flowers_
28.05.2024 11:07

Lew Tolstoýyň durmuş kadalary

Beýik rus ýazyjysy Lew Tolstoý 22 ýaşynda öz durmuşy üçin kada-kanunlar düzýär we oňa bütin ömründe amal edip gezýär.





Näçe baý bolsaň-da, durmuş terziňi özgertme.

* * *

Şöhrat üçin harajat sarplama.

* * *

Bir özüň hötdesinden gelip biljek işiňe ikinji birini goşma.

* * *

Hiç haçan syrlaryňy äşgär etme.

* * *

Her gün agşam gündiz öwrenenleriňi gaýtala.

* * *

Artykmaçlyk edýän zadyňy özüň üçin däl-de, jemgyýetiň üçin ulan.

* * *

Ýagşylyk etmäge mümkinçilik gözle.

* * *

Gowy adam bol we gowulygyňy özgelere bildirmezlige çalyş.

* * *

Hemmeleri deň derejede gowy gör, bu söýgüden özüňem çetde galma.

* * *

Halkyň söýgüsi üçin ownujak duýgularyňdan ýüz öwür.

* * *

Şert näçe kyn boldugyça, hereketiňi hem şonça güýçlendir.

* * *

Özüň bilmeýän ýa-da tanamaýan adamyň öwgüsini almazlyga çalyş.

* * *

Her bir zada her tarapdan nazar sal — peýdasyny hem, zyýanyny hem.

* * *

Ýadawlygyňy başgalara bildirme.

26
127
gul_je
29 May 2024
@Arzuw_Owezova_, Toya tayyarlyk
gul_je
29 May 2024
@Arzuw_Owezova_, Gowy hudaya şükür sen nahili howalay yıldım oza basagayrak
flowers_
28 May 2024
flowers_
28 May 2024
@Tayler, 👍
Tayler
28 May 2024
@flowers_, oki ýene bir gezek gutlaýan
flowers_
28 May 2024
@Tayler, ýok, ýerbe ýer entegä
Karaleva_
28 May 2024
@flowers_, ha dogry
Tayler
28 May 2024
@flowers_, öňkileň işden gideni bamy?
flowers_
28 May 2024
@Karaleva_, sagbol, menem ýañyrak bellendim)
Karaleva_
28 May 2024
Gutlyş yenne wezipan 🤦🏻‍♀️ şu wagt gordum
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.