Söýgi hakda aýdym.
Bu aýdymy diňledi bir gyzjagaz,
Şirin sazyň owazyndan doýmady.
Eýjejik gurjagny alyp gujagna,
Bileje şatlanyp, tans oýnady.
Soň aýdymy diňledi bir ulygyz,
Diňledikçe, gara gözlerin süzdi.
Göwüni al-asmana uçup, günuzyn,
Söýgi derýasynda gulaçlap ýüzdi...
Şol aýdymy diňledi soň bir gelin,
Bir çykyp, bir girip sygmady howla.
Neçün muny diňlän bolsa-da telim,
Ýürejigi köýüp, barýardy lowlap...
Aýdymy diňledi bir garry aýal,
Ne şatlandy, ne göz süzdi, ne köýdi.
Dymyp otyr...Wah, gulagy agyr ýa?
"Balam, ýaňadan bir diňläýin!" diýdi.
Annamuhammet Kirşenow.