Lýuk Farritor we Ýusef Nader golýazmada «melewşe» manysyny berýän «πορφύραc» gadymy grek sözüni tapdylar. Soňra olara kompýuter tomografiýasy arkaly golýazmalaryň sanly şekillerini almak üçin ýörite algoritm döretmäge kömek eden Şilliger hem goşuldy. Emeli aň esasly ulgam alymlara birbada 2 müň harpy ýüze çykarmaga kömek etdi.
Ýazgyda lezzet çeşmeleri barada aýdylýar, awtor olary aýdym-saz we iýmit diýip atlandyrýar. Şeýle hem ol lezzetiň, bollugyň we gorkynyň biri-birine nähili täsir edýändigi barada-da pikirlenýär.
Bristol uniwersitetiniň hormatly professory Robert Fawler teksti öwrenip, resminamanyň awtory epikurly gadymy grek filosofy Filodem bolup biler diýen netijä geldi. «Ähtimal, bu onuň özi. Bu egri ýazuw stili oňa mahsus» diýip, bilermen belledi.

https://zamanturkmenistan.com.
41
111
flowers_
04.03.2024 12:53
Eneler — ýol görkeziji perişdeler.


Bütin adamzat asyrlarboýy enäni mukaddes hasaplap, başyna täç edinip gelýär. Ahmal, şunuň üçin köneler «Jennet eneleriň aýagynyň astyndadyr» diýip aýdandyrlar. Her bir ynsan haýsy dine uýýandygyna garamazdan, bütin ömrüne el ýeterden has daşdadyr, asmanyň ýedinji gatyndadyr öýdüp gelýän jennetindenem enäni  belentde goýýar.

Beýik hytaý danasy Konfusiý: «Göwheriň hem bahasy bar, emma enäniň bahasyna ýetme ýok. Göwheri ýitirseň gazanyp bolýar enäni gazanyp bolmaýar» diýýär. Dananyň bu sözleri bize enelerimizi beýleki ýakynlaryň ählisinden ýokarda goýmalydygymyzy yşarat edýär. Çünki ene – ýekeje. Çünki iň beýik ynsanlary, adyl şalary, beýik akyldarlary, gahrymanlary ene dogurýar. Mümkin, taryhyň başyndan bäri beýik akyldarlardyr adyl şalaryň näçe müňüsiniň  ýaşap geçendigini iň güýçli alymlar hem takyk aýdyp bilmezler. Oňa derek şalary hem, beýik danalary hem, meşhur şahyrlary hem enäniň dogurýandygyny ýaňy mekdebe baran çagalaram bilýär.

Ene – bu söz iň bir ýürege ýakyn sözleriň biri. Ene diýenimizde, bizi bu ýagty jahana inderen, biziň üçin gijelerini çirim etmän geçiren, bizi mylaýym hüwdüleri bilen hüwdüläp, geljekde Watana, il-güne wepaly adamlar bolup ýetişmegimiz üçin özüniň iň gymmatly ömrüni peşgeş eden nurana keşp göz öňüňde janlanýar.

Gahryman Arkadagymyz «Enä tagzym – mukaddeslige tagzym» atly kitabynda: «Arşdan saňa inderilen iň uly serpaý – bu ene mähri. Günüň ýylysynyň topraga jan berşi ýaly, seniň janyň rahatlygy özüňe siňdirilen mähir gönezligindedir» diýip belleýär. Hakykatdan-da, ene sözi her bir adamyň ilkinji aýdýan sözüdir. Onuň nähili jadyly, maýyl ediji güýjüniň bardygy barada oýlanyp görenimizde, onda dowamatyň dowam bolýandygyna göz ýetirýäris.

Ene – bu dünýäniň bezegi. Ejeňi gözüň görüp dursa, bu Zeminde hiç bir zadyň gaýgysyny etmän ýaşarsyň. Sebäbi seniň aladaňy edýän adamyň barlygyna gözüň ýetip dur. Biz nirede bolsagam, öz mähribanlarymyzyň mertebesini belentde tutmalydyrys. Bu biziň ata-enäniň öňündäki ilkinji borjumyzdyr. Biz: «Mähriban ejemiň birje gije almadyk ukusyny men näme edemde-de gaýtaryp bilmerin!» diýen pikir bilen gezmelidiris. Her bir ata-ene çagalaryny Watanyň ykbalyna, halkynyň öňündäki borjuna bir bitewüligiň aýrylmaz bölegi hökmünde garamak, öz şahsy borjuny ýerine ýetirmek ruhunda terbiýelemelidir.

Laçyn ÝAGMYROWA.




 

Eje.


Söýgim  saklap  ýüregimiň  töründe,
Gujagňa  dolaýyn  bagra  bas  eje.
Elleriň  yzy  bar  şamar  örümde,
Serhoş  boldum  mähiriňden  tas eje.

 

Geçmişimde,  geljegimde,  ertämde,
Saçym  çöşlän şemal  ýüzüm  ýelpände,
Hyýallarym  gujagyňda  entände,
Şonda  özüm  bagtly  duýýan  has  eje.

 

Azan  sesi  ýaň  berip  dur  äleme,
Aý  görküni  saljak  bolýar  tärimden,
Ýetmek  üçin  arzuwlanan  kärime,
Ýollarymyz  biraz  aradaş  eje.

 

Roýuň  görüp  ýene  gezmäge  geldim,
Teşne  kalbym  mähre  ezmäge  geldim,
Çagalyk  tapmaçam  çözmäge  geldim,
Gündeligem,  durmuşymam bäş, eje!

 

Gujagyň  aç  gujagyňda  gowşaýyn,
Bagryňa  bas ýaňagyňdan  ogşaýyn,
Ýene  lälik  günlerime  ogşaýyn,
Bir  çene  baranam  bolsa  ýaş,  eje!

 

Endigim,  terbiýäm  goýup  bolmaýan,
Mahriňi  küýsedim doýup  bolmaýan,
Söýgüňe  batyrlan  temmiň  küýseýän,
Özgeleň  igenji göýä daş, eje!

 

Senli  günlerimde  ýaşaýan  erkin,
Gurupsyň  biz  üçin  jennetiň  berkin,
Binesip  bolmasyn  bu  bagtdan  herkim,
Gojalaram ene üçin ýaş, eje.





Bibi TAGANOWA.
35
15
flowers_
03.03.2024 10:54

Durmuşyñ manysy.
Gysga hekaýa.




Bir ge­zek ag­şa­ma­ra­lar ýol­dan gi­jä ga­lan öteg­çi­ akyl­da­ryň­ ga­py­sy­ny­ ka­kyp­dyr.­ Akyl­dar ony­ içe­ri­ ça­gy­ryp,­ hö­dür-ke­rem­ edip­dir.­ Olar öza­ra­ gür­rüň­ edip­dir­ler.

–­Gu­lak­asyň­–­di­ýip,­myh­man­ aý­dyp­dyr:­–­

Se­niň­ pa­ra­sat­ly­ly­gyň­ ba­ra­da­ky­ gür­rüň­ler­ bi­ziň ül­kä­mi­ze­ hem­ ba­ryp­ ýet­di.­Sen­ nä­hi­lem­ bol­sa,­

kö­pi­ gö­ren­ adam.­Eý­sem,­siz­ ma­ňa­ ada­myň­ näme­ üçin­ şu­ dün­ýä­de­ ýa­şa­ýan­dy­gy­ny­ dü­şün­dirip­ bi­ler­mi­si­ňiz,­ eý­sem,­ dur­mu­şyň­ ma­ny­sy­ näme­de?!

–­ Ýog­sa-da,­ seň­ özüň­ bu­ hak­da­ pi­kir­ edip gör­düň­mi?­–­di­ýip,­akyl­dar­ so­rap­dyr.

–­Men­ bu­ hak­da­ kän­ pi­kir­ et­dim,­ ýö­ne­ oň­ joga­by­ny­ he­ni­ze­ çen­li­ ta­pyp­ bil­me­dim.­ Men­ her gün­de­ şol­ bir­za­dy­ ed­ýä­rin:­iş­le­ýä­rin,­ iýip-iç­ýärin,­ uk­la­ýa­ryn.­ Gün­diz­ gi­je­ bi­len­ ýe­ri­ni­ ça­lyşýar,­ ýe­ne-de­ şol­ bir­ gün­ gaý­ta­lan­ýar.­ Hep­de­ler,­ aý­lar, ýyl­lar şeý­le bir tiz geç­ýär we­lin, teý bo­lar

ýa­ly­ däl.­Gyş­dan­ soň­ ýaz,­ to­mus,­ güýz­ gel­ýär,­soň­ra­ ýe­ne-de­ gyş.­ Men­ bag­ty­my­ tap­ýa­ryn,­ soň­ ony­ ýe­ne-de­ ýi­tir­ýä­rin.­ Äh­li­ zat­ haý­sy­dyr bir­ bi­ma­ny­ aý­law­da­ pyr­la­nyp­ du­ran­ýa­ly.­ Meniň­ pi­ki­rim­çe,­ mu­nuň­ hiç­ hi­li­ ma­ny­sy­ ýok.

Akyl­dar­ se­si­ni­ çy­kar­man,­ ony­ saz­la­şyk­ly­ jykgyl­dap­ du­ran­ uly­ sa­ga­dyň­ ýa­ny­na­ el­tip,­onuň yz­ky­ ga­pa­gy­ny­ aç­ýar.­Onuň­ için­dä­ki­ kä­bi­ri­ tiz,­ kä­bi­ri­ ha­ýal­lyk­ bi­len­ aý­la­nyp­ du­ran­ köp­san­ly çarh­lar­ bi­ri-bi­ri­niň­ di­şi­ne­ il­te­şip,­ sa­ga­dyň­ dil­leri­ni­ he­re­ke­te­ ge­tir­ýär­di.

–­Ine,­ sen­ şu­ýa-da­ bu­ çar­ha­ se­ret­–­di­ýip,­

akyl­dar­ üm­süm­li­gi­ boz­ýar.

–­Olar­ he­mi­şe-de­ şol­bir­ ýer­de­ aý­la­nyp­ durlar.­ Eý­sem,­ sen­ nä­hi­li­ pi­kir­ ed­ýär­siň,­ di­ňe­ bir çarh­ aý­la­nyp­ dur­sa,­ oň­ ma­ny­sy­ bo­lar­my­dy?­

Bol­maz­dy.­Dur­mu­şam­ şeý­le.


Terjime eden:

Ýegenmämmet TAÝLYÝEW.
34
81
flowers_
01.03.2024 15:05
Bahar pasly barada geň-taňlyklar.




Bahar we tomus pasyllarynda çagalaryň ösüşi ýylyň beýleki pasyllaryna garanda 3 esse güýçlüdir. Beýik Britaniýanyň alymlary tarapyndan geçirilen köpgezeklik barlaglaryň netijesinde çagalaryň bedeniniň mart aýyndan başlap awgust aýyna çenli bolan aralykdaky ösüşi sentýabr aýyndan dekabr aýyna çenli bolan aralykdaky ösüşinden 3 esse ýokarydygy ýüze çykaryldy.

*  *  *

Bahar pasly gelende ösümlikler aýratyn biologik sagatlaryň esasynda oýanýarlar. Ösümlik mart aýynda gyrkylyp, suwa salnanda, ol pyntyklaýar we ondan kökjagazlar emele gelýär. Emma noýabr aýynda gyrkylan ösümlik suwa salnanda, ol ýaşaýşyny bes edýär. Bu ýagdaý ýagtylyk gününiň dowamlylygy düşündirilýär.

*  *  *

Arylar we beýleki köp mör-möjekler beýleki pasyllara garanda bahar paslynda az howsala düşýärler. Bahar paslynda olar özlerini rahat alyp barýarlar.

*  *  *

Adamlaryň bedeniniň dem alyş ýygylygy ýaz paslynda güýzdäkiden 3 esse köpdür. Alymlar bu ýagdaýy adamlaryň bedeniniň gyş paslyndaky kislorod açlygyndan çykan soň, synalaryň asyl durkuny dikeltmek maksady bilen dem alşyň çaltlanýandygy bilen düşündirýärler.

*  *  *

Awstraliýa, Argentina, Madagaskar ýaly döwletlerde bahar pasly sentýabr aýynda gelýär.

*  *  *

Ženewada baharyň gelendigini kaştan agajynyň «güllemegi» boýunça kesgitleýärler. Şäheriň merkezinde ýörite şu maksatda ösüp oturan kaştan agajynyň ilkinji ýapragy çykandan soň resmi taýdan ýaz paslynyň gelendigini bellik edýärler. Ýaponiýa döwletinde bolsa, üljäniň gülläp, ähli ýeriň mymyk-gülgüne reňke boýalmagy bilen baharyň gelendigini resmi taýdan kesgitleýärler.

*  *  *

Ikatýok guşy – ýazyň buşlukçysy. Gadymda adamlar ikatýogyň sesiniň çykmagy arkaly baharyň gelendigini bilipdirler.

*  *  *

Bahar paslynyň gelmegi bilen towşan, belka ýaly käbir haýwanlar bedeniniň daşky reňkini üýtgedýärler.

*  *  *

Ýaz aýlarynda ýagan ýagyş güýz aýlaryndaky ýagyşlaryndan güýçlüdir.


 

Rozumbaý ERGEŞOW.
36
101
flowers_
01.03.2024 07:06

Gyzym.



"Edil düýn ýalydy, ýañy ýalydy" diýşi ýaly şahyryň, ilkinji gözümüñ nury ýañy ýaly dogulany, tüweleme 9 ýaşady. Elmydama görjegiň gowulyk bolsun, başyň dik bolsun, enesiniň aýdyşy ýaly "gündeligiñe däl, mañlaýyña 5 lik ýazylan bolsun", okap, işläp ene-ataña, öý- ojagyña rakyply gyzjagaz edip ýetişdirmek nesip etsin!

Zenan diýmek - gyzyňdyr,
Teşne kalbyň gandyrjak,
Aýdymyňdyr, sazyňdyr,
Ömre şatlyk getirjek,
Gül - gunçaly ýazyňdyr,
Ogul bilen deň durjak,
Dowamyňdyr, yzyňdyr,
Sebäbi, ol gyzyňdyr.
# Gurt Näzliýew.

79
609
flowers_
01.03.2024 00:18

Ah, ýöne “ýaz” geler Gurbannazarsyz!
Jahan Amanmuradowa.





Doglan günüň gutly bolsun Şahyr!
Ine-de ýoklugyň (sensizligiň) 49-nji ýyly.

Sen barada okamak, gürrüň etmek, gürrüň bermek, goşgylaryňy okamak näçe hezil bolsa-da,
ýazmak kynyrak eken. Bul eýýäm meniň 4-nji synanşygym.

Gysgaça terjimehal.
Gurbannazar Ezizow 1940-njy ýylyň 1-nji martynda Aşgabat şäheriniň Büzmeýin obasynda mugallym maşgalasynda dünýä inýär. Kakasy Aziz aga mugallym bolupdyr. 1964-nji ýylda Türkmen Döwlet Uniwersitetiniň Filologiýa fakultetini gutarýar. 1955-nji ýyldan başlap goşgulary çap edilýär. 1965-nji ýylda goşun gullugyny tamamlap gelenden soň, 25 ýaşynda Halnabat bilen durmuş gurýar. Şahyryň 4 gyzy 1 ogly bar.

Ezizowmy ýa-da Azizow?
Aslynda şahyryň kakasynyň ady Aziz bolan we resmi familýasy hem Azizow. Ýöne goşgy ýazyp başlan ilkinji günlerinden bäri şahyryň öz ulanýany hem-de köpçülikde bilinýäni Ezizow. Bu ýagdaýy şahyryň ýakyn dosty merhum şahyr Annaberdi Agabaýew şeýle düşündirýär:

“Bir gezek Gurbannazar maňa ―Men goşgularymda dek sözüni ulanmagy halamok, gödek görýän. Oňa derek deý ulansam has gelşikli görünýär”

diýdi. Megerem, Azizow däl-de Ezizow ulanmagy şu sebäpden bolsa gerek.. Şol sebäpden onuň ilkinji gezek Moskwada kitaby çap edilende, galamhaky diýip ugradylan puly hem almak kynrak düşüpdi. Sebäbi kitabyň awtory diýibä Ezizow dur, galamhakyny almaga bolsa pasportynda Azizow ýazylgy ýigit gelýär. Bu ýagdaý onuň kellesini näçe agyrtsa-da ol hiçwagt goşgularynyň soňuna Azizow diýip ýazmandy.

Şahyr we Nury Halmammedow
Ezizowyň Nury Halmammedow bilen ýakyn dostlugy hemmämize mälimdir. Muny olaryň bilelikde eden işlerindenem bilmek bolýar. Emma ilkinji tanyşanlaryndan soň, Ezizow gulluga gidýär. Şon-da dosty A.Agabaýewa ýazan hatynda:

―Nury öz sazyndan başga hiçzat eşdenok, ýöne
elbetde meniň bu pikirlerim hakykatdan uzak bolmagy-da ähtimal, diýip ýazýar.


Hakykatdanam şeýle bolýar. Gullukdan baranyndan soň olar bilelikde ajaýyp eserleri döredýärler. Nury Halmammedow Ezizowyň goşgularynyň ençemesine saz ýazýar.

Hany, çal dutaryñ mähriban dostum
Egseli, ýüregmiz atmanka gasyn,
Geçilen ýollaryň şatlyk-bagtyny,
Geçilmedik ýodalaryň gussasyn.

“Diňe bir seň bilen bakylyk bardyr”
Şahyr barada maglumat gözläp ýörşüme, birki günlükde ýanýoldaşy Halnabat Ezizowanyň 1985-nji ýylda ýazan makalasyny tapdym. Makala uzynrak. Şoň üçin diňe belli bir bölegini size ýetirýärin.

– Hatlaryň birnäçesinde Gurbannazaryň haýsy eserleri ürç edip okaýandygy barada gürrüň gozgalýar. Elbetde, Magtymgulyny. Şahyryň diwany mydama onuň başujundady. Beý diýdigim – ol gije-gündiz Magtymgulyny okap ýatyr diýdigim däl. Ol Şekspiri, Petrarkany, Rembony, Nerudany, Bleýki, Ýewtuşenkony... okaýardy. Ine birdenem Pyragynyň islendik sahypasyny açardy-da sesli, labyzly okardy. Öz-özi hezil edinip okardy. Men bolşuň nähili diýsem: “Islendik şahyry içiňden okap bolar, emma bu içiňe syganok” diýerdi. “Dünýäniň ähli beýik şahyrlaryny okap, öwreneňsoň Magtymgula gelip bolýar” diýerdi.

―Biz entek-entek Magtymgula düşünmeris, sebäbi onda türkmen halkynyň geçmişiniň çuňlugy, geljeginiň beýikligi ýatyr, diýerdi. Onuň kakasynyň Pyraga bolan hormaty hasam uludy. Ol: “Kürräm, (kakasy ony görende şeý diýip ýüzlenerdi) ýazjak bolsaň-a ine Magtymguly ýaly ýaz, ýogsa şony okabiýrler” diýen-de, ol Magtymguly ýaly şahyryň nega bir bagty çüwen halkyň taryhynda ýekejesiniň bolýandygyny janygyp kakasyna düşündirerdi.

Eý, Pyragy, saňa sorag berýärin:
Senden daşlaşýanmy? Barýanmy saňa?



Bu sowal onuň ömründe hemra bolan sowallarynyň biridi.

Gurbannazaryň kakasam onuň atasy ýaly myhmansöýerdi. Özi hakda-ha gürrüňem ýok. Şonuň üçin biziň myhmanlarymyz galaba ýazyjydyr şahyrlar, hudožnikler artistlerdi. Onsoň gaýnym “biziň öýde güzeranyňa gürrüňi edilenok” diýmegine garamazdan, söhbet esasan poýeziýa ýa sungat baradady.

Sungat diýmek näme?
Bilýärsiňizmi?
Bu sowala sada jogap bermeli.
Biz herimiz – özümiziň zergärimiz,
Mydam özümizi ýonup ýörmeli.

Men bu goşgyny okanym üçin däl, onuň ir mahallardan bäri öz-özüni ýonup ýörýänine aý aýlanyp, gün geçdigi saýy düşünýärdim. Ol ýyl geçdigi saýy köp okap az ýazýardy. Köp diňläp az gürleýärdi. Özüniň däl-de, özgeleriň aladasyny edýärdi.

“Gurbannazarda çyn şahyrda, megerem hökman bolaýmaly bir häsiýet – ýukaýüreklik bardy. Ýukaýüreklik diýen söze dogry düşünmek gerek. Men bu ýerde şahyryň özüni gurşap alan zatlara– tebigata, adamlara bolan üýtgeşik mährini, söýgüsini göz öňünde tutýaryn” (B.Hudaýnazarow).

Dogrudanam, ol juda ýuka ýürekdi. Bir gezek öýe gelen myhmanlaryň biri howludaky açylyp oturan bägülleriň birini ýolup ysganda, ol myhmanyň gaty görmezligi üçin degşip:

– Siziň aly jenabyňyz, güli ýolaňda onuň ysynyň çeşmesem ýolunýar. Birneme eglip, gülüň derejesine çenli peseläýseňiz, mertebäňize-de zeper ýetmezdi, ysdanam kemsiz ganardyňyz, gülüň gözellikden gaýry etmişi näme? – diýdi.

Bir gezek men onuň kitap okap otyrka, gözleriniň owasyna ýaş aýlanyny görüp:

– Ullakan adamam bir kitap okap otyrka gözüni ýaşardar otyr eken – diýdim.

Ol:

– Gözýaş çykýan bolsa, aňyrda ýürek bardyr – diýdi.
Onuň ýukaýürekligi ejizligiň däl-de, mertligiň alamatydy. Näzik zada sähelçe şikesem, şikes ýetirýär. Ýiti zadyň ýüzi, kütege garanyňda has çalt gadagan bolýar. Ol sähelçe zada ynjardy, ony bolsa özüň duýmalydy. Ine şony duýmasaň bolsa, onuň göwni galardy.

Ezizow we biz
Şahyryň dostlary, şahyryň sadalygy, okan kitaplary, adamkärçiligi, kakalygy, myhmansöýerligi, zergärçiligi, ýatlamalary, durmuş pelsepesi, gatnaşan edebiýat agşamlary bularyň her biri aýratyn tema. Bulary bolsa soňky ýazgylara goýýaryn.

Şahyr barada aýdara, ýazara, öwrenere, gürrüň edere hat-da maslahatlaşara zat juda kän. Bu ýazylanlar onuň 100-den 1-em däl. Şonda-da bilýänlerimi ýazmagy (aýtmagy) özüme borç hasaplaýaryn.

Bütin ömrün ýazyp gije we gündiz,
Gözün ýummazdan öň galyp tirsegne:
«Herhal, bulut bolup ýagman geçmedim.
Damar bir setirim dünýäň gursagna».

Ýöne müňläp setirleri külterläp,
Birini goýmazlyk — köýmekdir, köýmek.
Bu dünýäde iň eşretli sütemdir,
Million setir okap, bir setir goýmak.

Şahyryň eserlerini okanyňda onuň özüne, durmuşyna has ýakynlaşýanyň ýaly, ol barada ýatlamalary, makalalary okanyňda bolsa eserlerine.

Ezizow ýogalandan soň dosty A.Agabaýew “Ezizowyň emri bilen” diýen ýatlamalar kitabyny
ýazýar. Ezizowyň muşdaklaryna hökman okamagy maslahat berýärin.


Asmanyň bezegi, ganaty— bürgüt.
Daglaryň bezegi peleňdir-şirdir.
Şahyr bolmaz ulus-ili güýmänler,
Adamlary özgerdýänler şahyrdyr.

Makalanyň adyny şahyryň dosty Nazar Gullaýewiň “Gurbannazarsyz” atly goşgusyndan üýtgedip
aldym. Asyl görnüşi şeýle:

Gyş geler – daglarmyz gara bürener,
Ýaz geler - baglarmyz bara bürener,
Tomus ger – ülkämiz nura bürener,
Ah, ýöne güýz geler Gurbannazarsyz!

🌺🌺🌺🌺🌺🌺🌺🌺🌺🌺🌺🌺🌺

Türkmen sährasy – Gurbannazar Ezizow

Bahar meýlisinde çyksaň seýrana,
Türkmen sährasynyň aldyr gülleri.
Başyň sypap seni goýar haýrana.
Belent daglaryndan öwsen ýelleri.

Gara bulut gelip, zemine çöker.
Al-asman gübürdäp, depregin kakar,
Daglardan sil akar, ýene gün çykar,
Gyz-gelin doldurar reýhan çölleri.

Ýagyşy ýaraşar ýaýlaň ýazyna,
Gerçekler bendidir aşyk gyzyna.
Sesin goşup dutar, gyjak sazyna,
Saýrar illerimiň şirin dilleri.

40
115
flowers_
29.02.2024 21:26
Ýaponiýada çaga dogluşy azalýar.



Soňky maglumatlara görä, Ýaponiýada dünýä inen bäbekleriň sany rekord derejede az boldy. Şeýlelikde geçen ýyl yzly-yzyna 8 ýyllap ýurtda çaga dogluşy azalmagyny dowam etdirdi. Ýurduň hökümeti we hususy kompaniýalar bu ýagdaýyň öňüni almak üçin dürli ýeňillikler we höweslendiriji çäreler geçirýär. 2023-nji ýylda ýurtda ozalky ýyldakydan 5,1 göterim pes, ýagny 758 müň 631 bäbek dünýä inipdir. Nikalaşanlaryň sany bolsa, 5,9 göterim azalyp, 489 müň 281 bolupdyr. Şeýlelikde bu san soňky 90 ýylda ilkinji gezek 500 müňden aşak düşüpdir.
Bu ýagdaý diňe Ýaponiýada däl, eýsem Hytaý, Koreýa ýaly beýleki Uzak Gündogar ýurtlarynda hem bar.




zamanturkmenistan.com.tm
36
202