flowers_
01.03.2024 00:18

Ah, ýöne “ýaz” geler Gurbannazarsyz!
Jahan Amanmuradowa.





Doglan günüň gutly bolsun Şahyr!
Ine-de ýoklugyň (sensizligiň) 49-nji ýyly.

Sen barada okamak, gürrüň etmek, gürrüň bermek, goşgylaryňy okamak näçe hezil bolsa-da,
ýazmak kynyrak eken. Bul eýýäm meniň 4-nji synanşygym.

Gysgaça terjimehal.
Gurbannazar Ezizow 1940-njy ýylyň 1-nji martynda Aşgabat şäheriniň Büzmeýin obasynda mugallym maşgalasynda dünýä inýär. Kakasy Aziz aga mugallym bolupdyr. 1964-nji ýylda Türkmen Döwlet Uniwersitetiniň Filologiýa fakultetini gutarýar. 1955-nji ýyldan başlap goşgulary çap edilýär. 1965-nji ýylda goşun gullugyny tamamlap gelenden soň, 25 ýaşynda Halnabat bilen durmuş gurýar. Şahyryň 4 gyzy 1 ogly bar.

Ezizowmy ýa-da Azizow?
Aslynda şahyryň kakasynyň ady Aziz bolan we resmi familýasy hem Azizow. Ýöne goşgy ýazyp başlan ilkinji günlerinden bäri şahyryň öz ulanýany hem-de köpçülikde bilinýäni Ezizow. Bu ýagdaýy şahyryň ýakyn dosty merhum şahyr Annaberdi Agabaýew şeýle düşündirýär:

“Bir gezek Gurbannazar maňa ―Men goşgularymda dek sözüni ulanmagy halamok, gödek görýän. Oňa derek deý ulansam has gelşikli görünýär”

diýdi. Megerem, Azizow däl-de Ezizow ulanmagy şu sebäpden bolsa gerek.. Şol sebäpden onuň ilkinji gezek Moskwada kitaby çap edilende, galamhaky diýip ugradylan puly hem almak kynrak düşüpdi. Sebäbi kitabyň awtory diýibä Ezizow dur, galamhakyny almaga bolsa pasportynda Azizow ýazylgy ýigit gelýär. Bu ýagdaý onuň kellesini näçe agyrtsa-da ol hiçwagt goşgularynyň soňuna Azizow diýip ýazmandy.

Şahyr we Nury Halmammedow
Ezizowyň Nury Halmammedow bilen ýakyn dostlugy hemmämize mälimdir. Muny olaryň bilelikde eden işlerindenem bilmek bolýar. Emma ilkinji tanyşanlaryndan soň, Ezizow gulluga gidýär. Şon-da dosty A.Agabaýewa ýazan hatynda:

―Nury öz sazyndan başga hiçzat eşdenok, ýöne
elbetde meniň bu pikirlerim hakykatdan uzak bolmagy-da ähtimal, diýip ýazýar.


Hakykatdanam şeýle bolýar. Gullukdan baranyndan soň olar bilelikde ajaýyp eserleri döredýärler. Nury Halmammedow Ezizowyň goşgularynyň ençemesine saz ýazýar.

Hany, çal dutaryñ mähriban dostum
Egseli, ýüregmiz atmanka gasyn,
Geçilen ýollaryň şatlyk-bagtyny,
Geçilmedik ýodalaryň gussasyn.

“Diňe bir seň bilen bakylyk bardyr”
Şahyr barada maglumat gözläp ýörşüme, birki günlükde ýanýoldaşy Halnabat Ezizowanyň 1985-nji ýylda ýazan makalasyny tapdym. Makala uzynrak. Şoň üçin diňe belli bir bölegini size ýetirýärin.

– Hatlaryň birnäçesinde Gurbannazaryň haýsy eserleri ürç edip okaýandygy barada gürrüň gozgalýar. Elbetde, Magtymgulyny. Şahyryň diwany mydama onuň başujundady. Beý diýdigim – ol gije-gündiz Magtymgulyny okap ýatyr diýdigim däl. Ol Şekspiri, Petrarkany, Rembony, Nerudany, Bleýki, Ýewtuşenkony... okaýardy. Ine birdenem Pyragynyň islendik sahypasyny açardy-da sesli, labyzly okardy. Öz-özi hezil edinip okardy. Men bolşuň nähili diýsem: “Islendik şahyry içiňden okap bolar, emma bu içiňe syganok” diýerdi. “Dünýäniň ähli beýik şahyrlaryny okap, öwreneňsoň Magtymgula gelip bolýar” diýerdi.

―Biz entek-entek Magtymgula düşünmeris, sebäbi onda türkmen halkynyň geçmişiniň çuňlugy, geljeginiň beýikligi ýatyr, diýerdi. Onuň kakasynyň Pyraga bolan hormaty hasam uludy. Ol: “Kürräm, (kakasy ony görende şeý diýip ýüzlenerdi) ýazjak bolsaň-a ine Magtymguly ýaly ýaz, ýogsa şony okabiýrler” diýen-de, ol Magtymguly ýaly şahyryň nega bir bagty çüwen halkyň taryhynda ýekejesiniň bolýandygyny janygyp kakasyna düşündirerdi.

Eý, Pyragy, saňa sorag berýärin:
Senden daşlaşýanmy? Barýanmy saňa?



Bu sowal onuň ömründe hemra bolan sowallarynyň biridi.

Gurbannazaryň kakasam onuň atasy ýaly myhmansöýerdi. Özi hakda-ha gürrüňem ýok. Şonuň üçin biziň myhmanlarymyz galaba ýazyjydyr şahyrlar, hudožnikler artistlerdi. Onsoň gaýnym “biziň öýde güzeranyňa gürrüňi edilenok” diýmegine garamazdan, söhbet esasan poýeziýa ýa sungat baradady.

Sungat diýmek näme?
Bilýärsiňizmi?
Bu sowala sada jogap bermeli.
Biz herimiz – özümiziň zergärimiz,
Mydam özümizi ýonup ýörmeli.

Men bu goşgyny okanym üçin däl, onuň ir mahallardan bäri öz-özüni ýonup ýörýänine aý aýlanyp, gün geçdigi saýy düşünýärdim. Ol ýyl geçdigi saýy köp okap az ýazýardy. Köp diňläp az gürleýärdi. Özüniň däl-de, özgeleriň aladasyny edýärdi.

“Gurbannazarda çyn şahyrda, megerem hökman bolaýmaly bir häsiýet – ýukaýüreklik bardy. Ýukaýüreklik diýen söze dogry düşünmek gerek. Men bu ýerde şahyryň özüni gurşap alan zatlara– tebigata, adamlara bolan üýtgeşik mährini, söýgüsini göz öňünde tutýaryn” (B.Hudaýnazarow).

Dogrudanam, ol juda ýuka ýürekdi. Bir gezek öýe gelen myhmanlaryň biri howludaky açylyp oturan bägülleriň birini ýolup ysganda, ol myhmanyň gaty görmezligi üçin degşip:

– Siziň aly jenabyňyz, güli ýolaňda onuň ysynyň çeşmesem ýolunýar. Birneme eglip, gülüň derejesine çenli peseläýseňiz, mertebäňize-de zeper ýetmezdi, ysdanam kemsiz ganardyňyz, gülüň gözellikden gaýry etmişi näme? – diýdi.

Bir gezek men onuň kitap okap otyrka, gözleriniň owasyna ýaş aýlanyny görüp:

– Ullakan adamam bir kitap okap otyrka gözüni ýaşardar otyr eken – diýdim.

Ol:

– Gözýaş çykýan bolsa, aňyrda ýürek bardyr – diýdi.
Onuň ýukaýürekligi ejizligiň däl-de, mertligiň alamatydy. Näzik zada sähelçe şikesem, şikes ýetirýär. Ýiti zadyň ýüzi, kütege garanyňda has çalt gadagan bolýar. Ol sähelçe zada ynjardy, ony bolsa özüň duýmalydy. Ine şony duýmasaň bolsa, onuň göwni galardy.

Ezizow we biz
Şahyryň dostlary, şahyryň sadalygy, okan kitaplary, adamkärçiligi, kakalygy, myhmansöýerligi, zergärçiligi, ýatlamalary, durmuş pelsepesi, gatnaşan edebiýat agşamlary bularyň her biri aýratyn tema. Bulary bolsa soňky ýazgylara goýýaryn.

Şahyr barada aýdara, ýazara, öwrenere, gürrüň edere hat-da maslahatlaşara zat juda kän. Bu ýazylanlar onuň 100-den 1-em däl. Şonda-da bilýänlerimi ýazmagy (aýtmagy) özüme borç hasaplaýaryn.

Bütin ömrün ýazyp gije we gündiz,
Gözün ýummazdan öň galyp tirsegne:
«Herhal, bulut bolup ýagman geçmedim.
Damar bir setirim dünýäň gursagna».

Ýöne müňläp setirleri külterläp,
Birini goýmazlyk — köýmekdir, köýmek.
Bu dünýäde iň eşretli sütemdir,
Million setir okap, bir setir goýmak.

Şahyryň eserlerini okanyňda onuň özüne, durmuşyna has ýakynlaşýanyň ýaly, ol barada ýatlamalary, makalalary okanyňda bolsa eserlerine.

Ezizow ýogalandan soň dosty A.Agabaýew “Ezizowyň emri bilen” diýen ýatlamalar kitabyny
ýazýar. Ezizowyň muşdaklaryna hökman okamagy maslahat berýärin.


Asmanyň bezegi, ganaty— bürgüt.
Daglaryň bezegi peleňdir-şirdir.
Şahyr bolmaz ulus-ili güýmänler,
Adamlary özgerdýänler şahyrdyr.

Makalanyň adyny şahyryň dosty Nazar Gullaýewiň “Gurbannazarsyz” atly goşgusyndan üýtgedip
aldym. Asyl görnüşi şeýle:

Gyş geler – daglarmyz gara bürener,
Ýaz geler - baglarmyz bara bürener,
Tomus ger – ülkämiz nura bürener,
Ah, ýöne güýz geler Gurbannazarsyz!

🌺🌺🌺🌺🌺🌺🌺🌺🌺🌺🌺🌺🌺

Türkmen sährasy – Gurbannazar Ezizow

Bahar meýlisinde çyksaň seýrana,
Türkmen sährasynyň aldyr gülleri.
Başyň sypap seni goýar haýrana.
Belent daglaryndan öwsen ýelleri.

Gara bulut gelip, zemine çöker.
Al-asman gübürdäp, depregin kakar,
Daglardan sil akar, ýene gün çykar,
Gyz-gelin doldurar reýhan çölleri.

Ýagyşy ýaraşar ýaýlaň ýazyna,
Gerçekler bendidir aşyk gyzyna.
Sesin goşup dutar, gyjak sazyna,
Saýrar illerimiň şirin dilleri.

40
115
melodie_me
1 Mart 2024
💚
flowers_
1 Mart 2024
@geldiyevna, iñ soñuny okap gör aslynda " Ah ýöne güýz geler" bolmaly, üýtgetdim diýýä
flowers_
1 Mart 2024
@EAGLE🦅, wii🤦‍♀️aý buda geçer mendenem😁
flowers_
1 Mart 2024
@EAGLE🦅, işiñ gursunla señ
flowers_
1 Mart 2024
@Perman__, öz-özüñi özüñ kämilleşdirmeli).
flowers_
1 Mart 2024
@EAGLE🦅, iş bolsa bolýala.
flowers_
1 Mart 2024
@EAGLE🦅, ýitýäñle arasynda
flowers_
1 Mart 2024
@EAGLE🦅, gowy Hudaýa şükür.
flowers_
1 Mart 2024
@EAGLE🦅, giç ýagşy 🤔
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.