flowers_
05.06.2024 14:07

Dogry iýmitlenmek hakda Ibn Sinanyň pentlerinden.


▪︎Iýeniňizde işdä bilen iýiň, eger işdäňiz ýok bolsa, naharlanmakdan saklanyň. Uzak aç gezmäň, çünki açlygyň netijesinde aşgazan ýaramaz şirelerden dolýar;

▪︎Iýmiti oňat siňdirmek üçin berhiziň şu görnüşini peýdalanyň: ilki günde bir gezek, ertesi gün bolsa iki gezek — irden we agşamyna naharlanyň;

▪︎Gyşyna gyzgyn nahar iýiň, tomsuna sowuk ýa-da ýyly iýmitler bilen naharlanyň;

▪︎Göwnüçökgünlik, şeýle hem işjeň hereketde bolmazlyk iýmitiň kadaly siňmegine päsgel berýär;

▪︎Eger naharlananyňyzdan soňra gyzgynyňyz galýan bolsa, howlukman, az-azdan iýiň;

▪︎Semiz adamlara hammamdan soň dessine naharlanmak zyýanlydyr, iň gowusy, biraz garaşyň we ýatyp ukyňyzy alyň. Olara günde bir gezek naharlanmak peýdaly bolar;

▪︎Gowy naharlananyňyzdan soňra uklamak ýa-da işjeň hereketde bolmak peýdaly däldir. Şeýle hem köp suw içmäň, sebäbi suw aşgazanyň iýmiti özleşdirmegine päsgel berýär;

▪︎Adam gartaşanda iýmitini kemse ýagşy, çünki onuň bedeni üçin iýmit artykmaç ýüke öwrülýär;

▪︎Çakdanaşa köp iýmek zyýanlydyr. Ol iýmitiň siňmegini kynlaşdyrýar we aşgazanda çig şireleriň mukdaryny köpeldýär. Netijede içege ýollary dykylýar, ynsan ysgyndan gaçýar hem-de podagra ýaly birgiden keseller döreýär;

▪︎Ýeterliksiz iýmitlenme, az iýmek hem zyýanly, çünki ol adamy tapdan gaçyrýar, horlaýar, baş aýlanma döredýär;

▪︎Fiziki türgenleşiklerden, hammamdan soň açlygyňa suw içmek hem peýdaly däldir;

▪︎Eger garnyňyzy mazaly doýrup ýatan bolsaňyz, gijesine suwsap turmak tebigy ýagdaýdyr, emma beýle ýagdaýda köp suw içmän, diňe agzyňy suw bilen çaýkamak ýa-da turup arassa howada gezim etmek dogry bolar;

▪︎Suwy birbada başyňyza çekip däl-de, eýsem, az-azdan owurtlap içmek ýerliklidir.



Taýýarlan Hemra HUDAÝGULYÝEW.
25
69
flowers_
04.06.2024 23:29

TÜM GİJÄNİÑ ÝAGTYSYNDA

Tüm gijäniñ ýagtysynda,
Garabasýar,
Garahassa,
Penjeleýär garaguşum.
Niräk barýan,
Ýiten ýolum .
Dyrmalaýan ýyldyzlary.
Awusy ýüregme degýär.
Ýalñyzlygym,
Ýalñyzdygym duýup,
Gijeden gijä sümýärin.
Ýarym-tümüñ kenarynda,
Galan ýarym gözleýärin.

© Remezan MÄMETGURBANOW

30
192
flowers_
04.06.2024 19:15

Meniň aforizmlerim.


Halal husyt, sap göwünli süýthordan ýagşyrakdyr.
***
Täze günäler öňki edilmedik tobalara böwet bolýar.
***
Ötülen günäleriň öwezini täze günäler doldurmagy mümkin.
***
Özüňi hemmelerden akylly saýýan bolsaň, pikirdeşiňi tapmak kyn bolaýmasa.
***
Başardygyňça söhbetdeşiň berýän gürrüňine ynanmazçylyk etmeli däl, belki ol hakykaty aýdýandyr.
***
Bilmeseň—gepleme, bilýän bolsaň—dym!
***
Seniň üçin men—“Siz”.
***
Iň gowy jorapda-da hökman bir deşijek bolýar.
***
“Dünýäde iň owadan gyza öýlendim” diýip begenip ýördüm welin, üstesine ol akylly bolup çykdy.
***
Elbetde, ata bolmak şatlykly waka, ýöne bu aýalyň garranlygyny ýatladýar.



Kakajan Balkanow.
37
245
flowers_
03.06.2024 18:28

Meniň aforizmlerim

Suwy seňrigiňden agdyran bolsaň, agzyňy bir ýum-da!
***
Paýyş sögünýäň welin, soň şol agyz bilen nan iýmelem-ä bolarsyň!
***
Sen kölege tapýançaň Gün ýaşar.
***
Hakykaty aýtsaň kä kişi seni edepsizdir öýdýär.
***
Henege iň soňky bolup gülen, süýde siňe seredip oturan bolmagy mümkin.
***
Ýomaga iň soňky bolup gülen bar bolsa, onda ol ýomak manyly bolmagy mümkin.
***
Latyn nakyly: “Men sana in corpore sana”—Sagdyn bedende sagdyn ruh bar diýýän bolsa, onda sagdyn ruhda sagdyn paýhas hem bolmaly.
***
A gyz näçe bezenseň-da, näçe ýylmansaň-da aýnany aldap bilmersiň.
***
Içi— möjek, daşy—köşek.
***
Morta gürlänimi bilýän, ýöne kimiň öňünde ötünç sorajygymy bilemeok.
***
Bu dükanda maňa gerekmejek harytlaryň hemmesi bar.
***
Kaýyl bolmasaň ölersiň, ölmän ýörseň kaýyl bolarsyň.
***
Paýhas çäkden çykmasa-da, akmaklygyň çägi ýok.
***
Arzuwy, dilegi oýlanyp etmeli, hasyl bolmagy mümkin
***
Almany öwrenen, bermäni halamaz.



Kakajan Balkanow
26
59
flowers_
31.05.2024 17:55

A MENDE KINE ÝOK...

Uzadan ýerime ýetenok elim,
Göwnüm bolsa Kap dagyna çykypdyr.
Gelip syrtmak salyp boýnumdan telim,
Meni hatalarym dara çekipdir.

Arylar bal guýup berdiler bada,
Soňam zerzaw edip sokdy neşderin.
Ertir bagta ýetip ýylgyrsyň ýa-da,
Uzaklardan horkuldyňy eşderin.

Bilbil bolup ýetişmedik joşgunym,
Gezýärmikä özge bagda käkeläp.
Aýdyň ahyr, nirä gitdi ýaşlygym,
Meni ýeke taşlap, menden öýkeläp.

A mende kine ýok, kalbym bolsa boş,
Sähra bahar ýazan wagty halysyn.
Arzuw edýän umman gözli Ýaşylbaş,
Gelýä seniň gözleriňde galasym.



© Şähribossan GELDIMÄMMEDOWA
17
31
flowers_
30.05.2024 15:12

Pursatlarda durmuş bar



Bir adam ulagyny ussa getirip, ony bejerip bermegi haýyş edipdir. Ussa ulagyň daşyndan birki ýola aýlanypdyr-da, onuň bir näsaz ýerini «tyrkyldadypdyr» welin, ulag işläberipdir. Munuň üçin ussa ulagyň eýesinden 100 manat alypdyr. Ulagyň eýesi: «Sen diňe ulagyň bir ýerini «tyrkyldatdyň». Onuň bahasy 1 manat bolmaly ahyry» diýip geňirgenipdir. Ussa:

— Hawa, «tyrkyldyň» bahasy 1 manat. Emma niresini «tyrkyldatmalydygyny» bilenim üçin 99 manat alýaryn — diýipdir.

Bu ýönekeý bir tymsal hem bolsa, onda bir hakykat bar. Käte durmuşda bir kiçijek şowsuzlyga uçranymyzda, onuň sebäbini bilmäge çalyşýarys. Onuň ýönekeý bir sebäbiniň bardygyny bilýärsiňizmi?! Biz diňe kakmaly gapymyzy ýalňyşýarys, özge gapyny «tyrkyldadýarys». Biziň ätmeli bosagamyzyň başga ýerlerde bolmagy mümkin ahyry.



Goçmyrat ORAZBERDIÝEW.
28
120
flowers_
29.05.2024 11:06

Aşgabat taryhynyň ýatdan çykarylan we az bilinýän sahypalary.




Surat: Merkezi Aziýanyň demir ýol dolandyryş binasy, Askhabad (häzirki Aşgabat), Türkmenistan


Ynkylapdan öňki döwürde neşir edilen Merkezi Aziýa demirýolunyň şekillendirilen gollanmasy aşakdakylara şaýatlyk edýär. Şol döwürdäki Askabadyň (häzirki Aşgabat) iň görnükli binalaryndan aýratyn belläp bileris: Merkezi Aziýa Demirýol Dolandyryşynyň, Kaspi Transmilli Gümrük etrabynyň, Gazna we Russiýa-Aziýa Bankynyň şahamçasynyň binalary. Bilim edaralarynyň binalaryndan: gimnaziýa (erkek we aýal) we tehniki demir ýol mekdebi.

Şol döwürde Askabadyň sebitiň ylmy merkezi bolandygy sebäpli, beýleki ilatly nokatlar bilen deňeşdirilende köp sanly okuw jaýy bardy, emma bilim we hünär almak isleýän ilatyň isleglerini kanagatlandyrmadylar islendik hünärde. Populationerli ilatdan mugallymlary taýýarlamak maksady bilen, Türküstan mugallymlar seminariýasynyň synplarynda we şol bir mukdarda Askhabad Zemstwoda bäş sany döwlet stipendiýasyny döretmek kararyna gelindi.

Askhabadyň özi gowy goralýan şäherdi. Iki tarapynda bir agaç bilen hatara düzülen göni giň köçeler, käbir köçelerde - iki we üç hatar.

Greenaşyllygyň bollygy howlularyň içinde ýaşaýyş jaýlaryny gurmak tejribesinden daşlaşmaga mümkinçilik berdi. Täze binalar köçä çykyp başlady. Gaty binagärlik talaplaryna laýyk gelýän jaýlar peýda boldy. Mysal üçin, ýokarda ady agzalan bilim edaralary (gimnaziýalar), Gyzyl Haç jemgyýetiniň öýi, Harby we welosiped klublarynyň binalary.

Täze dörän tozan, ýörite hakyna tutulan işçiler tarapyndan garymlardan suw siňdirildi.

Suwuň ýetmezçiligi köçeleri diňe belli bir wagtdan soň suwarmaga mümkinçilik berdi. Soňra Askhabad iki dag derýasynyň suwy bilen suwaryldy: Aşhabadka we Keşinki, bu suw şäheri suwarmak üçin ulanylýar. Kariz suwy içmek üçin ulanylýar.

Köçe yşyklandyrylyşy kerosin-ýylylyk çyralary bilen üpjün edildi.

Şäherde iki sany gazet çap edildi: “Transkaspiýa syn” (K. Oedorowa) we “Askhabad” (Z. Dhavronowa). Gazetler hususy çaphanalarda çap edildi.

Şäherde dört klub bardy: ikisi ýokarda sanalandyr, şeýle hem “Sport” we “Iňlis” bardy. Emma iň amatlysy “Harby” we “Tigir”. Olarda giň zallar bardy, käwagt toparlara baryp, aýdymçylary gezelenç edip çykyşlara uýgunlaşdyryldy. Dobrohanskaýa sirkiniň binasy hem şol maksatlar üçin ulanyldy. Bu desgalara baryp görmek gaty gymmat bolansoň, ýönekeý ýaşaýjylar “Elzhe”, “Modern” we “Sungat” kinoteatrlarynyň hyzmatlaryndan peýdalanýardylar. Ikinjisi, iň gowusy hasaplandy.

Askhabadda köp dürli ösümlikli we giň gül bagy bolan şäher bagy, şeýle hem şahyryň ýadygärligi bolan “Kozelkowskiý” we “Puşkinskiý” meýdançalary bardy.

Kaspi sebitiniň dolandyryş gurluşynyň merkezi bolan şäheriň aýratyn şertleri, içerki we daşarky söwdanyň merkezi bolmagyna goşant goşdy. Bu bolsa öz gezeginde dürli ugurly köp sanly söwda kärhanalarynyň döremegi üçin şert döretdi.

Olaryň diňe birnäçesini bellemelidiris: Kruglowyň dükanlary, Medwedewiň we Gyulnazarowyň taýýar eşikleri, Sadykowyň we usunusowyň halylary. Moda we haberdashery önümleri - Petrosýantlar. Konditer önümleri dükanlary - Poteryakhina we Grigoriýewa. Kanselýariýa enjamlary - Sorokina we Osokina. Kaçaçewiň we Kerimowyň gap-gaç we lampa dükanlary. Mebel dükanlary - Gaýamowa. Pawlotskiniň dermanhanalary. Sabyn fabrigi Ter-Mikirtýew. Butuzow kerpiç zawody. Deri we hek-Popowa. Un degirmeni - Awetisowa.

Askabaddaky lukmançylyk edaralarynyň arasynda şäher we demir ýol hassahanalary, harby keselhana, Minkewiç gidropatiki klinikasy we lukmanlar üçin hususy ambulatoriýalar bar.

Askhabadyň golaýynda çagalar baglary bolan bagbançylyk, bagbançylyk we üzümçilik mekdepleri bardy.

Aşgabadyň taryhy uzakdan gözbaş alyp gaýdýar we hödürlenýän zatlar garaşsyz bitarap Türkmenistanyň paýtagtynyň geçmişiniň diňe ujypsyzja bölegidir.



Allaberdi Niýazow.


Makala 2024-nji ýylyň 25-nji maýynda “Türkmenistan: Altyn Asyr” web sahypasynda çap edildi.
24
87
flowers_
28.05.2024 18:24

Ynam deňzinden damjalar.



Kämillige barýan ýol özüňe bolan ynamdan başlanýar.
***

Adamyň özüne bolan ynamy, beýik işlere girişmegiň ilkinji şertidir.
***

Üstünligiňiziň beýikligi, özüňize bolan ynamyňyzyň ululygyny görkezýär.
***

Ýüreginiň we akylynyň uçgunyna ynanmaýanlar, üstünlik oduny ýakyp bilmezler.
***

Özüňe bolan ynamy gazanmagyň ýeke-täk ýoly — durmuşyňda “Men başarmaryn” diýen söze orun bermezlikdir.
***

Edip biljegiňize ynansaňyz, başararsyňyz, edip biljegiňiz hakda pikir edýän bolsaňyz, onam başararsyňyz.
***

Başgalaryň size ynanmagyndan öň, siz, ilki bilen, özüňize ynanmaly.
***

Hiç hili merdiwan bolmasa-da, özbaşyňyza dyrmaşmany öwrenmelisiňiz.
***

Ýeke özüňiziň çykan ýoluňyzdaky iň gowy ýoldaşyňyz özüňize bolan ynamyňyzdyr.
***

Üstünlik ukyp bilen däl, isleg hem-de ynam bilen döredilýär.





Taýýarlan: Gurbansähet.
23
101
flowers_
28.05.2024 11:07

Lew Tolstoýyň durmuş kadalary

Beýik rus ýazyjysy Lew Tolstoý 22 ýaşynda öz durmuşy üçin kada-kanunlar düzýär we oňa bütin ömründe amal edip gezýär.





Näçe baý bolsaň-da, durmuş terziňi özgertme.

* * *

Şöhrat üçin harajat sarplama.

* * *

Bir özüň hötdesinden gelip biljek işiňe ikinji birini goşma.

* * *

Hiç haçan syrlaryňy äşgär etme.

* * *

Her gün agşam gündiz öwrenenleriňi gaýtala.

* * *

Artykmaçlyk edýän zadyňy özüň üçin däl-de, jemgyýetiň üçin ulan.

* * *

Ýagşylyk etmäge mümkinçilik gözle.

* * *

Gowy adam bol we gowulygyňy özgelere bildirmezlige çalyş.

* * *

Hemmeleri deň derejede gowy gör, bu söýgüden özüňem çetde galma.

* * *

Halkyň söýgüsi üçin ownujak duýgularyňdan ýüz öwür.

* * *

Şert näçe kyn boldugyça, hereketiňi hem şonça güýçlendir.

* * *

Özüň bilmeýän ýa-da tanamaýan adamyň öwgüsini almazlyga çalyş.

* * *

Her bir zada her tarapdan nazar sal — peýdasyny hem, zyýanyny hem.

* * *

Ýadawlygyňy başgalara bildirme.

26
129
flowers_
27.05.2024 23:15

Ýalňyşýar söýgüden bagtyn agtaran...


Seni tapyp, men özümi ýitirdim,
Ömrümiň ýaryna çeken gözlegde.
Men öz belet şäherimde azaşdym,
Azaşdym men seniň gara gözleňde.


Bilemok ýüregňe barýan ýoly men,
Hem tapamok barýan ýoly tünegme.
Adam aljyrarmyş bagty ýatanda,
Aljyrarmyş adam bagty çüwende.


Bu bagtmy ýa betbagtlykmy, kim bilýär?
Ýalňyşýar söýgüden bagtyn agtaran.
Ejizdir öz betbagtlygna ynanan,
Bagtly däldir: “Bagtly men” diýp magtanan.


Söýgüde bagtam ýok, betbagtlygam ýok,
Söýgi diňe salýar ýürege dowul.
Şoň üçinem yşkyň ýoly kötelli,
Şoň üçinem yşkyň kadasy ýowuz.


Gözleri ümezlär yşka düşeniň,
Açyk gözler aýdyň ýoly saýgarmaz.
Yşk bir ýowuz dertdir, bu derde ýolgan
Ýaryň wysalyna ýetmän aýňalmaz.


Men aýňalman, halas boljak bolamok.
Ýokdur yşk derdine ýolugyp ölýän.
Ýüregime täze ýara salsa-da,
Bu sataşan derdim köne dert örän.



Atamyrat ATABAÝEW
Türkmenistanyň halk ýazyjysy

26
47