Häzirki eneler üçin taým-menejment: maşgalany, çagany we işi nädip utgaşdyrmalyHäzirki zaman dünýäsinde zenanlaryň durmuşyny hem maşgala, hem zähmet ýoly bilen utgaşdyrmaga mümkinçilik bardyr. Olar bu ýagdaýda iki ugurda hem üstünlikli netije gazanyp, özlerini hem ýatdan çykarmaýarlar. Köp işli bolmak zenan üçin adatça kadaly ýagdaý, ýöne olar özlerini kämilleşdirmegi maşgala durmuşy bilen nädip sazlaşykly utgaşdyryp bilerler? Munuň üçin käbir zatlary bilmek zerurdyr.
Wagty ulgamlaşdyrmak we guramak. Şahsy gün tertibiňi düzmek — täsirli usul bolup, şu ýagdaýlara ýardam edýär:
işleri möhümligine görä yzygiderlilikde hepde we aý üçin meýilleşdirmäge;
möhüm çärelere taýýarlyk görmäge (maşgala derejesinde ýa-da oturyşlyk ýaly) hem-de ähli işleri guramagy ýetişmäge.
Çaga bilen kadaly, dogry wagt geçirmek. Işleýän her bir enä çagasy bilen geçirýän wagtynyň sanyna däl-de, şol sarp edilýän wagtyň hiline ähmiýet bermek zerurdyr.
Çagaňyza ir säherden başlap wagt sarp etjek boluň (iň bolmanda 10-15 minut). Bütin günüň dowamynda çagaňyz bilen jaňlaşyp bilseňiz has gowy bolar. Işden geleniňizden soň bolsa, telefonuňyzy öçürip, çagalaryňyz bilen günüňiziň nähili geçendigi barada pikir alşyň.
Çagaňyz bilen has ýakyn gatnaşyk saklamaga bilelikde edilen iş hem mümkinçilik berýär. Oňa kitap okamak, bir zady bile taýýarlamak, gezelenç we ş.m degişli bolup biler. Maşgalany bilelikde geçirilen dynç günlerem örän jebisleşdirýär.
Özümize wagt tapmaly. Ýadaw we sussupes ene çagalaryny nädip begendirip biler öýdýärsiňiz? Hut şonuň üçinem zenan maşgala işden we hojalygyň işlerinden ünsüni sowup, dynç almalydyr. Munuň üçin gözellik salonlaryna gidiň, joralaryňyz bilen duşuşyň, suwa düşüň, iň halaýan aýdymyňyzy diňläň we şular ýaly keýpiňizi çaglap biljek zatlara gümra boluň.
Has agyr düşjek işleri etjek bolmaň. Köp işi bir wagtda etjek bolmak emosional dartgynlylyga, hatda has uly ýaramaz täsire getirip bilýär. Käbir işleriňizi ýanýoldaşyňyza ynanyň, az-kem ene-atalardan kömek soraň.
Balans tapmaga synanyşmak gaz plitasynyň dört gözi baradaky teoriýada ýardam eder. Rus psihology, mugallym we «SelfMama. Işleýän ene üçin laýfhaklar» atly kitabyň awtory Lýudmila Petranowskaýa bu teoriýany şeýle düşündirýär:
«Gazyň dört gözüni ýada salýan, durmuşymyzyň esasy ugurlary bolan dört sany esasy zady — maşgalany, işi, saglygy hem-de dynç almagy ot diýip göz öňüne getirsek, olaryň ählisini birden ýakmaly däldigine düşünmelidiris. Ýogsam, beýle uly ýangynda nämedir bir zada ot düşmegi mümkindir».
Getirilen mysaldan görnüşi ýaly, zenan bu «otlaryň» ýanyş derejesini, haýsysyny güýçlendirmegi, haýsy birini peseltmegi öwrenmelidir. Şeýdibem, ol gündelik durmuşynda hojalygy, işi we özüne sarp etjek wagtyny kadalaşdyrýar.
Söýgi, goraglylyk we enäniň her demde goldaw berip durmagy çaga üçin örän möhümdir, ol adamyň geljekki durmuş ýoluny kesgitläp bilýär. Bu köp sanly işler maşgalada enä uly jogapkärligiň düşýändigini görkezýär. Ähli eneleriň hökmany suratda bilmeli zady — özüne üns berip, saglygyny, nerw ulgamyny kadaly saklamagyň daşky gurşaw bilen, adamlar bilen gatnaşmakda iň möhüm zatdygyna akyl ýetirmegidir.
Turkmenportal