flowers_
12.10.2024 10:48

Hemmeler ýazýan mahaly,
Okaýan adam bolmaýar.
Hemmäň aýdym aýdýan wagty,
Diňleýän adam bolmaýar.
Hemmeleň tans edýän çagy,
Işleýän adam bolmaýar.
Köplük bilen ýagşy - ýaman
Her hili iş edilse-de,
Geňleýän adam bolmaýar.

Atamyrat Atabaýew.

16
189
flowers_
11.10.2024 20:17

Bir adam seniň durmuşyňa hiç sebäpsiz girmeýär.




Bu hakdaky siziň pikiriňiz nähili?!
Öz durmuşuňyza giren adamlar barada gürrüň bermek isleseňiz gapymyz açyk:)
12
255
flowers_
03.10.2024 22:59

Ýaşlygyňdan etseň toba - garraýançaň gönelersiň,

Garran çagyň etseň toba - gönelýänçäň gömülersiň.




Çeşme:
@marguş agzaň postundan.
9
110
flowers_
03.10.2024 17:27
Ejeme bagyşlap.

Kämil däldir-le ýazanym,
Ýöne, derman bolsun saňa.
Diňe "balam" diýip gezenim,
Janym gurban bolsun saňa.

Durmuşumda bolmaz many,
Sensiz tümlükdir bu pany.
Eneleň iň mähribany,
Janym gurban bolsun saňa.

Baryňdadyr bar bilenim,
Baryňda batly bilegim.
Biribardan bar dilegim,
Baky hemra bolsun saňa.

Ynsan jismi däldir demir,
Meň üçin kän çekdiň jebir.
Berlip munda uzak ömür,
Hakdan perman bolsun saňa.

Toý-tomaşa gezmedigim,
Maňa derdi dözmedigim,
Hakdan umyt üzmedigim,
Janym gurban bolsun saňa.

Janym rahat tapar barkaň,
Il içinde belent sarpaň.
Munda seniň üçin körpäň,
Jany gurban bolsun saňa.

Maksat Şakirow.
13
40
flowers_
30.09.2024 23:07
Enäniň ýaşy.



Günämizi bagyşlaýar eneler.

Sebäp –

eneleriň ak süýtli döşi

Köp-köp garalygyň günäsin ötýär.

Şeýdibem kemelýär eneleň ýaşy...



Ene balasyna buýurdy ýumuş,

Ol diýdi: «Özüň et oň ýaly işi!»

Ýandy ene. Emma ötdi günäsin.

Kemeldi enäniň ýene bir ýaşy.



«Öýe wagtynda gel, giç gelme, balam..»

Ogly bolsa enä çenedi daşy.

«Wah, nätsemkäm?» Emma günäsin ötdi.

Kemeldi enäniň ýene bir ýaşy.



Ýigrimi ýaşyny doldurdy ogul.

Gapak ýaly boldy tüýlüje döşi.

«Indi ata bolduň, adam bol, oglum!»

Gysyldy, gysyldy enäniň dişi.



Ene dişin gysdy otuzki gezek,

Her gezek gysanda gaçdy bir dişi.

Enäniň her gaçan dişine derek

Ýaprak dek saralyp,

Gaçdy bir ýaşy...

Kerim Gurbannepesow.
15
76
flowers_
25.09.2024 12:06

Adam psihologiýasy.

▪︎Akylly adamlar özlerini pes hasaplaýalar, nadan adamlar bolsa özlerini beýik hasaplaýarlar.

▪︎Ýaramaz zatlary ýazyp we zibile taşlamak, keýpiňizi gowlaşdyryp biljek psihologiki hiledir.

▪︎Kemçilikleriňizi kabul edeniňizden soň, hiçkim size garşy şol kemçilikleri ulanyp bilmez.


▪︎Gereksiz adamlar bilen aragatnaşygy bes edeniňizde, durmuşuňuyzda gowy zatlar bolup başlar we bu tötänlik bolmaz.

▪︎Adamlaryň halaýan mowzugy özleri. Şonuň üçin kimdir birini özümize çekmek isleseňiz, şahsyýeti(özi) barada gürleşiň.



Çeşme: https://1gai.ru/publ/524547-50-interesnyh-faktov-o-psihologii-cheloveka/amp.html
25
321
flowers_
24.09.2024 14:03
Indi bize.

Indi bize duşuşmaga ýok sebäp,
Çünki menzil uzak, göwünem sowuk.
Bir mahalky didara zar göreçlem,
Senden uzaklaşdy ýüzüni sowup,

Indi menziller däl, ýyllaram ýatyr,
Goja baglaň başlaryny yradan.
Bagtyna gol bulap egni gysylan,
Öz yşkyňa seredip gör gyradan.

Indi bize ýar bolmadyk duýgydan,
Ýatlara sebäp ýok, ýatlama yşky,
Ykbalyň oýnudyr pelege boýun,
Çekmeli bolarys durmuş keşigi.

Indi bize ökünjiňem haýry ýok,
Wysala ýetmedik bagty agladan.
Gedemlikden näme tapdyň tutarlyk
Bir mahallar seniň göwnüň çagladan.

Ýöne ýyllar geçip ykbal duşursa,
Şol pursat sen meni bilmersiň tanap,
Çünki men bagtly ýylgyryp durkam,
Aýaklaň ädilmez asla men tarap.


Gunça ORAZOWA.
20
101
flowers_
23.09.2024 16:08
Eneler hakda.

Asman ýere inse öwrülip oda,
Birden sypyp bu zeminiñ diregi.
Goý näme bolsa-da ýalan dünýäde,
Ynjamasyn eneleriñ ýüregi.

Ýürek barmy ene ýüregi ýaly?
Enesin ýitiren mähriñ zarydyr.
Mydam arzuw eder saña ak ýoly
Eneler perzendiñ howandarydyr.

Adam ýaşap ýörse ýeriñ ýüzünde,
"Eje" diýip sesi ýañlanar mydam.
Gyşlarda ýazlarda, tomusda, güýzde,
Zemini aýlap dur ene söýgüsi.

Isläp çagasynyñ dünýä inmegni,
Gursakdan öz janyn sogurýandyrlar.
Dünýäniñ "MEN" diýen erkeklerini,
Erkekler däl... eneler dogurýandyrlar.

Öwez Kertikow.
16
120
flowers_
22.09.2024 00:00
Bu gün 29 ýyl mundan öñ dogulyp, şondan bärem gün sypdyrman, ýadaman, ýaltanman ýaşap ýören hat-da soñky 7 ýyl bäri (öñki 13 ýylam goşsak 20 ýyl bäri bolaýýamy🤔😳) "ýolbarsyň" eýeçiliginde ýaşamagyny dowam edip ýören, gündüzä çyrasyzam tapyp boljak, ýöne gije eliñ çyraly gözlaýmeseñ tapyp bolmaýan diýilýän oglanlardan bolan("reñkiñemä halanýan reñk däl" diýýärä😂) hormatly agzamyz bolan öñki @KMG-gurt, häzirki @Adyl-g ady bilen tanalýan Muhammediň doglan güni.

Gutlaýan! Agzybir maşgalañ bilen, çagajyklañ bagtyna guwanyp uzak ömür sürmek nesip etsin!

Seni dünýä indirip şu günlere getiren enäñem ýaşy uzyn bolsun!💐





(Başyny biraz degişme äheñinde ýazdym, gaty gõrmersiñ diýen umyt bilen:))
18
300
flowers_
21.09.2024 20:58

Bolmady.

Çöwrüp geýäýmeseñ indi dünýäni,
Düzüw ýüz-ä geýer ýaly bolmady.
Bir gidäýseñ umyt bilen ýaýdanman
Soñ öwrülip geler ýaly bolmady.

Deñizler-ä galkdy, joşdy derýalar
Kimler saga, kimler sola barýalar,
Aglasañ gülýäler, gülseñ urýalar,
Aglar ýaly güler ýaly bolmady.

Dünýäñ özem aljyraýar şu günler,
Kine doly kituw doly göwünler
Şeýlebir çigilipdir, çigen düwünler
Çapaýmasañ çözer ýaly bolmady.

Derdimiz kän haýsy birin aýdaýyn
Dünýä! Señkiden-ä kyn meñ ýagdaýym
Seni munda goýup gidip arkaýyn
Umyt bilen öler ýaly bolmady.


Atamyrat Atabaýew.

18
73