enes_∞
12.10.2024 00:04
MAÝYP
2-nji BOLUMİ
Ol bolsa henizem pikirlenýär, çagalygyny ýatlaýar. Hawa ol
çagalygyny ýatlaýar eger oňa çagalyk diýip bolýan bolsa. Iller çagalygyny ýatlasa ilkinji geýen köýnegini, ilkinji geýen köwşüni ýa-da ilkinji oýnan oýunjagyny ýatlar. Ýa bolmasa-da ilkinji mekdebe baryşy, ejesi, kakasy bilen gezelenje
giden ýerlerini ýatlar. Ol bolsa daýzasynyň gyzynyň geýýän köwüşleri könelensoň şolary iki gat jorap bilen geýişi, özüne uly bolan eşikleriň ýeňlerini çermäp geýişi göz öňüne geldi. Şonda-da ol mekdebe barýanyna begenýädi. Sebäbi diňe şol ýerde ol özüni arkaýyn duýýardy. Onuň çagalygyndaky iň gowy pursatlary diňe şol kiçijek oba mekdebinde bolupdy. Oňa mugallymlaryň öwgüli sözleri, alýan oňat bahalary teselli berýärdi.
Mähelle dargady. Ol bolsa henizem şol ýerde, henizem geçmişinden çykyp bilenok. Bir tarapdan özüniň aglap bilmän oturşuna gahary gelýädi.
Dogry-da, kakasy aradan çykarda haýsy gyz perzent aglaman durar?! Birdenem mugallymynyň: “Maýyplyk diňe beden taýdan bolmaýa. Ruhy maýyplyk hem bolup biler. Ýüreginde duýgusy ýok adamyň maýypdan tapawudy ýok.” diýen sözleri ýadyna düşdi. Ol özüniň name üçin aglap bilmän oturanyna göz ýetirdi. Ýüreginde hiç hili duýgy galmadygyna düşündi. Ol çaga bolmady, ullakan çaga boldy. Özi sagdyn emma ruhy maýyp çaga boldy. Ýeri, onuň günäsi näme?!
© Aýsapar EMELOWA.
Soñy
13
61
enes_∞
11.10.2024 23:58
MAÝYP
1-nji BOLUMİ
Ol doguldy we ulaldy. Dogulmak bilen ulalmagyň arasyndaky çagalyk wagtlary hakda onuň ýatlasam gelenokdy. Ýatlasa diňe kakasy göz öňüne gelýärdi. Ýogsa-da onuň bu gün kakasy aýryldy. Mähelle üýşdi öýüne. Perzent hökmünde kakasynyň baş ujuna geçip aglamalydy welin ol jaýyň bir burçuna geçip otyrdy. Şol jaýyň şol burçy, hemişeki gizlenilýän burç. Göýa ol burç ony ähli howp-hatardan goraýan ýalydy. Näçe daňlar agarypdy ol burçda. Kakasynyň aýlyganç sesinden gorkup, ejesiniň yzyny üzmän, gygryp aglaýyşlaryndan gaçyp sygynylýan ýerdi ol ýer. Bu gün kakasy şol jaýda, şol ýatýan ýerinde ýene ýatyr. Onda bolsa şol çagalykdan galan gorky bar. Kakasynyň ýanyna barsa ýene ony elinden tutup süýräp zyňaýjak ýalydy.
Tabydy galdyrmalydy. Ýöne hiç kim el urasy gelenok. Ol pikirlerinden daşlaşyp töweregine göz aýlady. Biri kellesi bilen ümlese, beýlekisi göz-gaşy
bilen ümleýär. Biri-birine salyşyp durlar. Şol wagt ejesi:
---Ölýänçä-hä süýrediňiz, indi tabyt götermäge gezek gelende bir-biriňize salýaňyzmy?
---Bagyşlaň ýeňňe – diýip gapdalda duranlaryň biri tabyda tarap ýöredi. Ondan soň ýene ik-üç sany adamlaryň hersi bir tarapyndan tutup tabydy galdyrdylar.
Tabyt galdy, ol bolsa tabydy galdyran adamlara seredip ýene oýlandy.. Hawa, bular şol adamlar. Kakasy lul-gammar serhoş bolan wagty şol
adamlar getirýädi öýüne. Bu gün ýene şolar iň soňky ýola alyp barýar. Täsin dünýe...
Ses etdiler...
---Waý, doganjygym gitd-ä-ä-ä...
---Waý, arkamyň dagy gitd-ä-ä-ä...
---Waý, oglum, söýenjim, daýanjym gitd-ä-ä-ä...
Tabyt salynan ulag ýuwaşyk bilen gözden ýitdi. Sesler bolsa heniz ýatanok. Garry enesi henizem: “Wah, oglum gitd-ä-ä-ä, söýenjimdi, daýanjymdy” diýip ses edip aglaýady. “Özüni söýäp bilmeýän adam seni nädip söýesin ene?! Özün dälmi: “Ölmedem, dynmadymam” diýip ýören?!” diýesi geldi. Ýöne dymdy. Şol wagt:
---A, gyz ataň öldi, ataň. Nä ýedi ýadyň aýadyna geldiňmi? Ýalandan bolsa-da aglan bolarlar. Eý heleý, gyza nähili terbiýe berdiň sen? – diýip kakasynyň
aýal dogany gygyrmaga durdy. Ol sesini çykarmady, özüne diýilmeýän ýaly äwmezçilik etdi.
---Gyz meňki, nähili terbiýelejegimi senden soramaryn. Çagada ýürek goýduňyzmy gyýylyp aglar ýaly. Çagalykdan görýäni uruş, taýak, sögünç. Mähir görüpdirmi çagam. Ne il hatary okuw okady, ne il hatary garny doýdy çagamyň. Ne il hatary geýim geýdi. Atasy tapanyny serhoşlardan geçirdi. Iller bir manat tapsa öýüne elter. Ol tapanyny köça taşlady. Humar oýnady. Kim gürlese-de sen gürleme – diýip ejesi içigip-içigip aglady.
13
71
enes_∞
11.10.2024 13:06
![]()
Häzirki eneler üçin taým-menejment: maşgalany, çagany we işi nädip utgaşdyrmaly
Häzirki zaman dünýäsinde zenanlaryň durmuşyny hem maşgala, hem zähmet ýoly bilen utgaşdyrmaga mümkinçilik bardyr. Olar bu ýagdaýda iki ugurda hem üstünlikli netije gazanyp, özlerini hem ýatdan çykarmaýarlar. Köp işli bolmak zenan üçin adatça kadaly ýagdaý, ýöne olar özlerini kämilleşdirmegi maşgala durmuşy bilen nädip sazlaşykly utgaşdyryp bilerler? Munuň üçin käbir zatlary bilmek zerurdyr.
Wagty ulgamlaşdyrmak we guramak. Şahsy gün tertibiňi düzmek — täsirli usul bolup, şu ýagdaýlara ýardam edýär:
işleri möhümligine görä yzygiderlilikde hepde we aý üçin meýilleşdirmäge;
möhüm çärelere taýýarlyk görmäge (maşgala derejesinde ýa-da oturyşlyk ýaly) hem-de ähli işleri guramagy ýetişmäge.
Çaga bilen kadaly, dogry wagt geçirmek. Işleýän her bir enä çagasy bilen geçirýän wagtynyň sanyna däl-de, şol sarp edilýän wagtyň hiline ähmiýet bermek zerurdyr.
Çagaňyza ir säherden başlap wagt sarp etjek boluň (iň bolmanda 10-15 minut). Bütin günüň dowamynda çagaňyz bilen jaňlaşyp bilseňiz has gowy bolar. Işden geleniňizden soň bolsa, telefonuňyzy öçürip, çagalaryňyz bilen günüňiziň nähili geçendigi barada pikir alşyň.
Çagaňyz bilen has ýakyn gatnaşyk saklamaga bilelikde edilen iş hem mümkinçilik berýär. Oňa kitap okamak, bir zady bile taýýarlamak, gezelenç we ş.m degişli bolup biler. Maşgalany bilelikde geçirilen dynç günlerem örän jebisleşdirýär.
Özümize wagt tapmaly. Ýadaw we sussupes ene çagalaryny nädip begendirip biler öýdýärsiňiz? Hut şonuň üçinem zenan maşgala işden we hojalygyň işlerinden ünsüni sowup, dynç almalydyr. Munuň üçin gözellik salonlaryna gidiň, joralaryňyz bilen duşuşyň, suwa düşüň, iň halaýan aýdymyňyzy diňläň we şular ýaly keýpiňizi çaglap biljek zatlara gümra boluň.
Has agyr düşjek işleri etjek bolmaň. Köp işi bir wagtda etjek bolmak emosional dartgynlylyga, hatda has uly ýaramaz täsire getirip bilýär. Käbir işleriňizi ýanýoldaşyňyza ynanyň, az-kem ene-atalardan kömek soraň.
Balans tapmaga synanyşmak gaz plitasynyň dört gözi baradaky teoriýada ýardam eder. Rus psihology, mugallym we «SelfMama. Işleýän ene üçin laýfhaklar» atly kitabyň awtory Lýudmila Petranowskaýa bu teoriýany şeýle düşündirýär:
«Gazyň dört gözüni ýada salýan, durmuşymyzyň esasy ugurlary bolan dört sany esasy zady — maşgalany, işi, saglygy hem-de dynç almagy ot diýip göz öňüne getirsek, olaryň ählisini birden ýakmaly däldigine düşünmelidiris. Ýogsam, beýle uly ýangynda nämedir bir zada ot düşmegi mümkindir».
Getirilen mysaldan görnüşi ýaly, zenan bu «otlaryň» ýanyş derejesini, haýsysyny güýçlendirmegi, haýsy birini peseltmegi öwrenmelidir. Şeýdibem, ol gündelik durmuşynda hojalygy, işi we özüne sarp etjek wagtyny kadalaşdyrýar.
Söýgi, goraglylyk we enäniň her demde goldaw berip durmagy çaga üçin örän möhümdir, ol adamyň geljekki durmuş ýoluny kesgitläp bilýär. Bu köp sanly işler maşgalada enä uly jogapkärligiň düşýändigini görkezýär. Ähli eneleriň hökmany suratda bilmeli zady — özüne üns berip, saglygyny, nerw ulgamyny kadaly saklamagyň daşky gurşaw bilen, adamlar bilen gatnaşmakda iň möhüm zatdygyna akyl ýetirmegidir.
Turkmenportal
11
70
enes_∞
08.10.2024 21:54
![]()
Daş-kagyz-gaýçy oýunyny nädip ýeňmeli ? Oýunyň taryhy
2 ýa-da ondan köp oýunçynyň 3 ähtimallykdan birini (daş, kagyz ýa-da gaýçy) saýlap, ellerini ulanyp oýnaýan, bu tanymal we ýönekeý oýunyň taryhy diýseň ulydyr. Dürli kombinasýalarda oýnalýan bu oýun, ähli oýunçylar üçin ýönekeýligi sebäpli (diňe eliňi ulanmak) dünýäde giňden oýnalýar. Oýunyň kanunlary:
Kagyz daşy ýapmak arkaly utar,
Daş gaýçyny ezmek arkaly utar,
Gaýçy kagyzy kesmek arkaly utar.
Dünýäniň iň taryhy oýunlarynyň biri hasaplanylýan bu oýun, biziň eýýamymyzdan öň 200-nji ýyllarda, Hytaýda oýnanandygyny taryhçylar tarapyndan çaklanylýar. Soňra bolsa ýaponlar bu oýuny dürli görnüşlerde, daş-kagyz-gaýçy däl-de sümükli möjek-gurbaga-ýylan ýa-da awçy-arçyn-tilki ýaly görnüşlerde oýnapdyrlar. Bu oýun Ýaponiýa döwletinde giňden oýnalýandygy üçin, ýapon alymlary bu oýunda hiç utulmaýan roboty ýasadylar. Bu robot statiskalara görä däl, siziň el hereketleriňiziň sekuntda 1/1000 bölegini görüp, siziň näme ulanjagyňyzy (daş, kagyz ýa-da gaýçy) öňden bilip bilýär we oňa garşy hem şoňa görä garşylyk görkezýär.
![]()
Alymlaryň aýtmagyna görä, bu oýuny yeňmegiň bir ýoly garşyňyzdaky adamlaryň näme ulanjagyny seretmek, mimika we duýmak arkaly öňden bilmekdir. Garşyňyzdaky adamyň näme ulanjagyny bilseňiz, siz hem şoňa garşy el hereketi saýlap utup bilersiňiz.
Başga ýoly hem, hytaýly psihologlaryň aýtmagyna görä, oýunçylaryň geçen tapgyrdaky oýunyň el hereketlerinden täsirlenýändikleridir. Ýagny, umuman alanyňda oýunçylar eger-de utsalar, indiki tapgyrda ýene-de şol bir el hereketini ullanar, eger-de utulsalar indiki tapgyrda el hereketini üýtgeder.
Siz öz döredijiligiňiz bilen daş-kagyz-gaýçy däl-de başga ulanyjylary girizip bilersiňiz!
16
228
enes_∞
07.10.2024 10:24
![]()
Dünýäniň iň abraýly baýraklary
Nobel baýragy
Şwesiýaly meşhur alym Alfred Nobeliň adyny göterýän bu abraýly baýrak dünýäniň iň abraýly baýraklarynyň biridir. Alym öz oýlap tapyşlarynyň üsti bilen gumanitar ylmy tagallalary höweslendirmek isläpdir, şol sebäpli hem baýlygynyň agramly bölegini bu baýragy maliýeleşdirmek üçin sarp edipdir. Nobel baýragy ilkinji gezek 1901-nji ýylda gowşurylyp, häzirki wagtda ykdysadyýet, ekologiýa, himiýa, fizika, parahatçylyk, edebiýat, fiziologiýa we lukmançylyk ugurlary boýunça uly işleri bitiren adamlara berilýär.
![]()
Oskar baýragy
Kino äleminiň iň abraýly baýragy bolup, ol 1929-njy ýyldan bäri berilýär. Bu abraýly baýragy almak kino sungatynyň belli aktýorlarynyň, aktrisalarynyň arzyly baýragydyr.
![]()
Grammy baýragy
Bu baýrak 1959-njy ýyldan bäri aýdym-saz sungaty boýunça görnükli işleri alyp baran adamlara berlip gelinýär. Baýragyň gowşulylyş dabarasy bu sungatyň iň uly baýramçylyk agşamy hökmünde bilinýär.
![]()
Booker baýragy
1969-njy ýyldan bäri gowşurylyp gelinýän bu baýrak örän abraýly baýraklaryň biri bolup, hatda baýragy alman, onuň dalaşgärleriniň sanawyna girmeklik hem uly dereje hasaplanylýar. Ol iňlis dilinde gürleýän ýurtlaryň ‘Iňlis dilindäki iň gowy roman” ugry boýunça geçirilip, hödürlenýän eserler, kitaplar diňe Beýik Britaniýada hem-de Irlandiýada çap edilen bolmalydyr.
![]()
Brits baýragy
Meşhur baýrak Beýik Britaniýanyň iň abraýly we ähmiýetli baýraklarynyň biri bolup, ol 1977-nji ýyldan bäri gowşurylyp gelinýär.
Palme d’Or (Kan festiwaly)
Başgaça Kan ýa-da Cannes diýlip atlandyrylýan baýrak “altyn palma” diýmekdir. 1955-nji ýyldan başlap, ol her ýyl kino režissýorlarynyň sylaglandyrylýan ähmiýetli film festiwalydyr.
![]()
Altyn Globus baýragy
Film dünýäsiniň we telewideniýe ulgamyndaky alyp baran üstünlikleri işleri üçin berilýän bu baýrak 1944-nji ýyldan bäri gowşurylýar.
Bafta baýragy
Beýik Britaniýanyň kino we telewideniýe sungaty akademiýasy tarapyndan badalga berilýän bu baýragyň gowşurylyşy, esasan, fewral aýynda geçirilýär.
![]()
Pulitser baýragy
Gazet-žurnal, onlaýn žurnalistika, aýdym-saz we edebiýat ugurlarynda 21 kategoriýa boýunça berilýän bu baýrak belli žurnalist Josef Pulitser tarapyndan döredildi. Baýragyň gowşurylyş dabaralary ABŞ-nyň çäklerinde geçirilip, ýeňijiler ýörite sertifikat, altyn medal we pul baýraklary bilen sylaglandyrylýar.
Türkmengazet:
13
123
enes_∞
06.10.2024 16:48
![]()
∞Ömrüm hakda oýlanyp∞
Kalendarda gün kän, emma belli seneler sanaýmalyja, durmuşda gapy köp, emma başa iş düşende kakjagym sanaýmalyja, dünýäde millionlarça gyz bar, emma söýýän gyzym sanaýmalyja däl, ol ýekeje.
***
Gapyny gulplap gaýdýan. Ýöräp ugranymdan soň, köplenç yzyma gaýdyp onuň gulplanandygyny täzeden barlaýan. Göwnüme käbir unutmak isleýän zatlarym hem gulplanandygyna şübhelenýän gapym ýaly. Her sapar unutmaga başlanymdan soň yza dolanyp, onuň ýoklugyna ýene has anyk göz ýetirjek bolýan. Şeýdibem ýene ýatlaýan.
***
Geljegini oňat gurmaga wagty bolmady. Çünki bolanja wagtyny geçenleri ahmyr etmäge bagyşlady.
***
Şeýle bir gidip barýardy, başarsa garda galan aýak yzlaryny-da özi bilen alyp gitjekdi.
***
Ýitireniňden soň gadyryny bilmegiň berýän yzasy, gadyryny bilýän zadyňy ýitireniňde döreýän dertden has ýeňildir.
***
Erteki diýen söz ertirki diýen söze meňzeşdigine garamazdan hemişe düýnki wakany gürrüň edýär. Durmuşda-da şeýle, meselem: çagalyk.
***
Gije garalmasa ýyldyzlar, gündiz agarmasa gül ýüzler, görünmezdi. Hemme zat ýerinde ýagşy.
***
Öňler oňa jaň edemde diňe belgim ýazylýardy. Köp wagt geçdi. Indi name üçin jaň edýändigim hem ýazylýan ýaly.
***
Şeýle bir harasat turdy weli Ýer öz sapagyndan tänjek göründi.
***
Aýdylmaly hoş sözleri soňa goýmalyň. Gar diňe galan işe ýaganok.
***
“Eger geçmişimi redaktirläp bolýan bolsady, onda redaktirlenmedik sanaýmalyja sahypa galardy” diýdi. (Ol sanaýmalyja sahypa bolsa düýbünden aýryp, täzeden ýazylmaly sahypalardy)
Seýran SEÝITMÄMMEDOW.
10
87
enes_∞
06.10.2024 11:09
![]()
Bahasyz kitabyň taryhy
Ir döwürlerde adamsy aradan çykan bir zenan maşgalanyň gün-güzerany bijaý egbar düşüp, ýanýoldaşyndan miras galan kitaby satuwa çykarýar. Ol bir kitapşynasyň aýaly eken. Adamsy dünýäden ötmezden öň: «Juda horlanyberseň, şu kitaby sataýgyn, emma arzan beräýmegin» diýip, zynharlap sargap gidýär. Zenan maşgala kitaby satýar, türki halklaryň bagtyna kitap tüýs hak eýesine gowuşýar. Ol kitaby okap:
— Bu kitabyň asyl bahasy tölenmeli bolsa, onda oňa dünýäniň hazynasy hem ýetmezdi – diýipdir.
Şeýlelikde, ulanyşa girmän, 830 ýyl ýatan bu diwan ylmy dünýä aralaşyp, kitabyň awtory Mahmyt Kaşgarlynyň adyny bütin dünýä meşhur edipdir. Bu kitabyň golýazmasynyň 638 sahypasy bar. Mahmyt Kaşgarly ony 1071—1072-nji ýyllarda ýazmaga başlap, 1073—1074-nji ýyllarda hem gutarýar. Mahmyt Kaşgarlynyñ işi, esasan, sözlükdir, emma käbir sözler düşündirilende, belli söze ýa-da kitabyñ belli bölümine degişli edilip, grammatik kadalar ýa-da sözleriñ etimologiýasy düşündirilýär. Şular bilen birlikde, bir topar halklaryñ atlarynyñ etimologiýasy hakda awtoryñ döwründäki ertekiler hem berilýär. Meselem, «türkmen» sözüniñ gelip çykyşy hakda III tomuñ 304— 307-nji sahypalarynda ertekiler esasynda uzyn maglumat ýazylýar.
«Diwan lugat at-türk» türkmen diline-de degişlidir, çünki awtoryñ özi şol döwürdäki türki dilleriñ hemmesiniñ materiallaryndan peýdalanandygyny köp ýerde belleýär. Mahmyt Kaşgarly türki dilleriñ biri-birinden tapawutlanýandygyny telim gezek ýatlaýar. Ol öz işinde şol wagtdaky türki dilleriñ faktlaryny (köplenç, oguz dili bilen beýleki dilleri) deñeşdirýär. Awtor oguzlary türkmen hasap edýär. Şonuň üçin «Diwanda» oguz diline degişli diýlen zatlary türkmen dili bilen hem baglanyşykly hasap etmek bolar. Mundan başga-da Mahmyt Kaşgarly käbir sözleriñ türkmençedigini aýratyn belleýär ýa-da türkmen hakynda, türkmen durmuşy hakynda aýratyn maglumat berýär. Şu zatlaryň hemmesi Mahmyt Kaşgarlynyñ «Sözlüginiñ» türkmen diline-de degişlidigine şaýatlyk edýär.
Alym, adyndan belli bolşy ýaly, Kaşgarda dogulýar, ylym-bilim alýar. Ýerligi oguz bolan alym seljuklar Bagdady basyp alyp, paýtagt edinenden soň şol ýere baryp, ylym bilen meşgullanyp başlaýar. Mahmyt Kaşgarly «Diwan lugat at-türk» atly bäş tomluk sözlüginiň birinji tomunda: «Oguzlar türkmenlerdir. Olar ýigrimi iki urugdyr… birinji baştutanlary hem kynyklardyr. Zamanamyzyň hakanlary şu kynyklar urugyndandyr» diýip ýazsa, üçünji tomunda: «Türkmenler – bular oguzlardyr» diýip has hem tekrarlaýar. Mahmyt Kaşgarly sözlüginiň başga bir ýerinde: «Men bulardan esasylaryny, ene uruglaryny ýazdym. Oguz türkmenleriniň maýda uruglaryny hem, olaryň mallaryna basylýan tagmalaryny hem ýazdym» diýip belläpdir.
Arzylanylyp, saklanylyp ýörlen şeýle kitaplar müňlerçedir.
17
98
enes_∞
05.10.2024 10:35
![]()
5-nji oktýabr —Bütindünýä mugallymlar güni
Ilkinji halypalary ýatlamak üçin ajaýyp gün
Her ýylyň 5-nji oktýabrynda «Bütindünýä mugallymlar güni» diýlip atlandyrylýan halkara güni dünýäniň dürli künjeklerinde giňden bellenilýär. Bu sene 1994-nji ýylda döredilip, häzirki wagtda dünýäniň 100-den gowrak döwletinde giňden bellenilýär. Bu halkara güni ýaş nesilleriň bilimli, ylymly, giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmekleri ugrunda zähmet çekýän mugallymlaryň edýän işlerini ýatlamak maksady bilen döredilýär.
Mugallymçylyk kyn we asylly hünärdir. Bu kär döredijilikli we gyzykly hünärleriň biridir. Biziň durmuşymyzda mugallymlaryň aýratyn orunlary bardyr. Olaryň bize berýän bilimdir maslahatlary jemgyýetde dogry ýoly saýlap almakda bize uly ýardam edýär. Mugallymyň iň ýokary sungaty döredijilikli aňlatmagyň we bilim almagyň şatlygyny oýarmak ukybydyr.
Gowy mugallym bolmak üçin öwredýäniňi hem-de öwredýänleriňi söýmeli. Bu gün mugallymlarymyza çuňňur minnetdarlyk bildirmek, hoşniýetli, adalatly we adamkärçilikli bolmagy ündeýän ilkinji halypalary ýatlamak üçin ajaýyp gün!
Bütindünýä mugallymlar güni käbir ýurtlarda dürli senelerde bellenilip geçilýär. Ýagny bu sene Hindistanda 5-nji sentýabrda, Hytaýda 10-njy sentýabrda, Germaniýa we Pakistanda 5-nji oktýabrda, Braziliýada 15-nji oktýabrda, Täze Zelandiýada 29-njy oktýabrda, Türkiýede 24-nji noýabrda we Malaýziýada 16-njy maýda bellenilýär.
Bütindünýä mugallymlar günüňiz gutly bolsun!📙📙📙
18
69
enes_∞
04.10.2024 19:03
![]()
🍂Güýz depressiýasy🍂
Häzirki zaman jemgyýetiniň ösendigine, ewolýusiýanyň we tehnologiki ösüşiň ýokary belentliklere ýetendigine garamazdan, her birimiziň abadançylygymyz howa şertlerine baglydyr. Bu howa we möwsümleýin üýtgeşmelere, esasanam, geçiş döwri — güýz aýlaryna degişlidir. Bu möwsümde gündiziň gysgalmagy, temperaturanyň peselmegi, iň köp geomagnit tupan we howanyň iň ýokary ionlaşmagy bolup geçýär. Bu bolsa elektromagnit meýdanynyň üýtgemegine sebäp bolýar.
Ýadawlyk, dowamly uky, keýpiň düýpgöter üýtgemegi, gaharlanma, umytsyzlyk, güýz depressiýasy bilen häsiýetlendirilýär. Iň stresse çydamly adamlar hem gaharlanýar. Lukmanlar bu ýagdaýyň esasy çeşmesi möwsümleýin täsirli näsazlyk hakda aýdýarlar. Olaryň pikiriçe, diňe tomus we gyş adamlar üçin kadaly howa hasaplanyp bilner. Güýz we ýaz paslyny bedenimiz üçin aňsat bolmadyk geçiş döwri hökmünde görkezýärler.
Güýz hemmämize täsir edýär. Sebäbi beden täzeden gurulmaga mejbur bolýar. Güýzüň başynda adamlarda «gyşlamak» fiziologiki mehanizmi işjeňleşýär. Köpleriň «uklamak» diýip häsiýetlendirýän ýagdaýy, bedeniň energiýany tygşytlamak prossesine sazlanandygyny görkezýär. Güýz depressiýasyndan ejir çekýän adamlar depressiw netijelere getirýän negatiw duýgulary sebäpli özlerini dolandyryp bilmeýärler. Şeýle ýagdaýlarda psihologlar näme maslahat berýärler? Olar syýahat etmegi, arassa howada gezmegi, ir turmagy we ir ýatmagy aýdýarlar. Başga-da möwsümleýin depressiýany ýeňmek üçin näme bolup biler?
Fiziki maşk. Bedenterbiýe elmydama ylham berýär. Sebäbi gözellik we saglyk! Meşhur psihoterapewt we ýazyjy Mihail Litwagyň pikiriçe, fiziki maşk göwnüçökgünlige garşy göreşmäge kömek edýär. Şeýle hem: «Depressiýa adama özi hakda pikirlenmek üçin berilýär» diýýär. Şonuň üçin güýzde öz keşbiňize üns beriň! Sport bilen meşgullananymyzda bedende madda çalşygy kadalaşýar we immunitet güýçlenýär.
Kadaly iýmit. Howanyň üýtgemeginiň adam bedenine ýaramaz täsiriniň bardygyny biz gowy bilýäris. Şonuň üçin witamine we minerallara baý täze gök önümleri we miweleri iýiň.
Gezelenç. Işden soň derrew öýe gitmäge howlukmaň, azyndan bir ýa-da iki duralga gezelenç ediň. Bu siziň emosional we beden taýdan sagdynlygyňyzy güýçlendirer.
Peýdaly reňkler. Meşhur şweýsariýaly psihoterapewt Maks Lusçeriň reňk testi boýunça mämişi, sary we gyzyl nerw ulgamyny sazlaýan we güýçlendirýän işjeň reňklerdir. Eşikleriňizi we otaglaryňyzy şeýle reňkler bilen baýlaşdyryň. Öýüňizi dürli güller we ösümlikler bilen bezäň! Şeýle-de gyzykly kitaplar okaň, degişme kinolaryny görüň, teatra gidiň. Kalbyňyza ýakyn ynsan bilen daşarda pyýada gezelenç ediň. Çagalykda eden garagollyklaryňyz, dostlaryňyz bilen geçiren gyzykly ýatlamalar, ýokary okuw jaýyna kabul edilen ilkinji günüňiz, boýnuňyzda «Talyp» ýazgyly lenta we başga-da täsirli pursatlar ýadyny açýar.
Hiç haçan göwnüçökgünlige ýol bermäň! Özüňizi dolandyrmagy başaryň. Şonuň üçin gadymy rim şahyry Horasyň «Hyýallaryňyza gözegçilik ediň. Sebäbi boýun egmese, buýruk berer» diýen paýhasly sözlerini ýada salmalydyrys. Her gün, hatda azajyk hem bolsa döredijiligiňizi ösdürmäge synanyşyň. Netijede, dünýägaraýşyňyzyň we onuň bilen bütin durmuşyňyzyň üýtgäp biljekdigine göz ýetirersiňiz.
🍂🍂🍂🍂🍂🍂🍂🍂🍂🍂🍂
10
47