https://owrenmeli.app/74051-seni-bilen-holaybam-bilmedim..html#comment
flowers_
09.11.2024 16:12
Seniň bilen hoşlaşybam bilmedim...
Seniň bilen hoşlaşybam bilmedim,
Söýdüň hem ýigrendiň.
Çekildim çete.
Ine doňup durun yzyňdan garap,
Ýer şaryndan zowwam geçýän köçede.
Gidip barýaň, çaşyp barýar akylym,
(Bu nähili ýowuz duýgy Hudaýym?!)
Erteki deý söýgüň ertesi ýokmy?
Üstümden ganatyn çekdi humaýym.
Gidip barýaň, umyt barýar inçelip,
Indi köçäňizden gatnap ýörmerin,
Zat ilmedik çolpym bilen gaýtadan,
Arzuw derýasynyň boýun dörmerin.
Unutmak elimden geljek işmi nä?
Diýmek kyn:" Kysmatdyr maňlaýa gelen".
Ýer şaryndan zowwam geçýän köçede
Öz-özüm hoşlaşýan arzuwlam bilen.
Pyşyrdymyz diňlän bagyň astynda,
Köp garaşdym, köp garaşdym...gelmediň.
Günäm ýok diýjekdim, gitme diýjekdim,
Seniň bilen hoşlaşybam bilmedim.
Seýitmyrat Geldiýew.
9
58