flowers_
30.05.2024 15:12

Pursatlarda durmuş bar



Bir adam ulagyny ussa getirip, ony bejerip bermegi haýyş edipdir. Ussa ulagyň daşyndan birki ýola aýlanypdyr-da, onuň bir näsaz ýerini «tyrkyldadypdyr» welin, ulag işläberipdir. Munuň üçin ussa ulagyň eýesinden 100 manat alypdyr. Ulagyň eýesi: «Sen diňe ulagyň bir ýerini «tyrkyldatdyň». Onuň bahasy 1 manat bolmaly ahyry» diýip geňirgenipdir. Ussa:

— Hawa, «tyrkyldyň» bahasy 1 manat. Emma niresini «tyrkyldatmalydygyny» bilenim üçin 99 manat alýaryn — diýipdir.

Bu ýönekeý bir tymsal hem bolsa, onda bir hakykat bar. Käte durmuşda bir kiçijek şowsuzlyga uçranymyzda, onuň sebäbini bilmäge çalyşýarys. Onuň ýönekeý bir sebäbiniň bardygyny bilýärsiňizmi?! Biz diňe kakmaly gapymyzy ýalňyşýarys, özge gapyny «tyrkyldadýarys». Biziň ätmeli bosagamyzyň başga ýerlerde bolmagy mümkin ahyry.



Goçmyrat ORAZBERDIÝEW.
28
119
flowers_
3 Iýun 2024
@lavinya_, dogry aýdypdyr
lavinya_
3 Iýun 2024
Niresini tyrkyldatmalydygyby bilenin üçin 99 manat ( Biri serçänem gassap soýsa ýagşy diýipdi öňuräk )
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.