flowers_
04.03.2024 12:53
Eneler — ýol görkeziji perişdeler.


Bütin adamzat asyrlarboýy enäni mukaddes hasaplap, başyna täç edinip gelýär. Ahmal, şunuň üçin köneler «Jennet eneleriň aýagynyň astyndadyr» diýip aýdandyrlar. Her bir ynsan haýsy dine uýýandygyna garamazdan, bütin ömrüne el ýeterden has daşdadyr, asmanyň ýedinji gatyndadyr öýdüp gelýän jennetindenem enäni  belentde goýýar.

Beýik hytaý danasy Konfusiý: «Göwheriň hem bahasy bar, emma enäniň bahasyna ýetme ýok. Göwheri ýitirseň gazanyp bolýar enäni gazanyp bolmaýar» diýýär. Dananyň bu sözleri bize enelerimizi beýleki ýakynlaryň ählisinden ýokarda goýmalydygymyzy yşarat edýär. Çünki ene – ýekeje. Çünki iň beýik ynsanlary, adyl şalary, beýik akyldarlary, gahrymanlary ene dogurýar. Mümkin, taryhyň başyndan bäri beýik akyldarlardyr adyl şalaryň näçe müňüsiniň  ýaşap geçendigini iň güýçli alymlar hem takyk aýdyp bilmezler. Oňa derek şalary hem, beýik danalary hem, meşhur şahyrlary hem enäniň dogurýandygyny ýaňy mekdebe baran çagalaram bilýär.

Ene – bu söz iň bir ýürege ýakyn sözleriň biri. Ene diýenimizde, bizi bu ýagty jahana inderen, biziň üçin gijelerini çirim etmän geçiren, bizi mylaýym hüwdüleri bilen hüwdüläp, geljekde Watana, il-güne wepaly adamlar bolup ýetişmegimiz üçin özüniň iň gymmatly ömrüni peşgeş eden nurana keşp göz öňüňde janlanýar.

Gahryman Arkadagymyz «Enä tagzym – mukaddeslige tagzym» atly kitabynda: «Arşdan saňa inderilen iň uly serpaý – bu ene mähri. Günüň ýylysynyň topraga jan berşi ýaly, seniň janyň rahatlygy özüňe siňdirilen mähir gönezligindedir» diýip belleýär. Hakykatdan-da, ene sözi her bir adamyň ilkinji aýdýan sözüdir. Onuň nähili jadyly, maýyl ediji güýjüniň bardygy barada oýlanyp görenimizde, onda dowamatyň dowam bolýandygyna göz ýetirýäris.

Ene – bu dünýäniň bezegi. Ejeňi gözüň görüp dursa, bu Zeminde hiç bir zadyň gaýgysyny etmän ýaşarsyň. Sebäbi seniň aladaňy edýän adamyň barlygyna gözüň ýetip dur. Biz nirede bolsagam, öz mähribanlarymyzyň mertebesini belentde tutmalydyrys. Bu biziň ata-enäniň öňündäki ilkinji borjumyzdyr. Biz: «Mähriban ejemiň birje gije almadyk ukusyny men näme edemde-de gaýtaryp bilmerin!» diýen pikir bilen gezmelidiris. Her bir ata-ene çagalaryny Watanyň ykbalyna, halkynyň öňündäki borjuna bir bitewüligiň aýrylmaz bölegi hökmünde garamak, öz şahsy borjuny ýerine ýetirmek ruhunda terbiýelemelidir.

Laçyn ÝAGMYROWA.




 

Eje.


Söýgim  saklap  ýüregimiň  töründe,
Gujagňa  dolaýyn  bagra  bas  eje.
Elleriň  yzy  bar  şamar  örümde,
Serhoş  boldum  mähiriňden  tas eje.

 

Geçmişimde,  geljegimde,  ertämde,
Saçym  çöşlän şemal  ýüzüm  ýelpände,
Hyýallarym  gujagyňda  entände,
Şonda  özüm  bagtly  duýýan  has  eje.

 

Azan  sesi  ýaň  berip  dur  äleme,
Aý  görküni  saljak  bolýar  tärimden,
Ýetmek  üçin  arzuwlanan  kärime,
Ýollarymyz  biraz  aradaş  eje.

 

Roýuň  görüp  ýene  gezmäge  geldim,
Teşne  kalbym  mähre  ezmäge  geldim,
Çagalyk  tapmaçam  çözmäge  geldim,
Gündeligem,  durmuşymam bäş, eje!

 

Gujagyň  aç  gujagyňda  gowşaýyn,
Bagryňa  bas ýaňagyňdan  ogşaýyn,
Ýene  lälik  günlerime  ogşaýyn,
Bir  çene  baranam  bolsa  ýaş,  eje!

 

Endigim,  terbiýäm  goýup  bolmaýan,
Mahriňi  küýsedim doýup  bolmaýan,
Söýgüňe  batyrlan  temmiň  küýseýän,
Özgeleň  igenji göýä daş, eje!

 

Senli  günlerimde  ýaşaýan  erkin,
Gurupsyň  biz  üçin  jennetiň  berkin,
Binesip  bolmasyn  bu  bagtdan  herkim,
Gojalaram ene üçin ýaş, eje.





Bibi TAGANOWA.
35
15
ATOMIC
4 Mart 2024
👍❤️
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.