flowers_
05.06.2024 14:07

Dogry iýmitlenmek hakda Ibn Sinanyň pentlerinden.


▪︎Iýeniňizde işdä bilen iýiň, eger işdäňiz ýok bolsa, naharlanmakdan saklanyň. Uzak aç gezmäň, çünki açlygyň netijesinde aşgazan ýaramaz şirelerden dolýar;

▪︎Iýmiti oňat siňdirmek üçin berhiziň şu görnüşini peýdalanyň: ilki günde bir gezek, ertesi gün bolsa iki gezek — irden we agşamyna naharlanyň;

▪︎Gyşyna gyzgyn nahar iýiň, tomsuna sowuk ýa-da ýyly iýmitler bilen naharlanyň;

▪︎Göwnüçökgünlik, şeýle hem işjeň hereketde bolmazlyk iýmitiň kadaly siňmegine päsgel berýär;

▪︎Eger naharlananyňyzdan soňra gyzgynyňyz galýan bolsa, howlukman, az-azdan iýiň;

▪︎Semiz adamlara hammamdan soň dessine naharlanmak zyýanlydyr, iň gowusy, biraz garaşyň we ýatyp ukyňyzy alyň. Olara günde bir gezek naharlanmak peýdaly bolar;

▪︎Gowy naharlananyňyzdan soňra uklamak ýa-da işjeň hereketde bolmak peýdaly däldir. Şeýle hem köp suw içmäň, sebäbi suw aşgazanyň iýmiti özleşdirmegine päsgel berýär;

▪︎Adam gartaşanda iýmitini kemse ýagşy, çünki onuň bedeni üçin iýmit artykmaç ýüke öwrülýär;

▪︎Çakdanaşa köp iýmek zyýanlydyr. Ol iýmitiň siňmegini kynlaşdyrýar we aşgazanda çig şireleriň mukdaryny köpeldýär. Netijede içege ýollary dykylýar, ynsan ysgyndan gaçýar hem-de podagra ýaly birgiden keseller döreýär;

▪︎Ýeterliksiz iýmitlenme, az iýmek hem zyýanly, çünki ol adamy tapdan gaçyrýar, horlaýar, baş aýlanma döredýär;

▪︎Fiziki türgenleşiklerden, hammamdan soň açlygyňa suw içmek hem peýdaly däldir;

▪︎Eger garnyňyzy mazaly doýrup ýatan bolsaňyz, gijesine suwsap turmak tebigy ýagdaýdyr, emma beýle ýagdaýda köp suw içmän, diňe agzyňy suw bilen çaýkamak ýa-da turup arassa howada gezim etmek dogry bolar;

▪︎Suwy birbada başyňyza çekip däl-de, eýsem, az-azdan owurtlap içmek ýerliklidir.



Taýýarlan Hemra HUDAÝGULYÝEW.
25
69
flowers_
6 Iýun 2024
flowers_
5 Iýun 2024
@manolya, aşgazanyñdan), poka
manolya
5 Iýun 2024
@flowers_, giden bolaýyn 🙆 gelerin )sag bol
manolya
5 Iýun 2024
@flowers_, 🤔 men kimden görsemkäm onda 😂😂
flowers_
5 Iýun 2024
@manolya, koynege sygmasak sendendir😁
manolya
5 Iýun 2024
@flowers_, näme gabat gelselaý 😂 köke ...keks
flowers_
5 Iýun 2024
@manolya, eýle beýlañ gõk onum bolsa bolýa welin, men ýaly köke, keks iýýane kyn😁
manolya
5 Iýun 2024
@flowers_, 🤔😅
flowers_
5 Iýun 2024
@manolya, peýdaly maslahat eyle beýlañ😄
manolya
5 Iýun 2024
Suwy oturyp 3 gezek owurtlap içmeli .
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.