https://owrenmeli.app/74486-otuz-adan-so.html#comment
flowers_
12.03.2025 15:55
OTUZ ÝAŞDAN SOŇ
Göwnüme bolmasa, zerur däl indi
Arzuwa beslenip, kaşaň geýinme.
Wagtyhoş bolsamam meýlis kölünde,
Alada bar şatlygymyň teýinde.
Hoşlaşygyň wagty golaýlap geldi,
Sag bol, ýaşlyk — ömrümiziň şatlygy.
Men garrap baramok,
şonda-da belli
Goja bolmagyňam niçik zatlygy.
Kaýyl indi şu ömürde tapanma,
A öň mydam gözlegdedim jahanda.
Ynjalyk tapýardym apy-tupanda,
Gök gürleýip, ýyldyrymlar çakanda.
– Harbylarça dik tutýaryn kaddymy,
Kän bir üýtgän zadam ýok-la keşbimde.
Gojalygam däldir bagtyň ýatdygy –
Şeý diýdim men, otuz ýaşdan geçdim-de.
Bu boluş kanundyr dünýäler döräp.
Göwün guşy telim gezek göç eder.
Şükür, häzir-ä men barýaryn ýöräp
Ýaşlyk atly iň ajaýyp köçeden.
Çary ÝEGENMYRADOW.
15
184