flowers_
06.01.2025 08:13

Uly sorag

Şyrrygyn çykaryp gözel ömrüňi
Oturyp diýmelsi - "käşgemi", näme?!"
Wah, sada bol weli...
Ýöne göwnüňi
Oýnadyp ýörmäge - "şaşkamy", näme?!

Bizi oýnaýan: adam ýa sözlermi?
Ýa göwnümiz barypýatan çagajyk
Ynam diýýäniň şol şeýtan gözlermi?
Çig süýt emen, oýanaý-a azajyk!

Beýni bilen söhbet etmän hemaýyn
Elipden şermendä aldyryp ýörme!
Pyşyrdasa gulagyňda şelaýyn
Pagta bilen damak çaldyryp ýörme!

Kä sözler gylçyk deý galýar damakda,
Kä sözler düýbünden degýär mädäňe
Şeýdip göwni geçirberseň ýamakdan,
Ýamak göwün öwrüläýýär kadaňa

Barha-barha azalyp dur "saglaram"
Öz ugruna iterip ýör "çep bela"
Neçüýn meni süýreýär bu gamlaram
Neçüýn beýle bolup ýörün mübtela

Horazsyzam atyp durka daňlaram
Çuňňur oýa çümdirýärem öňkiler
Serde doly germesatan taňlaram
Ýa-da şeýle ejiz gelýä meňkiler

Ylham GURBANALYÝEW

9
149
flowers_
8 Mart 2025
@g_nva06, hökman:)
g_nva06
6 Mart 2025
@flowers_, men yolbarsym gosuldurmayara gelje🤭, siz yolbars agama mn adymdan Salam aydyp orazalaryny gutlawerin gyn gormeseniz🤗
flowers_
6 Mart 2025
@g_nva06, tüweleme, bolayypdyr, ýolbars agañam ýaşap yor😁, habarlaşyas imodan, grupbamyzam bar, goşularyn diyseñ ayday:)
g_nva06
5 Mart 2025
@flowers_, howa gelje nebit gazda okayan. Basgada uytgesik tazelik yokda onki gunimiz🙂 yolbars agam gornenokda🤭
flowers_
5 Mart 2025
@g_nva06, okuwa girdiñmi, näme tazelikler bar habar berip dur:)
g_nva06
5 Mart 2025
@flowers_, gowy menem Hudaya şükür 🥰 hemise sizem gowja bolun. Amin hemmämiziňki kabul bolsun😇
flowers_
3 Mart 2025
@g_nva06, gowy Hudaya sukur, gowjamy sen. Ämin, siziñkem kabul bolsun.
g_nva06
3 Mart 2025
Gelnejemjan, gowymy ýagdaýlaryñyz gezip ýörsüñizmi sag-amanja. Orazalaryñyz etjek doga dilegleriniz berjek sadakalaryñyz tutjak orazalaryñyz kabul bolsun😇❤
flowers_
8 Fewral 2025
@geldiyevna, esasy zat şo :)
flowers_
8 Fewral 2025
@g_nva06, 🥰
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.