flowers_
05.12.2024 23:33

Her gün ýene adaty gün dogup dur,
Peýdamydyr jürküldisi guşlaryň?!
Ünjilerem nobatyna gelip dur,
Gatnawlary deýin awtobuslaryň

Güneş meni däl-de, gyzdyrýar ýeri
Gursagymda doňup galan parçalar
Oýa batdym.
Bu aýazly gyş güni
Meniň ýaly üşeýärmi arçalar?

Jogaby ýok soraglara kän gitdim,
(Ýalňyzlara ýetdirmedik yşk kimde?)
Rahatlygy kagyz ýüzde şa etdim,
Pikirleriň ynjalyksyz köşgünde

Göwünlik berdim-de, gaýtalap ýördim
Diňlenmedik ykbalymyň käkesin
Hiç kime bildirmän, gizlenip iýdim
Yşgyň sowgat beren gussa kökesin

Her ädimde şowsuzlygyň ýarydym,
Duşmasa-da pişikleriň garasy.
Diňe meniň üçin ýanýan ýalydy,
Köçeleriň her gijeki çyrasy.

Arzuwlam - eýläpdi bulutlaň törün,
Umytlarym ynanjaň hem sadady.
Emma, häzir şeýle ýagdaýda durun:
Ýalňyzlykdan ýadawlygym ýadady...


Ylham GURBANALYÝEW.

11
80
Tayler
7 Dekabr 2024
@flowers_, iň köp berilýân sowal, meňem üýtgemeýân jogabym: nesibeli gün)
flowers_
6 Dekabr 2024
@Tayler, toý haçan onda)
Tayler
6 Dekabr 2024
@flowers_, intâgem imodaky suratymy göreňzok😁
flowers_
6 Dekabr 2024
@Tayler, oho profil surata seredä:)
teacher
6 Dekabr 2024
👍🏻👍🏻👍🏻
PILOT👮‍♂️✈🛩
6 Dekabr 2024
💗
Tayler
6 Dekabr 2024
👌
alma___
6 Dekabr 2024
👍👍
okyyjy
6 Dekabr 2024
👏🏻👏🏻👏🏻
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.