flowers_
28.05.2024 18:24

Ynam deňzinden damjalar.



Kämillige barýan ýol özüňe bolan ynamdan başlanýar.
***

Adamyň özüne bolan ynamy, beýik işlere girişmegiň ilkinji şertidir.
***

Üstünligiňiziň beýikligi, özüňize bolan ynamyňyzyň ululygyny görkezýär.
***

Ýüreginiň we akylynyň uçgunyna ynanmaýanlar, üstünlik oduny ýakyp bilmezler.
***

Özüňe bolan ynamy gazanmagyň ýeke-täk ýoly — durmuşyňda “Men başarmaryn” diýen söze orun bermezlikdir.
***

Edip biljegiňize ynansaňyz, başararsyňyz, edip biljegiňiz hakda pikir edýän bolsaňyz, onam başararsyňyz.
***

Başgalaryň size ynanmagyndan öň, siz, ilki bilen, özüňize ynanmaly.
***

Hiç hili merdiwan bolmasa-da, özbaşyňyza dyrmaşmany öwrenmelisiňiz.
***

Ýeke özüňiziň çykan ýoluňyzdaky iň gowy ýoldaşyňyz özüňize bolan ynamyňyzdyr.
***

Üstünlik ukyp bilen däl, isleg hem-de ynam bilen döredilýär.





Taýýarlan: Gurbansähet.
23
101
flowers_
29 May 2024
@lavinya_, minnetdar!💜
lavinya_
29 May 2024
Ýeriii Gutlayan 🌹🦋:)@flowers_,
lavinya_
29 May 2024
@flowers_, yrsarama diýseňizläň 😁
flowers_
29 May 2024
@lavinya_, indi gaýtalaman🥲
lavinya_
29 May 2024
@flowers_, Yoo 😢
flowers_
29 May 2024
@lavinya_, buşlamana bardym welin, eşitmediñmi😁
lavinya_
29 May 2024
@flowers_, Maňa aýtmadyyň 😕
flowers_
29 May 2024
@lavinya_, 🙈😂
lavinya_
29 May 2024
Nämeler bolupdyr 😲)
flowers_
29 May 2024
@sadajaaa, sagbol 😊
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.