flowers_
01.03.2024 15:05
Bahar pasly barada geň-taňlyklar.




Bahar we tomus pasyllarynda çagalaryň ösüşi ýylyň beýleki pasyllaryna garanda 3 esse güýçlüdir. Beýik Britaniýanyň alymlary tarapyndan geçirilen köpgezeklik barlaglaryň netijesinde çagalaryň bedeniniň mart aýyndan başlap awgust aýyna çenli bolan aralykdaky ösüşi sentýabr aýyndan dekabr aýyna çenli bolan aralykdaky ösüşinden 3 esse ýokarydygy ýüze çykaryldy.

*  *  *

Bahar pasly gelende ösümlikler aýratyn biologik sagatlaryň esasynda oýanýarlar. Ösümlik mart aýynda gyrkylyp, suwa salnanda, ol pyntyklaýar we ondan kökjagazlar emele gelýär. Emma noýabr aýynda gyrkylan ösümlik suwa salnanda, ol ýaşaýşyny bes edýär. Bu ýagdaý ýagtylyk gününiň dowamlylygy düşündirilýär.

*  *  *

Arylar we beýleki köp mör-möjekler beýleki pasyllara garanda bahar paslynda az howsala düşýärler. Bahar paslynda olar özlerini rahat alyp barýarlar.

*  *  *

Adamlaryň bedeniniň dem alyş ýygylygy ýaz paslynda güýzdäkiden 3 esse köpdür. Alymlar bu ýagdaýy adamlaryň bedeniniň gyş paslyndaky kislorod açlygyndan çykan soň, synalaryň asyl durkuny dikeltmek maksady bilen dem alşyň çaltlanýandygy bilen düşündirýärler.

*  *  *

Awstraliýa, Argentina, Madagaskar ýaly döwletlerde bahar pasly sentýabr aýynda gelýär.

*  *  *

Ženewada baharyň gelendigini kaştan agajynyň «güllemegi» boýunça kesgitleýärler. Şäheriň merkezinde ýörite şu maksatda ösüp oturan kaştan agajynyň ilkinji ýapragy çykandan soň resmi taýdan ýaz paslynyň gelendigini bellik edýärler. Ýaponiýa döwletinde bolsa, üljäniň gülläp, ähli ýeriň mymyk-gülgüne reňke boýalmagy bilen baharyň gelendigini resmi taýdan kesgitleýärler.

*  *  *

Ikatýok guşy – ýazyň buşlukçysy. Gadymda adamlar ikatýogyň sesiniň çykmagy arkaly baharyň gelendigini bilipdirler.

*  *  *

Bahar paslynyň gelmegi bilen towşan, belka ýaly käbir haýwanlar bedeniniň daşky reňkini üýtgedýärler.

*  *  *

Ýaz aýlarynda ýagan ýagyş güýz aýlaryndaky ýagyşlaryndan güýçlüdir.


 

Rozumbaý ERGEŞOW.
36
101
medik_
4 Mart 2024
@flowers_, nm kellane urup dursyn yone
flowers_
2 Mart 2024
@medik_, 🤦‍♀️😁
medik_
2 Mart 2024
@EAGLE🦅, 🙊🙊
medik_
2 Mart 2024
@flowers_, bizar mellekden kicikak mellekden yaggyr bolduk son bn terbiyeledi kakam😁
medik_
2 Mart 2024
@flowers_, yera depesima yokla ot yygdyr on adam tutyadyk welin 🥴
flowers_
2 Mart 2024
@medik_, ýer depipmi😁
flowers_
2 Mart 2024
@medik_, öwrenşersiñ ine, birbada şeýle bolýan ýaly
medik_
2 Mart 2024
@flowers_, tomusda mellek isleder oydup yaydanyan😁😁
medik_
2 Mart 2024
@flowers_, gowy bizem.bolyala gowcylyk bolsa,🥰
flowers_
2 Mart 2024
@medik_, gowy Hudaya sukur😊, gowumy ozuniz, gaýnymlarda girip bilmedim
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.